Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy — umumadamzat gymmatlygy
Medeniýet
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy — umumadamzat gymmatlygy
Çap edildi 26.06.2021
4199

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyga — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan “Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly halkara maslahat geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ylymlar akademiýasy hem-de Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy. Onuň baş maksady Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijilik mirasyny, milli döwletliligi ösdürmekdäki ornuny hem-de beýik ynsanperwer şahyryň umumadamzat ruhy gymmatlyklar hazynasyna goşan ägirt uly goşandyny wagyz etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda 2024-nji ýylda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram etmäge ýokary depginde taýýarlyk görülýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu şanly senäni dabaraly bellemek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi. Şu günki maslahat türkmen topragynyň beýik oglunyň hormatyna ýurdumyzda guralýan möhüm çäreleriň biri bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymgulynyň döredijilik mirasyny mundan beýläk-de düýpli öwrenmek hem-de giňden ýaýmak meselelerine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge ýardam bermelidir.

Halkara maslahatyň açylyşy beýik akyldar şahyryň adyny göterýän ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň birinde — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde boldy. Bu ýerde şahyryň döredijilik mirasyny öwrenmek we dünýäde wagyz etmek boýunça düýpli ylmy işler alnyp barylýar.

Şeýle giň gerimli işleriň netijeleri TDU-nyň binasynyň eýwanynda guralan sergide öz beýanyny tapdy. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işlerine we eserlerine aýratyn orun berlipdir. Bu kitaplaryň her biri okgunly ösýän Türkmenistana düşünmegiň özboluşly açary, milli medeniýetimiziň hem-de halk däp-dessurlarynyň örän baý dünýäsi boýunça ýolgörkeziji bolup durýar.

Sergide Magtymguly Pyragynyň dürli dillere terjime edilen köp sanly neşirleri, alymlaryň ylmy işleri hem-de şahyryň durmuşy we döredijiligi baradaky gyzykly edebiýatlar ýerleşdirilipdir.

Many-mazmuny boýunça millilige ýugrulan we çeperçilik babatynda örän köpöwüşginli, köpasyrlyk halk däp-dessurlarynyň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri hem görkezilýär.

TDU-nyň mejlisler zalyna DIM-niň, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan alymlar gatnaşdylar, olar türki dünýäni we edebi nazaryýeti, taryhy we filosofiýany, Gündogar halklarynyň medeni gatnaşyklaryny öwrenmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Alymlaryň köp sanlysynyň türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” medalyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Amerika, Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň ylym, bilim we döredijilik ulgamlarynyň wekillerini birleşdiren bu maslahat “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýylda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Magtymgulynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri biziň şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýär” diýlip bellenilýär.

Maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda Azerbaýjanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, şeýle hem ýurdumyzyň iri ylmy-medeni merkezleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň halkara ylmy hyzmatdaşlyk syýasatynyň, ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan hem-de ylmy gatnaşyklaryň giňeldilmegine, dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň medeni mirasynyň düýpli öwrenilmegine, wagyz edilmegine ýardam berýän düýpli özgertmeleriň uly ornuny we ähmiýetini belläp, öz zehinini öçmejek umumadamzat gymmatlyklaryna bagyş eden Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ruhy-aňyýet ösüşinde meşhur şahsyýetleriň biri bolup durýandygyny nygtadylar.

Halkara maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ylmy bölümleriň dördüsi boýunça dowam etdi.

Oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym-bilim ulgamynda ýeten sepgitlerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ynsanperwer gatnaşyklar ulgamynda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetini, umumadamzat ruhy gymmatlyklary nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy edebi mirasyny öwrenmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň eserlerini terjime etmek meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Ylmy maslahatyň dowamynda şahyryň dürli dillerde ýaňlanan goşgulary onuň eserleriniň çuň many-mazmunynyň, taglymat bitewüliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ýygnananlar Magtymgulynyň dünýä halklarynyň çeper pikirlenmesiniň ösüşine uly täsirini ýetiren döredijiliginiň ähmiýetiniň milli serhetleriň çäklerinden çykýandygyny hem-de mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn öwrenilmegini talap edýändigini nygtadylar.

“Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli Liderimize köpugurly ylmy we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirildi.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow