Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2021
1697

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesine degip geçmek bilen, onuň iki halkyň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny nygtady. Bu gün şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de özara goldamak ýörelgelerine laýyklykda, okgunly ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň birek-birege ynanyşmak we özara düşünişmek derejesiniň örän ýokarydygy nygtaldy. Munuň özi ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýediginiň gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berjekdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň ýurdumyzyň öňden gelýän we möhüm ykdysady hyzmatdaşydygyny nygtady. Soňky ýyllarda goňşy ýurt bilen bilelikde Hökümet hem-de pudak derejesinde özara gatnaşyklaryň uly tejribesi toplanyldy.

Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň entek doly açylmandygy we bu ugurdaky kuwwatdan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bar bolan mümkinçilikleri has doly ulanmagyň zerurdygy bellenildi. Goňşy ýurtlaryň yklymlaryň çatrygynda amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, üstaşyr ulag kuwwatynyň berkidilmeginiň hem-de özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak üçin işewürlik gatnaşyklarynyň höweslendirilmeginiň geljegi uly hasaplanylýar.

Umumy pikire görä, ynsanperwer meselesine, hususan-da, ylym we medeniýet ulgamlarynda has ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn üns berilmelidir. Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň taryhy hem-de ruhy umumylygy muňa gönüden-göni ýardam edýär. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk örän wajyp hasaplanylýar. Bu babatda ýurtlaryň ikisi hem halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýärler.

Biz mundan beýläk-de strategik hyzmatdaşlyga ygrarly bolarys. Bu hyzmatdaşlyk türkmen-gazak gatnaşyklaryny geljekde-de ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder diýip, milli Liderimiz nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Žomart Tokaýew iki doganlyk ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow