Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 15.09.2021
2505

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B.Muhamedow bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda giň gerimli özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunda hereket edýän kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegine hem-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, gyzyklanma bildirýän taraplar, abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegine aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, adalat ministri B.Muhamedowyň hasabaty diňlenildi, ol raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramak, kanunylygy üpjün etmek üçin kanunçykaryjylyk we hukuk iş tejribesi babatda bir bitewi döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi.

Ministr hukuk ulgamynda düşündiriş işlerini netijeli utgaşdyrmak hem-de jemgyýetde kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň arasynda kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça geçirilýän çäreler hakynda habar berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hereket edýän kanunçylygy yzygiderli seljermegiň esasynda täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäde täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, energetika ulgamynda utgaşdyrma işiniň ýokary hilli alnyp barylýandygyny belledi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bu iş sebitde we tutuş dünýäde ykdysady bäsdeşligi mundan beýläk-de güýçlendirmäge ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen kanunçylyk usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistan raýatlaryň saglygyny goramak babatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar hem-de adamyň ömrüni we saglygyny gorap saklamaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz saglygy goraýyş babatda, şeýle hem bütindünýä pandemiýasy ýaly ählumumy howplara garşy göreşmek babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň eksport mümkinçiliginiň işjeň artmagy, şeýle hem ulag geçelgelerini döretmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, milli bähbitleri goramak maksady bilen, söwda we ulag syýasaty babatda zerur hukuk namalaryny taýýarlamagyň möhümdigine aýratyn üns berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz energiýa serişdeleriniň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrýar, şol serişdeleri sarp edýän we üstaşyr geçirýän ýurtlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini kepillikli ibermek ygtybarly hukuk binýadyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek maksady bilen, sebit ykdysady we maliýe guramalaryny işjeň peýdalanmak üçin hukuk esaslary işläp taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Ilat gaznasy, Halkara Migrasiýa Guramasy, Çagalar gaznasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda hyzmatdaşlygy boýunça çarçuwaly Ylalaşygyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meseleleri öwrenmegiň möhümdigini aýtdy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen bagly hukuk meselelerini göz öňünde tutýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taýýarlanylmagy dowam etdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ähli döwlet edaralarynyň yzygiderli iş alyp barmalydygyny belledi.

Halkara tejribede içerki we daşarky maýa goýujylar üçin özüne çekiji ýagdaý bolan hökümete dahylsyz halkara täjirçilik arbitraž kazyýetleriniň döredilmegi üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanynda Halkara täjirçilik arbitraž merkezini döretmek boýunça işler esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz raýatlarymyza ýokary hilli hukuk kömegini bermek, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini netijeli hem-de ygtybarly goramak maksady bilen, Hukukçylaryň hünär kämilleşdiriş merkezini döretmek boýunça işleri alyp barmagy, şeýle hem ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň we goňşy döwletleriň tejribesinde bar bolan “Bir penjire” goşulmalaryny ulanmagy has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başy başlanan özgertmeler syýasatymyzy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegi öz öňümizde baş maksadymyz edip goýýarys diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, ähli tagallalar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň, her şahsyýetiň sazlaşykly ösüşini we bähbitlerini üpjün edýän kanunlary işläp taýýarlamaga ýardam etmelidir.

Geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzyň hukuk ulgamyny berkitmäge we kämilleşdirmäge, parahatçylygy we dostlugy üpjün etmäge, halkara guramalar hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz hukuk taýdan toplumlaýyn we yzygiderli düzgünleşdirmegi doly üpjün etmegiň geljek ýyllar üçin esasy wezipeleriň biri bolmalydygyny aýtdy hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow