Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 27.07.2021
2281

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Saud Arabystanynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we taraplaryň ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna esaslanýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Diplomat, tutuş dünýäde bolşy ýaly, Saud Arabystanynda hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerini goldaýandyklaryny nygtady. Şol syýasat bolsa tutuş Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar. Milli Liderimiziň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren möhüm başlangyjy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyza özüniň Bitaraplyk derejesini amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga meýillidigini tassyklap, syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekde-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi bolsa iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň geljegi barada içgin pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan möhüm ylalaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Diplomat Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň ysnyşykly işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň işi hem öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlary we beýleki ugurlaryň birnäçesi geljegi uly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem türkmen-saud gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň örän wajypdygy bellenildi. Munuň özi ruhy däpleriniň hem-de taryhyň dowamynda emele gelen aragatnaşyklaryň umumylygy bilen birleşen iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Mirasdüşer Şazadasyna özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny aýtdy. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we diplomat birek-birege iň gowy arzuwlary beýan edip, taraplaryň gyzyklanmasynyň hem-de iki ýurduň doganlyk halklarynyň hoşmeýilli erk-isleginiň türkmen-saud gatnaşyklaryny täze, özara bähbitlere laýyk gelýän derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
top-arrow