Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ýokary derejede geçirilen sebit duşuşygynyň jemleri geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär
Teswirlemeler
Ýokary derejede geçirilen sebit duşuşygynyň jemleri geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär
Çap edildi 09.08.2021
3856

Parahatçylygyň, durnuklylygyň, dünýäde abadançylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur häzirki halkara gatnaşyklar üçin aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy bu gatnaşyklary aýdyň görkezdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyk dostluk, köpasyrlyk medeni-ruhy däpler arkaly baglanyşýan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklara täze itergi berdi.

Häzirki döwürde taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erkine hem-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanýan däpleriň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär we olar yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynda bu barada aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hoşniýetli gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmagyň taryhy däpleri, biziň halklarymyzyň doganlygy we ruhy-medeni taýdan ýakynlygy kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär. Bu bolsa bize geljege ynamly garamaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň möçberli, uzak möhletleýin meýilnamalaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi. Onuň Türkmenistanda geçirilmegi Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň we döwlet Baştutanymyzyň sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen işjeň başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Tebigy serişdeleriň baý goruna eýe bolan hem-de çäk babatda amatly ýerleşen Merkezi Aziýa geosyýasy, ykdysady, söwda, üstaşyr ulag kuwwaty nukdaýnazaryndan Ýewraziýa yklymy üçin strategik taýdan ähmiýetlidir. Forumda çykyş eden bäş ýurduň Liderleri bu barada nygtadylar. Olar sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça doly düşünişmeleriň bardygyny hem-de garaýyşlaryň ýakyndygyny tassyklap, goňşy döwletleriň tutuş adamzada ägirt uly bähbit getirmäge ukyply kuwwatlyklarynyň işjeň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýändiklerini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada geçirilen sammitde öňe süren netijeli teklipleri sebitiň ýurtlarynyň köpugurly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine hem-de dünýä ykdysady gatnaşyklary ulgamyna hemmetaraplaýyn goşulyşmagyna gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ilkinji nobatda, bilelikdäki işiň möhüm ugurlary kesgitlenip, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek üçin orta möhletleýin döwri öz içine alýan “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak zerurdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, BMG-niň kabul eden “2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini” üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolan energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna goşulyşmak ýörelgesini yzygiderli ilerletmek arkaly, ýurdumyz döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa energiýany peýdalanmak ýaly wajyp meseleleri çözmekde hem möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň miwesidir. Bu taslamada müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek başlangyjy öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadynyň döredilmegine gönükdirilendir. Olaryň wajypdygyny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan, sebitiň döwletleriniň biragyzdan goldaw bermeginde, iki gezek kabul edilen degişli Kararnamalar hem tassyklaýar.

Milli Liderimiz sammitdäki çykyşynda bu meselä aýratyn ünsi çekip, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň hemmesiniň işjeň we doly görnüşde gatnaşmagy arkaly ýola goýulmalydygyny belledi. Bu sebitiň içinde bolşy ýaly, onuň çäklerden daşarda-da kuwwatly energetika düzüminiň döredilmegine gönükdirilmelidir.

“Türkmenistan öz tebigy gazyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýa-da olaryň çäginden özara bähbitli şertlerde daşarky bazara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga taýýardyr” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky kuwwatlyklary Merkezi Aziýanyň döwletlerine elektroenergiýanyň iberilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

“Şunuň ýaly taslamalar Merkezi Aziýada köpugurly energetika giňişligini döretmek üçin oňyn şertleri üpjün eder we ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermäge ukyplydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Sammite gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň pes uglerod energetikasyny ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýany işläp taýýarlamalydygy, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamynda möhüm ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmelidigi hakyndaky başlangyjyny biragyzdan goldadylar.

Ulag ulgamynda birnäçe wajyp ylalaşyklar gazanyldy. Bu ylalaşyklar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak arkaly ösýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda işjeň we netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhüm bölegidir. Bellenilişi ýaly, biziň döwletlerimiziň esasy aýratynlygy olaryň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmegidir. Bu bolsa üstaşyr gatnawlar we logistik hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda giň mümkinçilikleri açýar.

Ozal hereket edýän yklymüsti ugurlary işjeňleşdirmek we sebitiň üstünden geçýän täze halkara geçelgeleri döretmek, goňşy döwletleriň sazlaşykly durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm şertlerini üpjün eder hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa sebit hem-de sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribäni nazara almak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň utgaşykly ulag ulgamyny döretmek boýunça anyk meýilnamalary taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Şunda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, ilkinji nobatda bolsa, awtoulagdyr demir ýollarynyň, köprüleriň gurluşygyny hem-de ulag düzümine degişli beýleki desgalaryň bina edilmegi ýaly ugurlary kesgitlemek zerurdyr.

Ýurdumyzyň bu babatda giň möçberli işleri alyp barýandygyny, soňky ýyllarda köp işleriň ýerine ýetirilendigini, sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň wajyp böleginiň döredilendigini bellemek gerek. Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň hem bardygyny nazara alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port mümkinçiliklerini sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Günorta Ýewropa, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ýurtlaryna çykalgasy bolan Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňiz sebitleri boýunça täze ulag-kommunikasiýa ugurlaryny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hökümet derejesinde bäştaraplaýyn işçi toparyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.

Bu teklipler konsultatiw duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda görkezildi. Onda ulag-kommunikasiýa boýunça sebitleýin maslahaty döretmegi, Merkezi Aziýada ulag ulgamyny bilelikde ösdürmek boýunça maksatnamalary we ylalaşyklary ylalaşmagy tizleşdirmegiň zerurdygy nygtalýar.

Sammitiň dowamynda bellenilişi ýaly, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we ony köpugurly esasda ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygyny, senagat kooperasiýasyny, innowasiýalary we sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ösdürmek, esasy ugry bilim we ylym bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, telekeçileriň arasyndaky göni işewür hyzmatdaşlygy höweslendirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Hususan-da, dostlukly ýurtlaryň Liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika hem-de innowasion ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmek maksadyna gönükdirilen we ulgamlaýyn häsiýeti bermek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň bäştaraplaýyn geňeşini döretmegiň zerurdygyny bellediler.

Döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmakda umumy tagallalary utgaşdyrmak hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Owganystandaky ýagdaýlaryň durnukly däldigini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhetlerinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşen birnäçe beýleki sebitlerde dawaly ýagdaýlaryň bardygyny belledi.

“Şeýle şertlerde bizden aýratyn jogapkärçilik hem-de oýlanyşyklylyk talap edilýär. Biz doganlyk döwletler we halklar hökmünde biziň umumy öýümiz bolan Merkezi Aziýanyň berk we durnukly bolmagy üçin parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de özara düşünişilmegini ähli güýçlerimiz bilen pugtalandyrmalydyrys” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösüşine uly goşant goşýar, dostlukly döwlete parahat durmuşyň binýadyny pugtalandyrmakda yzygiderli goldaw berýär.

Goňşy we beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyndaky Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, serhetüsti demir ýollarynyň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň taslamalary, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesini ulanmaga bermek boýunça işler we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz pandemiýa bilen göreşmek meselelerini çözmegiň ulgamlaýyn hem-de ýokary taýýarlykly çemeleşmegi talap edýär, СOVID-19 zerarly ýüze çykýan töwekgelçilikleriň derejesini peseltmek olar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr diýip belledi hem-de ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, alym lukmanlaryň, bilermenleriň hem-de bilimleriň beýleki utgaşykly ulgamlarynyň hünärmenleriniň yzygiderli pikir alyşmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmegi teklip etdi. Bu teklip Sammite gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan goldanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elmydama Merkezi Aziýada ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmegi sebit hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleriniň hatarynda goýýar.

“Ilkinji nobatda, gürrüň, Araly halas etmek, ýerleriň ýaramazlaşmagyna we çölleşmegine garşy göreşmek, buzluklary gorap saklamak we suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak barada barýar. Bu ugurlarda biziň oňat işläp taýýarlamalarymyz bar, sebit we halkara derejede möhüm çözgütler kabul edildi. Mundan beýläk-de öňe hereket etmegi dowam etmek, BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümlerini, edaralaryny, maliýe institutlaryny has işjeň çekmek zerur” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda belledi.

Ynsanperwer babatdaky hyzmatdaşlyga ulgamlaýyn hem-de yzygiderli häsiýeti bermek maksady bilen, taraplar “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we bir geljek” ady bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýeke-täk binýady hökmünde medeni dialogyň forumyny döretmek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, bedenterbiýäni we sporty, syýahatçylyk ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, serhetüsti çäklerde syýahatçylyk zolaklaryny hem-de klasterlerini döretmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.

Şu gezekki sammitiň jemleri boýunça daşary syýasat edaralaryna 2022 — 2024-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taslamasyny ylalaşmak boýunça işleri ýakyn wagtda tamamlamak, şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ХХI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şertnamany gol çekmäge taýýarlamak tabşyryldy.

Bilelikdäki Beýannamada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynda halkara bileleşigi tarapyndan kabul edilen giň möçberli hem-de uzakmöhletleýin strategiýalary, konsepsiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek işinde anyk netijeleri gazanmak maksady bilen, halkara giňişlikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sazlaşykly işini güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitiň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleri hem hakyky dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Şeýlelikde, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen konsultatiw duşuşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini, Türkmenistanyň köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerindäki işjeň ornuny, şonuň ýaly-da, sebitiň ýurtlarynyň mundan beýläk-de umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
20.04
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow