Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 20.07.2021
1914

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz gadymdan bäri ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hem-de haýyr-sahawatlylyk ýaly, müdimi ynsan gymmatlyklaryny ündeýän mukaddes Gurban baýramynyň külli musulman ymmatynda özara düşünişmegiň we raýdaşlygyň pugtalanmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Seýed Ebrahim Raisini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 5-nji awgustynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak baradaky iberen çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz wezipä girişmek dabarasynyň ýurdumyzda ozal ylalaşylan ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän senesine gabat gelýändigi sebäpli, bu möhüm çärä hut özüniň gatnaşmagyna mümkinçilik bermeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Eýrana ýokary derejeli türkmen wekiliýeti iberiler.

Dostlukly döwletiň Baştutany gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, türkmen Lideri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga, özara gyzyklanma bildirilýän halkara, sebit syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdi, şol hyzmatdaşlyk bolsa gadymdan bäri ruhy, medeni, taryhy umumylygy bilen baglaşan iki halkyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär.

Biz Eýran Yslam Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Taraplar ýurtlaryň däp bolan köp ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek babatda alan ugrunyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň, onuň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Eýranyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn belledi. Bilelikde amala aşyrylan taslamalaryň ençemesi şol hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Eýran bilen ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda netijeli hem-de özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär.

Söhbetdeşler taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, bar bolan ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanmak maksady bilen gatnaşyklaryň has netijeli, döwrüň talabyna laýyk gelýän usullaryny gözlemegiň zerurdygyny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, köp asyrlyk dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, eýranly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge, şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň şu ýyl bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagt, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow