Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyna gatnaşyjylara
Çap edildi 06.08.2021
3354

Hormatly foruma gatnaşyjylar! 

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize netijeli işlemegi hem-de bellenilen maksatlara ýetmegiňizi arzuw edýärin.

Dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan şertlerinde ykdysady we senagat mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, ýurtlarymyzyň arasynda goşulyşmak işlerini giňeltmek, sebitiň ähli ýurtlarynyň halklarynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary durnukly durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa taýdan ösüşi goldamaga, innowasiýa häsiýetli senagatyň we ösen ulag düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen düýpli we giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýärler. 

Şonuň bilen birlikde, häzirki Merkezi Aziýa sebitiniň çäklerinde hem, beýleki döwletler we halkara ykdysady birleşikler bilen özara gatnaşyklarda hem hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap gurallary we nusgalary zerur bolup durýar. 

Şeýle çäreler dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň kemala gelmegine, innowasiýalary, sanly tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň talaplaryna kybap gelmelidir. Bularyň ählisi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meýillerini belli bir derejede gaýtadan oýlanyşmagy, däp bolan çemeleşmelerden başga-da, geljegi uly ugurlara çykmagy bizden talap edýär. 

Energetika, ulag, senagat, söwda ulgamlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň halkara giňişligine goşulyşmagynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, möhüm durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda häzirki zaman saglygy goraýyş, bilim, medeniýet hem-de sport edaralarynyň möçberlerini hem-de gerimini artdyrmaga ýardam berýän iri innowasion önümçilik kärhanalaryň we desgalaryň, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň yzygiderli gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Bu ugurda geçirilýän yzygiderli çäreler sarp ediş bazarlaryny diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäginde däl-de, dünýä bazarlaryny hem ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar hem-de hyzmatlar bilen doly üpjün etmek boýunça wezipeleriň çözülmegine uly goşantdyr. Biz işewürler toparlarynyň ugry boýunça anyk, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýän has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ugrunda çykyş edýäris. Şunda milli haryt öndürijileriň önümleriniň sergilerini, ýarmarkalaryny guramak hem-de geçirmek kuwwatly höweslendiriş guraly bolup hyzmat etmelidir. 

Ykdysady forumyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler, dünýä ösüşiniň häzirki meýilleri bilen baglylykda, ägirt uly ähmiýete eýedir. Dünýä ykdysady çökgünliginiň hem-de koronawirus pandemiýasynyň oňaýsyz netijeleri görnüşindäki ählumumy wehimler häzirki wagtda ähli ýurtlaryň we sebitleriň ýagdaýyna, olaryň ykdysady ösüşine gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şol sebäpli hem biziň ösüş maksatlarynyň umumylygyny goldap hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyryp, orta möhletli we uzak möhletli geljegi nazarlaýan, şol sanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täzeçil maksatlaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamagymyz zerurdyr. 

Biziň ýurdumyz şu gün ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meselelere öz çemeleşmelerini beýan etmek bilen, Merkezi Aziýany strategik ähmiýetli, şeýle hem köp asyrlaryň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz we örän möhüm bölegi bolan sebit hökmündäki garaýyşlardan ugur alýar. 

Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen has ýakyn ykdysady hem-de ylmy-tehniki taýdan goşulyşmaga gyzyklanma bildirýär. Biz energetika, ulag we logistika düzümlerini kämilleşdirmek ýaly ugurlarda öz toplan tejribämizi paýlaşmaga, şeýle hem sanly ykdysadyýetiň, täze tehnologiýalary we innowasiýalary peýdalanmagyň möhüm ugurlary boýunça bilelikde iş alyp barmaga taýýardyrys. 

Şu forumyň pikir alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine hem-de Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigine umyt edýärin. 

Hormatly foruma gatnaşyjylar! 

Forumda gazanylan ylalaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de halkara gatnaşyklaryny netijeli hem-de köptaraplaýyn ösdürmäge hyzmat etjekdigine, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine täze ykdysady we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, şeýle hem okgunly sebit ösüşine ýardam berjekdigine ynanýaryn. 

Foruma gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalaryň, özgertmeleriň ählisi her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar
top-arrow