Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Sazlaşykly terbiýe we watançylyk — Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary
Teswirlemeler
Sazlaşykly terbiýe we watançylyk — Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary
Çap edildi 14.09.2021
15091

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de onuň dünýä giňişliginde eýeleýän öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz hem, halkymyz hem ýaşlara bil baglaýar.

Milli Liderimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Şol wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwarynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.

Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň okuwçylar we talyp ýaşlar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirmeginiň zerurlygy hut şunuň bilen şertlendirilendir. Milli Liderimiz ýokary ahlaklylygyň hem-de eziz Watanymyza we halkymyza çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýär. Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli milli Liderimiz Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň, maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlary we wezipeleri barada umumy sapak geçdi. Ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlaryny üstünlikli amala aşyrmakda şol sapagyň ägirt uly ähmiýeti tutuş ýurdumyz boýunça şu aýda geçirilýän köp sanly maslahatlarda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynda halkymyzyň baý durmuş tejribesini hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda ýaşlaryň öňünde durýan anyk wezipeler hem-de ýakyn wagtda tagallalaryň gönükdiriljek esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Bilimleri yzygiderli baýlaşdyrmaga, ylym almaga bolan islegi terbiýelemegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Bu bolsa jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugurlaryny hem-de ýurdumyzyň ykbalyny we halkymyzyň bagtly geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir».

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri özygtyýarly Watanymyzyň köp babatda bilimleriň derejesiniň ýokarlanmagy, möhüm ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň işjeňleşmegi, durmuşyň ähli ugurlaryna ylmy-tehniki täzelikleriň giňden ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilen ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eýýamyna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň giň ulgamyny döretmek boýunça köpugurly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar bilen geçiren duşuşygynda ylym-bilimiň ynsany belende göterýändigini bellemek bilen, olara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy öwüt berdi.

Milli Liderimiziň aýratyn belleýşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlyk ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadyna öwrüldi. Biz ýene-de sanlyja günden onuň 30 ýyllygyny belläris. Şoňa görä-de, halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen geçýän ýylyň her gününi şöhratly wakalara we zähmet üstünliklerine besleýär.

Taryh üçin uzak möhlet däldigine garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlary yzygiderli berkidildi. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Garaşsyz döwletimiziň eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Bitaraplygyň asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açandygyny belledi.

Bitarap Türkmenistanyň sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş etmegi, Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlary bilen döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşmagy ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrýar. «Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi» diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşdaky ähli düşünjedir bilimleriň Watandan başlanýandygyny aýdyp, bu nurana topragy söýmegiň, goramagyň, gülletmegiň biziň her birimiz üçin parzdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýüzlenip, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly däplerinden gözbaş alýandygyny nygtady. Milli Liderimiz ýaşlygyndan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary ýetginjeklik ýyllarynda belläp alandygyny, soňra olar «Paýhas çeşmesi» atly kitapda öz beýanyny tapandygyny belledi.

«Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir. Halkymyzyň taryhy örän gadymy bolup, ol müňýyllyklary öz içine alýar. Türkmenler şumer, hindi, hytaý, müsür, grek, latyn amerikasy halklary ýaly, dünýä gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary bagyş eden gadymy halklaryň biridir» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda belledi.

Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen alabaýy» ýaly kitaplaryny türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan nusgawy gymmatlyklaryna bagyşlady.

Taryhyň dowamynda toplanan tejribeden, döwrüň ösüşinden hem-de talaplaryndan ugur alnyp, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Aşgabatda we welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalar guruldy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçil ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur şertler döredildi.

Milli Liderimiziň pikirine görä, bu işler Türkmenistanyň ylmyny dünýäde iň öňdebaryjy, abraýly orunlara çykarjak alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapdan setirleriň okuw sapagyna hem goşulmagy tötänden däldir, onda döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara gönükdirilen arzuwlary beýan edilýär: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýol görkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn».

Umumy sapagyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelere uly üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, bagtyýar ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, önümçilik kärhanalarynda yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maksatlara ýetmek üçin, zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal bolsun, ile-ýurda bähbitli bolsun diýip, milli Liderimiz nygtady.

Nygtalyşy ýaly, bäsleşige ukyplylygy, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

Dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyz innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydyr, täze tehnologiýalary döretmelidir. Dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmaly däldir. Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz talyplara we okuwçylara ýüzlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara birek-birege kömek bermegi, adamlara hormat-sarpa goýmagy, halkymyzyň bu ugurdaky asylly ynsanperwer däplerini dowam etdirmegi ündedi.

Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda, hususan-da, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, nebitgaz we energetika senagatynda, gurluşykda ýetilen belent sepgitler, şeýle hem milli hem-de halkara ähmiýetli möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirýän giň gerimli işlerimiziň netijesinde, paýtagtymyz geljekde has-da gözelleşer, dünýäniň iň nurana şäherleriniň birine öwrüler diýip belledi hem-de ýaşlary paýtagtymyzyň XXI asyryň nusgalyk şäheri hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrdy.

Aşgabady ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler halkara derejede ykrar edildi. Şäherdäki binalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Döwlet Baştutanymyz özüniň taryhy çykyşynda bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga hem-de ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamy ösdürilýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglary, Köpetdagyň sapaly jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri guruldy hem-de gurulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňüniň sagdyn bolmalydygyny, çünki, olaryň beden hem-de ruhy taýdan päkligiň belent kadalary bilen dünýäni haýrana goýan milletiň neslidigini aýratyn nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda döwletiň hem-de jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, «Ene mähri» merkezleri, gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri, kliniki we ylmy-kliniki merkezler, köpugurly hassahanalardyr şypahanalar guruldy. Olar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

— Şeýdip, berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarýarys. Bu beýik maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýaşlaryň işjeň gatnaşjakdygyna berk ynanýaryn — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ilatyň saglygyny berkitmekde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmegiň uly ähmiýeti bardyr. Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda türgenlerimiz sportuň birnäçe görnüşi boýunça Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşdylar. Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu oýunlarda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi.

Ykbalyny sport bilen baglan ýaşlarymyz ussatlygyň ýokary nusgasyny görkezip, Garaşsyz Diýarymyzyň sport dünýäsindäki abraýyny barha belende göterýärler.

Milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilýär, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli hünärmenleri taýýarlamak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlan täze teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleridir beýleki medeni binalar, şol sanda halkymyzyň durmuş medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan «Türkmeniň ak öýi» binalary aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Nygtalyşy ýaly, medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy alnyp barylýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýamyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we keçe sungatyny, demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini hem bu sanawa girizmek meýilleşdirilýär. Ýakyn ýyllarda Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna birikdiriler.

ÝUNESKO derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy-da goşular. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary dörediler, orta mekdeplerimiziň birnäçesi bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri nesilleriň sazlaşykly ösmegine hem-de olary terbiýelemäge ilkinji derejeli ähmiýet berlendigini nygtady. Geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimiz bahasyna ýetip bolmajak akyl-paýhas baýlygyny miras galdyrdylar, olaryň eserleri ähli nesilleriň bilim terbiýesi üçin gymmatly çeşmedir.

Halkymyzyň watançylyk hem-de adamkärçilik däpleri durmuş ýoluna gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän nusgawy mekdepdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ykdysady hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşlara ýüzlenip, olaryň her bir işe ýürekden ýapyşmagynyň, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermegiň, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmagyň olaryň esasy borjudygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy ýurdumyzyň ýaşlarynyň ählisi üçin beýik durmuş sapagy boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilikli zähmet çekýän ýaşlar Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň bagtly geljeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işleri mynasyp dowam etdirerler.

Soňky habarlar
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
top-arrow