Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine
Çap edildi 11.09.2021
1571

Hormatly gurluşyk, energetika we 
jemagat hojalygy işgärleri! 

Eziz watandaşlar!

Sizi Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitlerinde gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryna uly orun degişlidir.

Pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylan işleriň netijesinde, bu pudaklarda guwandyryjy netijeler gazanylýar.

Gurluşyk pudagy ýurdumyzda gurulýan dürli maksatly binalardyr desgalaryň taslamalaryny ösen sanly ulgamlaryň kömegi bilen taýýarlamakda, olaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna hil gözegçiligini amala aşyrmakda, taslamalarda ýerli gurluşyk materiallarynyň ulanylmagyny üpjün etmekde, gurluşyklaryň taslamalaryna milli binagärlik äheňlerini bermekde baý tejribe toplady.

Häzirki döwürde döwlet gurluşyk kärhanalary bilen birlikde, telekeçiler hem täze döwrebap obalary, kaşaň myhmanhanalary, medeniýet köşklerini, «Türkmeniň ak öýlerini», döwrebap howa menzillerini we beýleki birnäçe desgalardyr binalary gurmakda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Ussat gurluşykçylarymyzyň bina eden desgalary özleriniň berkligi, hili we binagärlik keşbi boýunça ýokary ölçeglere laýyk gelýärler.

Geljekde gurluşyk pudagynyň alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmek üçin döwlet goldawy berler, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, işleriň netijeliligi ýokarlandyrylar.

Hormatly adamlar!

Ata Watanymyzyň ösüşine milli ykdysadyýetimiziň energetika pudagynyň goşýan goşandy hem uludyr.

Milli elektrik energetikasy pudagynyň düýpgöter özgerdilmeginiň netijesinde, uly zähmet üstünlikleri gazanyldy. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalary guruldy. Şonuň ýaly-da, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, elektrik geçirijileriň müňlerçe kilometri guruldy, hereket edýänleriniň durky täzelendi. 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan iri gazturbinaly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Bu pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda gurlan sekizinji elektrik stansiýasydyr. Taryh üçin gysga döwürde sekiz sany elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmegi hem pudagyň ýeten belent sepgitlerine aýdyň şaýatlyk edýär.

Geljekde pudak tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň, hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug we gaz dolanyşykly elektrik stansiýalaryna öwürmegiň taslamalary durmuşa geçiriler.

Eziz watandaşlar!

Adam hakyndaky aladany esasy orunda goýýan eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegi, täze döwrebap obalardyr şäherçeleriň gurulmagy, şäher medeniýetiniň ösmegi bilen baglylykda, jemagat hyzmatlaryna bolan zerurlyk has-da artdy.

Geçen döwürde jemagat hojalygynyň işiniň täzeçe guralmagy, pudaga ýokary hilli jemagat hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehnikalaryň alnyp berilmegi we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurda gazanylýan netijeleri has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Jemagat hojalygy işgärleriniň alyp barýan ýadawsyz işleri netijesinde, şäherlerimizdir obalarymyzyň, seýilgählerimiziň, köçelerimiziň we şaýollarymyzyň arassaçylygy göreni haýran edýär, ilata edilýän jemagat hyzmatlarynyň hili hem yzygiderli gowulanýar.

Hormatly adamlar!

Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň işgärleri yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Raýatlarymyzyň müňlerçesi gurluşyk pudagynyň guran täze ýaşaýyş jaýlaryna göçýärler, jaý toýlaryny tutýarlar. Energetika pudagynyň işgärleri hem her bir öýe nur paýlaýarlar. Jemagat hojalygynyň işgärleri bolsa arassaçylyk, bagy-bossanlyk, gülzarlyk döredýärler. Şu hyzmatlaryň bar ýerinde hem ildeşlerimiz bagtyýar ýaşaýarlar. Men geljekde hem bu pudaklaryň işgärleriniň ata Watanymyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly gurluşyk, energetika we 
jemagat hojalygy işgärleri!

Sizi Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
28.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
28.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
28.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
28.11
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi