Jemgyýetimiziň bitewüligini we jebisligini, häzirki nesliň pederlerimiziň beýik ruhy gymmatlyklaryna ygrarlylygyny aýdyň beýan edýän Gurban baýramy geçen hepdäniň möhüm wakasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, tutuş ýurdumyzda bu baýram üç günüň dowamynda uly dabara bilen bellenip geçildi.
Milli Liderimiziň Gutlagynda belleýşi ýaly, many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe — beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar we jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar, täze maksatlara ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.
19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek, düzümini döwrebaplaşdyrmak, öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz Aşgabatdaky agyz suwy zawodyny düýpli abatlamak, könelişen suw geçirijileri döwrebaplaşdyrmak hem-de suwuň ygtybarly, halkalaýyn suw üpjünçilik ulgamyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy, kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desgadaky gurluşyk işlerini bellenilen möhletde tamamlamagy we onuň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň jemagat hojalyk düzümleriniň işini innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy hem-de dünýädäki iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmek, köprüleri we ýollary döwrebaplaşdyrmak hem-de şäherde guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda söhbetdeşler mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler.
Milli Liderimiz Seýed Ebrahim Raisini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 5-nji awgustynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak baradaky iberen çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz wezipä girişmek dabarasynyň geçirilýän senesiniň ýurdumyzda ozal ylalaşylan ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän senesine gabat gelýändigi sebäpli, bu möhüm çärä hut özüniň gatnaşmagyna mümkinçilik bermeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Eýrana ýokary derejeli türkmen wekiliýeti iberiler.
Milli Liderimiz Eýranyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn belledi. Eýran bilen ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge, şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň şu ýyl bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.
21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde täze ýaşaýyş toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Daşoguz şäheriniň Halkara howa menzilinde guralan dabarada döwlet Baştutanymyz hemmeleri mübärek Gurban baýramy hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli täze binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi. Bularyň hemmesi mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny, Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar böleginde ulanylmaga berlen ýaşaýyş toplumy dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 15-sinden ybaratdyr. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 368 öýüň 48-si ýaşaýyş jaýyna mätäç adamlara niýetlenendir. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalary terbiýelemek üçin ähli şertler döredildi.
Milli Liderimizden jaý sowgat alan köp çagaly maşgalanyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtly jaý eýeleriniň öýünde myhmançylykda boldy hem-de täze öý, onda döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň mynasyp durmuş şertlerini üpjün etmegiň döwletimiziň esasy wezipesi bolup durýandygyny belläp, öý eýelerini täze jaý bilen gutlady hem-de olara maşgala abadançylygyny saglyk we üstünlikler arzuw etdi. Soňra öý eýeleriniň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz bu bagtly maşgala bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra milli Liderimiz Daşoguz şäherinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Ýolugra milli Liderimiziň ulag kerweni Daşoguz şäheriniň “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkeziniň ýanynda saklandy.
Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen söhbetdeşliginde döwletimiziň çagalaryň sazlaşykly ösmegi hem-de saglygyny goramak we berkitmek barada hemişe alada edýändigini, bu ýörelgeleriň bolsa, döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglaryny bermek hakyndaky karara gelendigini aýdyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu giň möçberli toplum 3 müň adama niýetlenen sadaka jaýyny, medeni-köpçülikleýin çärelerini guramak üçin açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki toplumy we beýlekileri öz içine alýar. Şeýle hem bu toplumda şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli dabaralary, konsertleri, at üstündäki dürli oýunlary guramak üçin hemme şertler göz öňünde tutuldy.
Bu özboluşly desga döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Binanyň gurluşygynda häzirki zaman binagärlik sungatynyň gazananlary hem-de milli binagärlik däpleri göz öňünde tutulyp, ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ak öý milletimiziň durmuş-medeni mirasy bolmakdan başga-da, döwletlilik ojagydyr. Maşgala agzybirliginiň, abadançylygynyň we türkmenleriň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň özboluşly nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyz binanyň bezeg aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy hem-de giň eýwanda guralan halkymyzyň gündelik durmuşynda giňden ulanylýan öý-hojalyk esbaplarynyň sergisi bilen tanyşlygyndan soňra, medeniýet we sungat işgärleriniň konsertine gatnaşdy.
Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň ýeten belent derejesi, dürli ugurlary görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Umumadamzat medeni baýlygynyň bir bölegi hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen hem-de milli medeniýetiň sazlaşygyny we ruhuny özünde jemleýän “Küştdepdi” tansy täsirli çykyşlaryň biri boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobus sowgat berdi we baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.
22-nji iýulda Ruhyýet köşgünde milli Liderimiziň golaýda geçirilen iş maslahatynyň barşynda beren tabşyrygy boýunça paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrlarynyň taslamalary bilen tanyşdyrylyş guraldy.
Döwlet Baştutanymyza S.Türkmenbaşy hem-de A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binalarynyň taslamalary görkezildi. Şeýle hem şu ýerde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binasyny gurmak meýilleşdirilýär.
Paýtagtymyzyň köpugurly lukmançylyk binalarynyň düzüminiň üsti Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara onkologiýa merkeziniň binalary bilen ýetiriler.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň şekil taslamasy, “Dokmaçylar” medeni merkeziniň baş meýilnamasy hem-de Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda guruljak dynç alyş zolagynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda guruljak seýilgähiň, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda ýaşaýyş toplumynyň we jemgyýetçilik binalarynyň, şeýle hem döwrebaplaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan ýol-ulag düzümleriniň şekil taslamalary bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara düýpli bellikleri aýtdy we birnäçe düzedişleri girizdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň baş şäheriniň gurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilende, gurluşyk işleriniň hili halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Jaýlaryň içki we daşky bezeg işlerinde milli ýörelgeler işjeň peýdalanylmalydyr. Paýtagtymyzyň çäginde we onuň töwereklerinde degişli ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagy möhüm talap bolup durýar.
22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň we käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüş meýilnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, birnäçe ugurlar boýunça kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna möhüm üns berildi.
Şeýle hem dürli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmagyň wajypdygy barada gürrüň edildi.
Döwlet Baştutanymyz bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligiň, hususy telekeçiligiň ösdürilmegine, döwlet eýeçiligindäki edaralary hususylaşdyrmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrylmagy tabşyrdy we içerki bazary azyk önümleri hem-de zerur harytlar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 23-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen düzümi — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Türkmenistanyň köptaraply milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde “Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi” Eýran bilen bilelikde “Türkmeniň keşdeçilik sungaty” ugurlary taýýarlanyp, ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna iberildi. Olar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.
Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda medeni taslamalary öňe sürýär. ÝUNESKO-nyň “Şäherleriň döredijilik toruna” Aşgabat şäherini girizmek boýunça teklip bar. Onuň çözgüdi şu ýylyň oktýabr aýynda mälim ediler. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama boýunça resminamalaryň toplumy bu gurama tabşyryldy. Bu babatda gutarnykly çözgüt 2021-nji ýylyň dekabr aýynda kabul ediler.
Milli Liderimiziň resmi çykyşlaryndan we syýasy başlangyçlaryndan ugur alnyp, degişli teklipler taýýarlanyldy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly transmilli hödürnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu hödürnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň üç sany, ýagny, Repetek biosfera, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde, Köýtendag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça resminamalar taýýarlanylýar. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde işleri güýçlendirmek teklip edilýär.
Mejlisde döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge, jemgyýetde ýokary ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilen işlere ünsi çekip, halkymyzyň milli medeni mirasyny, belent ynsanperwer däp-dessurlaryny, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we giňden wagyz etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda gysga möhletli okuwlary guramak baradaky meselä geçip, döwlet gullukçylarynyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny, her bir gullukçynyň watansöýüjilik, halallyk, işe jogapkärli çemeleşmek häsiýetlerini özünde jemlemek bilen, nusgalyk görelde bolmalydygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň sarp edijilerini zerur bolan importyň ýerini tutýan önümler bilen doly üpjün edip biljek kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar, bu önümçilikde esasy çig mal bolup, kaolin önümi giňden ulanylýar.
Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň taslama kuwwatyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna bu önümhananyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Şol kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi hem-de durkunyň täzelenilmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän çig mal üçin harç edilýän serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Bu düzüm serhetüsti derýalaryň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we iki döwletiň serhetýaka çäklerinde ýerleşýän suw hojalyk desgalarynyň işini üpjün etmek maksady bilen döredildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda hem-de dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda sanly tehnologiýalaryň möhüm ornuny belläp, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edaralarynyň gurluşyny tassyklady.
Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, önümçilik kärhanalarynyň çig mal üpjünçiligini ýokarlandyrmak, söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende, kagyz galyndylaryna hem-de taýýar çap edilýän önümlere degişli möçberde gümrük paçlary bellenildi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyna, milli önümleriň halkara sergisine, milli tagamlaryň festiwalyna hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler girizildi.
Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklary hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etjek çäreleriň ähmiýetini belledi. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan iri sebit we halkara ähmiýetli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekip, öňde boljak halkara ähmiýetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde kärdeşini doglan güni bilen gutlady. Şeýle hem özbek Liderini we Özbegistanyň doganlyk halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen mübärekledi.
Iki döwletiň Baştutanlary sazlaşykly ösüş ýoluna düşen türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilýän ugur boldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özbek kärdeşini şu ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.
Geçen hepdede Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şu günler Tokioda geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän türkmen türgenleriniň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Tokioda saparda boldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, birnäçe wajyp, ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdy. Şol duşuşyklarda möhüm ugurlar, ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna we geljekki ösüş ugurlaryna garaldy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalary Watanymyzyň mukaddes Tuguny uly buýsanç bilen göterip geçdiler.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän köpugurly syýasaty esasynda gazanýan hemmetaraplaýyn ösüşiniň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky ajaýyp beýanyna öwrüldi. Bu wakalar döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, jemgyýetimiziň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşýändigini aýdyň görkezdi.