Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan — Gyrgyzystan: gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýolunda
Ykdysadyýet
Türkmenistan — Gyrgyzystan: gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýolunda
Çap edildi 30.06.2021
3686

29-njy iýunda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna ýörite ýük baryp gowuşdy. Munuň özi ýakynda türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açandygyny hem-de dostlukly döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryna goşmaça itergi berendigini bellemek gerek.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ugradylan ýük uçarynyň Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherine baryp gonmagy şatlykly pursatlara beslendi. Munuň özi ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge girişilýändigini alamatlandyrýar.

Özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesi mahsus bolan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hem-de iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara laýyklykda, ýurdumyzdan umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryndan gowrak bolan azyk harytlary, himiýa we tehnika serişdeleri ugradyldy.

Deňhukukly, özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de onuň köpugurly mümkinçilikleriniň netijeli amala aşyrylmagy umumy bähbitlere we durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Türkmenistandan gelip gowşan ýükleriň öz ýurdunda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşantdygyny we dürli ölçegdäki plastiki, keramiki we faýans önümleriň ýurtda alnyp barylýan gurluşyklar üçin niýetlenen zerur serişdelerdigini aýratyn belledi. Şeýle hem şol ýükleriň arasynda mebel, köke-süýji önümleriniň bardygy nygtaldy. Mundan başga-da, harytlaryň hatarynda Türkmenistanda öndürilen matalaryň dürli görnüşleri, polipropilen we polietilen, nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşleri bar. Bularyň ählisi goňşy döwletiň ykdysadyýetiniň netijeli ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň binýatlaýyn esaslary barada aýdanyňda, ilkinji nobatda, onuň möhüm ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşine bolan garaýyşlarda özara düşünişmegi berkitmegiň we sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn möhümdigini bellemek gerek.

Bu gün Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa giňişliginde durnukly we oňyn ösüş ýagdaýynyň möhüm şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýär.

Işewürlik ugry boýunça özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesiniň has-da artdyrylmagy, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergileriniň guralmagy bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam edýär.

Bu çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine döwlet derejesinde goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
top-arrow