Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2021
2795

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli hem-de köpugurly işinde täze üstünlikler arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli ulgamlarda ajaýyp üstünliklere eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglary üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, umumy taryhy kökleri, medeni däpleri we ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen baglaşan ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlyk ýokary derejede amala aşyrylýar. Ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklar özara düşünişmek hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda guralýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini aýdyp, dünýäniň ylmy-tehniki pikiriniň iň soňky gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara esaslanyp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligine ünsi çekdi.

Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we ruhy umumylyk bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň ylym, bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Iki ýurduň Liderleri ýurtlarymyzyň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, ileri tutulýan ugurlaryň ençemesi boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglary üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we işinde uly üstünlikler, doganlyk türk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
top-arrow