Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi
Ykdysadyýet
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi
Çap edildi 06.08.2021
4021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine baryp gördüler. Prezidentler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty biziň döwletimiziň we goňşy ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri babatda ähmiýetli wakanyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Häzirki gözden geçirilişiň Merkezi Aziýa sebitleriniň we Hazar giňişliginiň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýetli desga bolup durýan, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýükleri daşamak üçin täze mümkinçilikleri açyp, söwda-ykdysady döwletara gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýän Türkmenistanyň esasy deňiz portunda guralmagynyň özboluşly manysy bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän giň gerimli çäre ykdysady ösüşiň hem-de esasy pudaklaryň kuwwatyny, Merkezi Aziýanyň halklarynyň ýaşaýşynda we ruhy durmuşynda iri özgertmeleri, olaryň ajaýyp medeni mirasynyň baýlyklarynyň artýandygyny aýdyň görkezdi. Şonuň bilen birlikde, sergi mundan beýläkki döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak üçin netijeli çäredir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň pugta binýady bolup durýandygy aýratyn nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyz giň gerimli serginiň ähmiýetini belläp, işewürleriň özara ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirmäge we tejribe alyşmaga, gatnaşyklaryň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik aljakdyklaryna ynam bildirdi.

Umumy meýdany 2090 inedördül metr bolan giňişlikde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalarynyň, işewür düzümleriniň sergileri ýerleşdirildi.

Görkezilýän diwarlyklar milli ykdysadyýetleriň esasy pudaklaryny ösdürmekde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk, oba hojalyk, ulag we logistika, awtomobil gurluşyk, dokma we azyk senagaty ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazanan üstünliklerini beýan edýär.

Myhmansöýerlik däbine görä, bäş döwletiň Prezidentlerini ýurdumyzyň döredijilik toparlary mähirli garşyladylar. Ajaýyp sahnada aýdymçy sazandalaryň, artistleriň hem-de folklor toparlaryň çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, şolarda türkmen halkynyň däp-dessurlary we ajaýyp özboluşlylygy beýan edildi.

Sergi zalynyň eýwanynda döwlet Baştutanlaryna halkara serginiň açylyşyna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Gurnalan äpet monitorda belent mertebeli myhmanlara häzirki durmuş-ykdysady ösüşler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häzirki döwürde gazanan üstünlikleri, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hazar giňişliginiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, häzirki döwürde täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm ulag-logistika halkasy hökmünde Hazaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada ýörite wideoşekiller görkezildi.

Serginiň hormatly myhmanlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň giňden we toplumlaýyn beýan edilişiniň gerimini belläp, forumyň guralyşyna ýokary baha berdiler. Onuň tapawutly aýratynlygynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen innowasion taýdan ösüş ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistanda ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýän döwrebap sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyndan ybarat bolandygy bellärliklidir.

Türkmenistanyň milli bölümi sergide esasy orunlaryň birini eýeläp, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli esasy pudaklarynda gazanylanlar beýan edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan işjeň içeri syýasat, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler innowasion taýdan ösüşe, kuwwatly senagaty döretmäge, pudaklaýyn düzümleri pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. Ýokary durnukly ösüş depginlerini gazanmaga gönükdirilen döwrebap bazar gatnaşyklary bolan ýokary netijeli ykdysadyýetiň hil derejesinde hem-de tapgyrlaýyn döredilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Ýokary derejeli myhmanlar türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri bilen tanyşlygyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň sergi bölüminden başladylar. Bu ýerde ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň şertlerinde ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan maliýe ulgamlarynyň özgerdilişini beýan edýän serişdeler ýerleşdirilipdir.

Sanly ykdysadyýete geçmek, Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we döwlet düzümleriniň Internet web-saýtlar toruny ornaşdyrmak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de telekeçileriň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipelerdir. Häzirki wagtda, diwarlyklarda aýdyň görkezilişi ýaly, sanly ykdysadyýetiň möhüm esaslaryny kemala getirmek boýunça işler işjeň depginler bilen alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de beýleki maksatnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler, şeýle hem täze obalaryň we şäherleriň, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş we düzümleýin maksatly köp sanly desgalaryň, ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň gurluşyklary barada gürrüň berýär.

Medeniýet, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda, gurluşyk, senagat, oba hojalyk we nebitgaz pudaklarynda gazanylan üstünlikler bellenilýär.

Äpet monitorda maliýe guramalarynyň alyp barýan işleri, hödürlenilýän elektron hyzmatlar we amallar baradaky saýtlar görkezilýär. Şeýle hem myhmanlara bank hyzmatynyň geriminiň we milli töleg ulgamlarynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýän karz beriş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylyşy baradaky diwarlyklar hödürlenildi. “Altyn asyr”, “Millikart” sanly bank kartlaryny hem-de beýleki töleg serişdelerini ulanýan müşderiler “Internet-bank”, “Mobil bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly hyzmatlardan barha ýygjam peýdalanýarlar.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sergi bölümlerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň häzirki zaman ösüş derejesi görkezilýär.

Tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär, häzir ol Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” esasy iberijileriň hataryna girýär. Geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de baý uglewodorod gorlary netijesinde ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlary bilen birlikde dürli ugurlar boýunça gazyň eksportyny artdyrmak üçin ägirt uly kuwwata eýedir.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin gazdan peýdalanmagyň mümkinçiligini artdyrmak we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategik ähmiýete eýedir. Ýangyç-energetika toplumyna degişli ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty nebitgaz senagatynyň kuwwatyny netijeli ulanmaga, känleri gaýtadan işlemegiň döwrebaplaşdyrylan tehnologiýalaryny we usullaryny peýdalanmaga, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, Hazaryň türkmen böleginiň hem-de kenarýaka zolagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny, hemme şertleri döredip, energetika ulgamynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge ymtylýar. Nebitgaz toplumynyň ösdürilmegine örän uly serişdeler gönükdirilýär, şu maksatlar üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär, sebit we halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň düzümlerini giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi uly ekranda häzirki günde amala aşyrylýan iri taslamalaryň bäşisini görkezdi, şolaryň hatarynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslama bar. Onuň durmuşa geçirilmegi içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder hem-de ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýanyň daşary ýurtlara eksport edilişini artdyrmak üçin täze mümkinçilikeri açar.

Şeýle hem häzir gazturbina gurnamalaryny abatlamak boýunça hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar, Lebap welaýatynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbina elektrostansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny birinji bölekde çekmek boýunça gurluşyk işleri tamamlanyp barýar. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Gün we ýel elektrostansiýasyny gurmaga potratçyny saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi. Bu desga Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän elektroenergiýa çeşmeleriniň esasynda işleýän ilkinji stansiýa bolar.

Sergide oba hojalyk ulgamynda gazanylan üstünlikler hem görkezildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli Liderimiziň aladalary netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde örän uly üstünlikler gazanyldy.

Önümiň hilini hem-de obasenagat toplumynda milli tejribe bilen utgaşyklylykda serişdeleriň netijeli peýdalanylyşyny dolandyrmagyň ulanylyşa girizilýän öňdebaryjy toplumlaýyn ulgamlary harytlaryň düşewüntliligini artdyrmaga we bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga ýardam edýär.

Önümçilige oba hojalyk ekinleriniň täze, toprak-howa şertlerine durnukly seçgiçilik görnüşlerini döretmek we ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işleri işjeň alnyp barylýar. Obasenagat toplumynyň sergi bölüminde çörek, un, pagta önümleriniň örän köp dürli görnüşleri görkezilýär. Şeýle hem obasenagat toplumy maldarçylygy, guşçulygy, balçylygy, ekerançylygy, bagçylygy, üzümçiligi we bakjaçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirýär.

Soňra belent mertebeli myhmanlar ulag-kommunikasiýa ulgamynda gazanylan üstünlikler, bu ulgamda hödürlenilýän giň gerimli häzirki zaman hyzmatlar bilen tanyşdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda bu toplumy düýpli kämilleşdirmek we ulgamlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Strategik taýdan bu möhüm ulgamda alnyp barylýan işler dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly mümkinçilikleri açýar.

Milli ulag strategiýasynyň esasynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek pikiriniň goýlandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymüsti ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyny olaryň dünýäniň ulag ulgamyna ýakynlaşmagy arkaly durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag meselesi boýunça biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar milli Liderimiziň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli teklipleriniň wajypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi hem bellärliklidir.

Gurluşyk senagatynyň durnukly ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasaty ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Inžener-tehniki, hojalyk we durmuş-ykdysady desgalar bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuşyň ähli ulgamlaryna, şeýle hem medeniýet we bilim ulgamlaryna yzygiderli ornaşdyrylýan ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we nou-haular häzirki zaman şäheriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda ýyl-ýyldan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze dolandyryş we edara ediş toplumlary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, söwda we dynç alyş merkezleri bina edilýär.

Bu babatda ýurdumyzyň baş şäheri — çäklerini yzygiderli giňeldýän ak mermerli Aşgabat nusgalykdyr. Täze binalar hem-de dürli maksatly toplumlar onuň sazlaşykly binagärlik keşbiniň üstüni hemişe artdyrýar.

Serginiň myhmanlaryna paýtagtymyzda bina edilýän “Garagum” myhmanhanasynyň we beýleki iri desgalaryň maketleri görkezildi. Bularyň ählisi senagat we gurluşyk önümçiliginiň ösdürilmeginiň, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň döwletimizde ilkinji wezipeleriň hatarynda durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Diýarymyzyň gurluşyk serişdelerini öndürijileri degişli döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň giň gerimli görnüşleriniň önümçiligini ýyl-ýyldan artdyrýarlar.

Mälim bolşy ýaly, ylym we bilim beýik maksatlara ýetmegiň bähbidine jemgyýeti birleşdirýän, döwletiň kuwwatyny artdyrýan baýlykdyr. Şundan ugur alnyp, häzir Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliginiň peýdalanylyşyny giňeltmek mundan beýläkki ösüşleri gazanmagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Aýratyn sergi bölümi ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere bagyşlandy. Şu ýerde milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde bilim bermek işine giňden ornaşdyrylýan hem-de bilime ymtylýan häzirki ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak iteriji güýç bolup hyzmat edýän döwrebap kompýuter tehnologiýalary we innowasion ulgamlar görkezilýär.

Sanly tehnologiýalar okuw işlerine ymykly ornaşdy. Ählumumy internet tory arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, onlaýn görnüşde bilelikdäki okuwlary we maslahatlary geçirmäge mümkinçilik aldylar.

Kuboklar, baýraklar hem-de ýadygärlik nyşanlary görkezilýän sergi bölümi türkmen türgenleriniň gazanan üstünliklerini beýan edýär, şolaryň biri 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawydyr.

Ýadygärlik eksponatlarynyň hatarynda möhüm halkara sport çärelerine, hususan-da, “Kazan — Aşgabat 2008” awtorallisine hem-de “Amul — Hazar 2018” awtorallisine hut özi gatnaşan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport egin-eşikleri, sambonyň 80 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna sambonyň ösdürilmegi ugrunda şahadatnamalar, şeýle hem welosiped sportuny ösdürmäge goşan goşandy üçin Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti tarapyndan döwlet Baştutanymyza gowşurylan şahadatnama bar.

Giň gerimli serginiň bölümleriniň biri medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrýar. Sergä gelýänler türkmen halkynyň nesilden-nesle aýawly geçirilip gelinýän milli gymmatlyklarynyň we ruhy däp-dessurlarynyň ajaýyp dünýäsine aralaşyp bilýärler. Bu ýerde halk senetçiliginiň dürli görnüşleriniň – küýzegärçilik, amaly-haşam we zergärçilik sungatlarynyň nusgalaryny, milli egin-eşikleri, bahasyz arheologik tapyndylary görmek bolýar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen kitaplaryň we owadan neşirleriň diwarlygy sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly işleri – ylmy monografiýalary, köp jiltli düýpli ylmy barlaglary, umumydünýä siwilizasiýasynyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary hem-de medeni mirasy baradaky kitaplary esasy üns merkezinde boldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diwarlyklary bilen tanyşlygyny dowam etdiler.

Birleşmäniň hatarynda TSTB-niň düzümleýin bölümleri hem-de welaýat şahamçalary, obasenagat toplumynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini we elektrik enjamlary öndürmekde, IT-tehnologiýalarda, şeýle hem söwdada, syýahatçylykda, bilim ulgamynda, hyzmatlar ulgamynda, ulag we logistika ulgamlarynda, halk amaly-haşam hünärmentçiliginde we beýlekilerde ýöriteleşen hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri bar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, türkmen telekeçiligine milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsleşip bilýän önümleri öndürmekde örän möhüm orun berilýär.

TSTB-niň agzalary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar. Kiçi we orta işewürlik innowasion ykdysadyýeti kemala getirmegiň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar. Döwlet tarapyndan munuň üçin hemme zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda köp millionlarça pul serişdeleri gönükdirilýän gurluşyk taslamalary durmuşa geçirilýär, ýaşaýyş jaý, kottej toplumlarynyň birnäçe tapgyrlary, seýilgäh zolaklary, dolandyryş-işewür maksatly sebitler, raýat awiasiýasynyň giň gerimli düzümleýin desgalary yzygiderli gurulýar. Döwletiň iri buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşyklary bar.

Sergide Türkmenistanyň welaýatlary hem öz önümlerini görkezdiler. Olaryň gazanan üstünlikleri milli Liderimiziň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şol özgertmeler Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, ony senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Soňra ýokary derejeli myhmanlar ady rowaýata öwrülen, ägirt uly tut agajyna tarap ugradylar. Tut agajy bu ýere ýygnananlara Merkezi Aziýanyň doganlyk halklaryny hemişelik birleşdiren gymmatlyklar hem-de mizemez dostluk barada ses ýazgysyny gönükdirdi.

Gadymy döwürlerde milli saz gurallary taýýarlanylan, asyrlardan bäri ösüp oturan, başy bulutlara beslenen agaç adam sesi bilen seslendi:

“Biziň ata-babalarymyzyň bereketli topragy — çäksiz düzlükler, beýik daglar, joşgunly derýalar we deňiz — mukaddes bolan şu toprakda ýaşaýanlar üçin peşgeşdir. Dutarda özüni tapyp, ýürekleri saz bilen dolduran beýik tut agajy biziň halklarymyzy dostluk bilen baky birleşdirdi. Goý, biziň halklarymyzyň bähbidine ähli pikir-düşünjelerimizi, arzuwlarymyzy we umytlarymyzy geljege gönükdirip, umytlarymyz hasyl bolsun!”.

Agajyň dik baldagyndan ýaşaýşy bagyş edýän nem — diodýagtyly ýaşyl şöhle syrygyp gaýdýar. Meşhur “Şükür bagşy” kinofilminden türkmen dutarynyň jadylaýjy mukamy ýaňlanýar. Şol mukamy Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň halklarynyň saz gurallary — domra, komuz, rubab we tar alyp göterýärler.

Ägirt uly sergi zalynyň merkezinde duran agajyň töwereginde Günüň şöhleleri ýaly bolup, gözden geçirilişe gatnaşyjy ýurtlaryň sergi bölümleriniň hatarlary ýerleşdirildi.

Aýdym-sazly çeper kompozisiýa ekspoforuma ajaýyp we özboluşly milli öwüşgin berýär.

Gazagystanyň milli diwarlygy dürli kärhanalar, şol sanda älem hemralaryny öndürýän we uçurýan “Kazkosmos” aerokosmos pudagy arkaly görkezildi. Bu ýerde şeýle hem lukmançylyk önümleri, şol sanda СOVID-19-a garşy inaktiwirlenen sanjym — “QazVac” waksinasy hem-de Gazagystanyň önümçiligi bolan IWL enjamlary, häzirki zaman kompýuter tehnikalary, metallurgiýa pudagynyň önümleri, gurluşyk serişdeleri, azyk, dokma we ýeňil senagatynyň harytlary görkezildi.

Gyrgyz Respublikasynyň sergi bölümi dostlukly ýurduň milli we halkara derejelerde gazanan üstünliklerini beýan etdi. Sergä gelýän köp sanly adamlara un önümçiliginiň önümleri, azyk we dokma senagatynyň önümleri, hususan-da, ýüplükler, matalar, egin-eşikler hem-de iş egin-eşikleri görkezildi. Goňşy ýurtda öndürilýän Gün panelleri, hasaba alyş enjamlary, elektrodiodlar, köpkristally paneller uly gyzyklanma döretdi.

Azyk, ýeňil, dag-magdan senagatynyň, oba hojalygynyň gazananlary bilen doganlyk Täjigistanyň wekilleriniň diwarlyklary tanyşdyrdy. Şeýle hem bu ýerde elektrik yşyklandyryjy tehnikalar, halk senetçiliginiň serişdeleri, zergärçilik önümleri we beýlekiler görkezildi.

Köpugurly gözden geçirilişe gatnaşýan daşary ýurtlularyň arasynda Özbegistan Respublikasynyň guramalary we kompaniýalary bar. Olar belent mertebeli myhmanlary hem-de sergä gatnaşyjylary bilelikdäki ikitaraplaýyn taslamalaryň we işewür-meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyrdylar.

Üstünlikli hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysallarynyň biri bilelikdäki “Türkmen-UzAwto” türkmen-özbek kärhanasydyr. Ol Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň daşarky üsti açyk sergi meýdançasynda awtomobil gurluşygy önümlerini görkezdi. Şeýle hem şu ýerde, açyk asmanyň astyndaky meýdançada täjik tarapynyň oba senagatyna degişli tehnikany hem-de döwrebap awtobuslary — tebigy gazda işleýän elektrobusy we awtobusy, şeýle hem iki gatly awtobusy görkezendigini bellemek gerek.

Umuman, bu sergi dostlukly goňşy ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň dürli pudaklarynyň diňe bir gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi bolman, eýsem, toplanan tejribeleri alyşmak hem-de haryt öndürijileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirip, Türkmenistanda döredilýän amatly maýa goýum ýagdaýynyň, işewürligi alyp barmak we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.

Soňra döwlet Baştutanlary “B” topluma tarap ugradylar, olaryň barýan ýolunyň ugrundaky monitorlarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň–— Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem bu ýerde myhmanlara biziň ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk pudagynyň, dokma we halyçylyk toplumlarynyň, amaly-haşam sungatynyň we senagat ulgamynyň dürli görnüşli önümleri bilen tanyşdyrýan wideoşekiller hödürlenildi.

Sergi bölümleriniň çäkleriniň daşynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar halkara serginiň birinji iş gününiň jemlenmesine öwrüldi.

Şu gözden geçirilişiň çäklerinde birža söwdalary geçirildi, oňa ýurdumyzyň önümleri çykaryldy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçirilen söwdalarda, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň kompaniýalarynyň wekilleri, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we beýlekileriň işewürleri bäsleşdiler.

TDHÇB-de geçirilen birža amallarynyň arasynda nebithimiýa we gurluşyk önümçiliginiň önümleriniň, Diýarymyzda öndürilýän ýeňil senagatyň harytlarynyň, haly önümleriniň söwdalary boldy. 113 geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 108,9 million dollaryna barabar we 3,6 million manada deň boldy.

Ertir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda «Galkan» topary ilkinji bolup finala çykdy
top-arrow