Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2021
914

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, täze taryhy eýýamda ýurdy ösdürmegiň giň möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmakda uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasy ugruň çäklerinde abraýly halkara guramalar, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz we YHG-nyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyp, Türkmenistanyň häzirki wagtda bu Guramada başlyklyk etmegi hem-de degişli Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi babatdaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň, şol sanda YHG-nyň XIV sammitinde beýan eden başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa sebit hem-de halkara ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Jenap Hadi Soleýmanpur milli Liderimize özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge, onuň täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň YHG-de başlyklyk etmeginiň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistanyň we YHG-nyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow