Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2021
783

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Täjigistanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglygyny, abadançylyk we Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Aziýanyň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň Merkezi Aziýada we dünýäde abraýy yzygiderli ýokarlanýar hem-de berkeýär, üstünlikli alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty bolsa sebitdäki howpsuzlygyň we ösüşiň bähbitlerine hyzmat edýär. Täjigistan milli Liderimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny hemişe goldaýar we doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Emomali Rahmona gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip hem-de iň oňat arzuwlaryny beýan edip, umumy medeni däpler we ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen bagly bolan döwletara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini we häzir barha täze depgine eýe bolýandygyny nygtady.

Iki ýurduň Liderleri telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwrüň anyk ýagdaýlary hem-de sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlar nazara alnyp, özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, dürli derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. Şol duşuşyklar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine çykmaga mümkinçilik berdi.

Taraplar ulag, nebitgaz we himiýa senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ulgamlarynda ägirt uly mümkinçilige eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şu babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze, geljegi uly ugurlaryny tapmak, göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak we eksport-import amallarynyň gerimini giňeltmek aýratyn ähmiýete eýedir.

Iki dostlukly ýurduň Baştutanlary özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Täjigistanyň abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, ÝHHG-niň, GDA-nyň çäklerinde özara goldaw berip, üstünlikli gatnaşyk edýändigi bellenildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary has-da giňeltmek, şol sanda ylym-bilim we medeni hyzmatdaşlygy höweslendirmek babatda hem pikirlerini aýtdylar.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege saglyk we üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
top-arrow