Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Suwy rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Teswirlemeler
Suwy rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Çap edildi 27.07.2021
3038

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz 9-njy iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýakyn geljek üçin wezipeleri kesgitlemek bilen, oba hojalyk toplumynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan maýa goýumlarynyň özleşdirilmegini Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä tejribesinden ugur alyp, iri suw geçirijilerini, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlary ornaşdyrylmalydyr. Suw tygşytlaýjy usullary giňden peýdalanyp, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasaba alynmagy we bu işiň sanly ulgama geçirilmegi üpjün edilmelidir.

Milli Liderimiz: “Biz suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmalydyrys. Bu işde beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini giňden peýdalanmalydyrys. Garagum sähramyzyň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça bellän maksatnamamyzy durmuşa geçirmegi çaltlandyrmalydyrys” diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suwy rejeli ulanmak baradaky syýasatynyň çäklerinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.

Bu ägirt uly gidrotehniki desganyň gurulmagy netijesinde, ýurdumyzyň şor suw ulgamlary Baş şor suw akabasy we Daşoguz goly arkaly Garagumuň demirgazygynda ýerleşen Garaşor çöketligine zeý suwlaryny ýygnamak üçin bir bitewi ulgama birleşdirildi. Netijede, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar, zeý suwlarynyň Amyderýa akdyrylmagynyň hem-de öri meýdanlaryny basmagynyň öňi alynýar.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilip, onuň tebigy ýagdaýda arassalanmagy hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde, ony oba hojalyk toplumynyň hajatlary üçin, şol sanda täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek hem-de baglary suwarmak, tehniki zerurlyklar üçin peýdalanmak bolýar.

Bu babatda hakyky innowasion taslama bolan “Altyn asyr” Türkmen köli dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy goramak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge Diýarymyzyň mynasyp goşant goşýandygyny subut edýär. Bu köl Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň “Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakynda” Helsink Konwensiýasynyň düzgünlerini, degişli ugurda beýleki halkara ylalaşyklary gyşarnyksyz berjaý edýändigini tassyklaýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde, suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bu möhüm ulgamda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy oba hojalyk pudagyny netijeli ösdürmäge, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarlaryny köpeltmäge ýardam edýär.

“Ýylgynagyz” suw göteriji toplum şonuň aýdyň mysalydyr. Bu toplum Amyderýanyň ýokarky akymynda Lebap welaýatynyň ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrdy. “Zähmet — Türkmengala” abzal ýabynyň desgalar toplumynyň durkunyň düýpli täzelenilmegi, öz nobatynda, Mary welaýatynda Murgap derýasynyň sebitindäki ekin meýdanlaryny suw bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Kaka etrabynda gurlan suw hojalyk toplumy Ahal welaýatynda ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriň 25 müň gektara golaýyny suw bilen üpjün edýär.

Ýurdumyzyň daglyk ýerlerinde sil suwlaryny toplamak üçin niýetlenen suw howdanlaryna hem ähmiýetli orun degişlidir. Munuň özi sil suwlarynyň emele gelmeginiň, ýetirýän zyýanynyň öňüni almaga, ýygnanan suwy bolsa, ilatyň hojalyk hajatlary, ekerançylyk ýerleri, baglary we üzümleri suwarmak üçin ulanyp bolar. Hususan-da, şonuň ýaly emeli suw howdanlary Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky «Gozgançaýyň» boýunda guruldy hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda gurluşygy alnyp barylýar.

Lebap welaýatynda “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barlyp, bu howdanyň göwrümi 3,85 milliard kub metre çenli giňeldiler. Ýurdumyzyň iň uly suw howdany Amyderýanyň suwunyň Garagum derýasy boýunça bökdençsiz bellenen mukdarda akmagyny üpjün etmeklige mümkinçilik berer.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, gündogar sebitde, Garagum derýasynyň baş suw bölüji böleginde göwrümi 4 milliard kub metr bolan suw howdanyny gurmak boýunça taslama işleri ýerine ýetirildi hem-de bu desganyň suwasty kanaly gurulýar.

Mundan başga-da, Garagum derýasynyň boýundaky “Hanhowuz” hem-de Murgap derýasynyň boýundaky “Saryýazy” suw howdanlarynyň göwrümleri giňeldilýär. Umuman, bular suw serişdeleriniň gorlaryny döretmäge, suwy möwsüme görä netijeli paýlamaga hem-de zerurlyk ýüze çykýança saklamaga kömek edýär.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metre barabar bolan suw howdanynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu howdan Garagum derýasyndan akýan suwy sazlamaga hem-de oba hojalyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw hem-de ekologiýa diplomatiýasyny Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi. Bu syýasat parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.

Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Hazarýaka döwletleriň we GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerinde çykyş edip, BMG-ä agza döwletleriň hemmesi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, onuň işi üçin ýurdumyzyň hemme zerur düzüm böleklerini üpjün etmäge taýýardygy hem-de Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite Maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler bar.

Biziň ýurdumyz şeýle başlangyçlary öňe sürmek bilen, Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdelerini peýdalanmagyň halkara hukugynyň, birek-biregi hormatlamagyň umumy ykrar edilen kadalarynyň hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda amala aşyrylmalydyr diýen ýörelgeden ugur alýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde oňyn tejribelerini bellemek gerek. Şu ýylyň maýynda serhetüsti derýalaryň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak hem-de serhet ýakasynda ýerleşen iki döwletiň suw hojalyk desgalarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda ylalaşyga gol çekildi. Onuň türkmen tarapyndan düzümini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklady.

Suw serişdelerini dolandyrmakda, olary peýdalanmakda we aýawly saklamakda, bu ugurda ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrmakda, suw hojalyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmek şol toparyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi hökmünde garap geldi. Halkymyz suw damjasyny altyn dänesine deňäp, ony aýawly ulanmak däbini nesilden-nesle geçirip gelýär.

Bu gün suw hojalygynda öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli we ýerlikli ulanmak boýunça alnyp barylýan anyk işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň rowaçlygy ugrunda alnyp barylýan işleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam berýär.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow