Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Çap edildi 31.08.2021
2535

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Egsilmez ylham-joşgun paýlaýan bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy bilimlere we innowasiýalara daýanyp, Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürýäris. «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alyp, eziz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurýarys.

Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek babatda möhüm işleri amala aşyrýarys. Asylly däbimize eýerip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde bilimler baýramçylygyna gabatlap, täze orta mekdepleri dabaraly açýarys, joşgunly aýdym-sazly çäreleri geçirýäris. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri gowşurýarys. Mugallymlaryň, bilim işgärleriniň we ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu dabaralar eziz Watanymyzyň bagtyýarlyk mekanydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy we ynsanperwerligi ündäp, ylym-bilime, pähim-paýhasa belent sarpa goýup gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri hökmünde eziz Watanymyza, ajaýyp durmuşymyza guwanmak, beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, il içinde abraý-mertebä, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaş nesilleriň belent borjudyr. Merdana ýaşlarymyz täze okuw ýylynda hem döwlet we halkara derejeli bäsleşiklerde guwandyryjy netijeleri gazanyp, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ýene-de belende götermelidir.

Hormatly mugallymlar, bilim işgärleri!

Bilim — täzeleniş we öňegidişlikdir. Şoňa görä-de, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen täze belentliklere barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimizi has-da çaltlandyrýarys. Şu ýyl «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini kabul edip, milli bilim ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kadalaryň gerimini giňeltdik, şeýle hem bilim işini dolandyrmagyň täze guramaçylyk esaslaryny kesgitledik.

Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, täze okuw ýylynda hem on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalarynda we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, siz bilim bermegiň ähli derejelerine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmalysyňyz. Döwrebap okuw kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalary taýýarlap, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmalysyňyz.

Men asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň Watan, maşgala, agzybirlik we jebislik, zähmetsöýerlik, arassa ahlak mukaddesligi hakyndaky taglymatlarymyzy rowaçlandyrmak bilen, bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdiklerine, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde belent maksatlara ruhlandyryp, uly arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
top-arrow