Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Milli önümleriň Halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy
Ykdysadyýet
Milli önümleriň Halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy
Çap edildi 07.08.2021
3761

Şu gün türkmen deňiz kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi işini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen bu giň möçberli forum Türkmenistanyň Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitleriniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant bolup, ýurdumyzyň we tutuş sebitiň söwda-ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň jemleri boýunça sergä gatnaşyjylara halkara derejedäki diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirildi.

Sergä import-eksport boýunça milli söwda birleşmeleri, iri köpugurly senagat kompaniýalary, önüm öndüriji kärhanalar, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň söwda düzümleriniň wekiliýetleri hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň kompaniýalary öz diwarlyklarynda ýokary hilli eksport ugurly harytlary, döwrebap tehnologiýalary, täze işläp taýýarlamalary we taslamalary görkezdiler. Giň möçberli gözden geçirilişiň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy hem-de tejribe alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalary guralyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 108,9 million dollaryna hem-de 3,6 million manada barabar boldy.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, Hazar deňziniň türkmen kenarynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow