Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 09.08.2021
2802

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň wezipesine gaýtadan bellenilmegim mynasybetli goldaw beriji sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Men bu jogapkärçiligi häzirki çylşyrymly we köp zatlaryň üýtgäp durýan döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň üýtgewsiz gymmatlyklaryny ilerletmek babatynda bilelikde işlemegi çuňňur hoşallyk hem-de pugta ynam bilen öz üstüme alýaryn.

Biziň iň ähmiýetli meseleleri diňe agzybirlikde çözüp biljekdigimizi soňky ýyllaryň ýeke-täk tejribesi görkezdi. СOVID-19 pandemiýasy umumy wehimlere bilelikde garşy durmagymyzyň hem-de ynanyşmagy berkitmek üçin köpugurly hereketleriň zerurdygynyň anyk mysaly bolup durýar. Men bar bolan kynçylyklary aradan aýyrmak, agzalalygy ýeňip geçmek, deňsizligi ýok etmek hem-de Ýer ýüzünde ýaşaýşy gowulandyrmak üçin biziň has köp zatlary edip biljekdigimize hem-de etmelidigimize ynanýaryn.

Geljekde Siziň ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň işine goldaw bermäge hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmek ugrunda bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşjakdygyna hem-de öz goşandyny goşjakdygyna umyt edýärin.

Öz tarapyňyzdan mundan beýläk-de ähli agza döwletleriň bähbitlerine hyzmat etjekdigime hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň gün tertibiniň meselelerine möhüm ähmiýet berjekdigime bil baglap bilersiňiz.

Size bildiren ynamyňyz üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirýärin. Hemmeleri adamzadyň hem-de Ýer ýüzüniň bähbitlerine umumy gün tertibini berjaý etmek üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Antoniu Guterriş,
BMG-niň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Size Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Bu gün hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi öz taryhynda iň gowy döwri başdan geçirýär. Biziň ýurtlarymyz koronawirus ýokanjy zerarly ýüze çykan kynçylyklary bile ýeňip geçdiler hem-de birek-birege goldaw berdiler.

“Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk depginli ösdürildi. Dünýädäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, ýokary netijeler gazanyldy, bu bolsa iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün edýär. Soňky ýyllarda HKP Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen dürli görnüşde ýakyn gatnaşyklary saklaýar.

Hytaýyň we Türkmenistanyň partiýalarynyň biziň gazanan möhüm ylalaşyklarymyzy işjeň durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalary dowam etdirjekdiklerine, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge parasatlylyk bilen ýardam berjekdiklerine umyt edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Si Szinpin,
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.





Soňky habarlar
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
top-arrow