Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Çap edildi 18.07.2021
1717

Iýul aýynyň 17-ne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda öňde duran wezipeler hem-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasy işler, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň başynda belleýşi ýaly, öňde durýan şanly sene mynasybetli medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak zerur bolup durýar. Baýramçylygyň öň ýanynda meýilleşdirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi esasy wakalaryň biri bolar.

Ýylyň ahyryna çenli öňümizde alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatymyz esasynda baky Bitaraplygymyza esaslanýan ençeme halkara çäreler bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýlelikde, awgust aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, soňra bolsa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Bu çäre üçtaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam berer. Bulardan başga-da, ýurdumyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Baky Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygyna bagyşlanan çärelere ençeme döwlet Baştutanlaryny, meşhur syýasatçylary we alymlary çagyrmak meýilleşdirildi.

Görnüşi ýaly, ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm meseleleriň we çäreleriň birnäçesini geçirmek bellenildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Daşkent şäherinde saparda bolup, “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşandygy, forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň bolandygy, onuň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada hasabat berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de halkara forumlaryň çäklerinde guraljak ikitaraplaýyn duşuşyklara, sergilere, maslahatlara görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumatlary berdi. Şol bir wagtda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilen ykdysady forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli edaralar bilen bilelikde zerur bolan taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, bu ugurda ähli tagallalaryň edilýändigini belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa 6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Bu çäräniň esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ylmy ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek bilen bagly meselelere garamakdan ybaratdyr. Duşuşyga daşary ýurtlaryň wekilleriniň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň Başlygy forumyň maksatnamasy barada maglumat berdi. Myhmanlar üçin türkmen amaly-haşam sungatynyň hem-de sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenç guralar.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi üçin gurnama işleri alnyp barylýar. Onda milli pawilýonlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň pawilýonlaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Hasabatyň çäklerinde foruma gatnaşyjylary hem-de daşary ýurtly myhmanlary aragatnaşyk we ýokary tizlikli internet hyzmatlary, şeýle hem ulag serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow öňde boljak halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem halkara forumlaryň çäklerinde guraljak sergileriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Guraljak çärelerde, sergilerde Türkmenistanyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň baý medeni-ruhy mirasynyň, asyrlaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklaryň öz beýanyny tapmagy ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde, ýörite işler geçirilýär we çäreleriň medeni maksatnamasy taýýarlanylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen halkara çäreleriň düzüminde muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini, Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suw çüwdürimli seýilgähde Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde, medeni maksatnamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Artistleriň çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň abadançylygy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösüşi öz beýanyny tapar.

Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň 34-siniň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň, ýene-de şu ýylyň dowamynda birnäçe desganyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň ýurdumyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, munuň mähriban halkymyzyň yhlasly zähmetiniň aýdyň netijesi bolup durýandygyny belledi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Forumlaryň we onuň çäklerinde guraljak medeni-durmuş ähmiýetli çäreleriň geçiriljek ýerlerinde degişli abadançylyk işleri alnyp barylýar. Bu künjekleriň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirjek halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Soňra milli Liderimiz giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda şanly senelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýändigini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe desgalaryň gurlup ulanylmaga berlendigini, şeýle hem şu ýylyň dowamynda ýene-de köp sanly binalaryň gurluşygynyň tamamlanjakdygyny aýdyp, täze desgalaryň halkymyz, ýurdumyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgatlaryna öwrülýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, şol ýurtlaryň zenanlarynyň dialogynyň we olar bilen bagly çäreleriň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini belledi. Munuň özi Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän milli syýahatçylyk zolagynyň halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara çäreleriň sebitiň döwletara gatnaşyklarynyň hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäre geçiriler. Olar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Guramaçylyk toparyny döretmek barada karara gelendigini mälim etdi. Toparyň düzümine wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Berdimuhamedow, Ç.Amanow, Ç.Gylyjow, M.Mämmedowa, M.Geldinyýazow, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew girdi. Milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministrini Guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde belläp, oňa öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine we häzirki zaman talaplaryna laýyklykda mynasyp garşylanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy atly birinji forumy guramak meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmeginiň möhümdigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşandy bolar.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde forumyň maksatnamasynda görkezilen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz Balkan welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, öňde boljak çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça teklipleri hem-de Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ykdysady forumyň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara forumlaryň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungatynyň ussatlarynyň çykyşlaryny, milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini, sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisini hem öz içine alýan forumlaryň çäklerinde göz öňünde tutulan medeni çärelere ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumlara gatnaşyjylary ýokary tizlikli internet we halkara aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ünsi çekip, zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümleriniň sergisini ýokary derejede guramak babatda hem anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň howa menzilinde we serhet geçiriş nokatlarynda wekiliýet agzalarynyň polimeraz zynjyrly reaksiýa barlagyny guramak, kesgitlenen ýerlerde hereket edýän lukmançylyk nokatlarynyň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny ýola goýmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumlaryň geçirilýän döwründe düzgün-tertibi ýola goýmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähli çäklerinde, myhmanhanalarda arassaçylyk, abadançylyk çärelerine-de möhüm ähmiýet berilmelidir. Bagy-bossanlyga bürenen Awazanyň ähli ýerlerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanylmagy bilen baglanyşykly meseleler ünsden düşürilmeli däldir.

Giňişleýin mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebit we halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini nazara alyp, meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Munuň özi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taryhy ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň özüniň ýokary derejesine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň möhüm meselelere garalan giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow