Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady
Çap edildi 20.06.2021
1369

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan BMG-niň Baş sekretaryna üstünlikleri arzuw etdi.

“Türkmenistan häzirki wagtda halkara durmuşyň ähli wajyp ugurlaryny öz içine alýan Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki wagtda deňhukuklylyk ýörelgesine we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda ählumumy meseleleri çözmekde, dünýä tertibini üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli, öňdebaryjy halkara edara hökmünde çykyş edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişiň BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen geljekde hem bu guramanyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmeginde onuň ornunyň güýçlenmegine, şeýle hem Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow