Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 18.06.2021
3320

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň kanunçykaryjylyk edarasynyň alyp barýan işi barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda birnäçe täze kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegi talap edilýän kanunçylyk namalary seljerilýär. Bu işler durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Mejlisiniň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň esasynda alnyp barylýar.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek arkaly, deputatlar tejribe alşylmagyny, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, gender deňligini üpjün etmek, çaganyň hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün edýärler. Şunuň bilen birlikde, deputatlar ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde oňyn döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini, täze kabul edilen kanunlaryň hem-de şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň döwletimiziň häzirki okgunly ösüşiniň möhüm şertidigini belledi hem-de ähli kabul edilýän kanunlaryň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, jemgyýetimizde agzybirligiň we bitewüligiň, onuň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşdyrylyp durulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. “Il saglygy —–ýurt baýlygy” diýen ýörelgeden ugur alnyp, onuň üsti anyk mazmun bilen ýetirilmelidir. Milli Liderimiz şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şäherlerde we obalarda hemme zerur şertleriň üpjün edilendigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek hem-de kanunçykaryjylyk babatda halkara tejribesini öwrenmek boýunça Mejlis bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň agzalary iş toparlarynyň maslahatlaryna gatnaşýarlar we Mejlisiň degişli komitetlerinde taýýarlanylýan kanun taslamalary bilen tanyşýarlar. Kabul edilýän kanunlaryň halkara kadalara we ölçeglere gabat getirilmegi bilen bagly wezipelere möhüm üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň, adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň hem-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamalaryny ýerine ýetirmek babatda zerur işler amala aşyrylýar. Hususan-da, bu ugurda hereket edýän kanunlara seljerme geçirilýär, şolary halkara konwensiýalara we beýleki halkara hukuk namalarynyň düzgünlerine gabat getirmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Halk Maslahatynyň agzalary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde milli maksatnamalaryň, giň gerimli özgertmeleriň, Halk Maslahatynyň şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen birinji maslahatynda tassyklanan täze kanunlaryň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýolunda mundan beýläk-de öňe ilerletmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde milli parlamentiň möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni nazara alyp, Halk Maslahatynyň agzalarynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmelidiklerini belledi.

Milli Liderimiz ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekip, Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekilmegi we adamlaryň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet bermelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz energetika ministri Ç.Purçekowy we “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Energetika ministri Ç.Purçekow içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Lebap welaýatynda gurulýan, kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekediniň, Ahal — Balkan — Daşoguz aralygynda halkalaýyn energoulgamyň işe girizilmegi, Ahal we Daşoguz elektrik beketlerinde bug turbinalarynyň oturdylyp, goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany çalt depginde senagatlaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmakda elektrik energetikasyna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Gysga döwrüň içinde dürli sebitlerde kuwwatly elektrik beketleriniň hem-de täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty Diýarymyzda her ýyl işe girizilýän iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere ibermäge-de mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika ulgamynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişine, şol sanda Lebap welaýatynda ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurulýan täze elektrik bekediniň hem-de “Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak meselesine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Bu ulgamda ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalar, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak barada şu gün gol çekiljek taslamany mysal getirdi.

Milli Liderimiz bu bekediň ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň başlangyjyna öwrüljekdigini, bu ýerde dünýäde iň soňky gazanylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek baradaky Milli strategiýasyny amala aşyrmakda anyk ädim boljakdygyny belläp, ähli energetikleri bu şanly waka bilen gutlady hem-de bekediň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek barada ministre degişli tabşyryklary berdi.

Ministr döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, energetika ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin güýç-gaýratlaryny we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Pudagyň öňünde durýan wezipeleriň birsyhly ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şu maksat bilen, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň çäklerinde häzirki zamanyň oňyn tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň onuň Ýewraziýa yklymynyň möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini berkidýändigini belledi. Bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri doly amala aşyrmagy esasy ugur edinýän döwletimiz ulaglaryň, şol sanda howa ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Pudagyň ähli düzümleri yzygiderli kämilleşdirilýär, täze howa menzilleri gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz Jebel şäherçesinde ähli babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine hem-de iň soňky gazanylan tehnologiýalara we nou-haulara esaslanýan döwrebap howa menzil toplumyny gurmak hakyndaky Karara gol çekilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini belledi.

Howa menzil toplumyny ähli görnüşli uçarlary kabul etmek üçin zerur ýerüsti uçuş serişdeleri bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düzümiň işgärlerini bu şanly waka bilen gutlap, ýokarda agzalan taslamany durmuşa geçirmek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy düzümiň ähli işgärleriniň adyndan pudagyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiniň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer halkara maliýe bazarlaryndan amatly şertlerde karz serişdelerini hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, ýerli önüm öndürijileri goldamak, kiçi we orta telekeçileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň bellenen wezipeleri çözmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Şeýle hem Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasyndan ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin maliýe serişdelerini bermek barada teklibiň alnandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna “Kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasynyň arasynda maliýe ylalaşygyny baglaşmak hakynda”, “Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde howa menzili toplumynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda”, “Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy ulgamyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen, şol sanda Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri tarapyndan amala aşyrylýan maliýe taslamalary üçin maýa serişdelerini çekýär.

Milli Liderimiz hödürlenen Kararlaryň taslamalaryny makullap we olara gol çekip, resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Bu ugurda görülýän çäreler bank ulgamyny netijeli dolandyrmaga, edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilen seljerme işleriniň netijelerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň banklaryň maýa goýum kuwwatyny artdyrmaga hem-de maýa binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge hem-de degişli amallarynyň möçberini giňeltmäge gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi makullap, göz öňünde tutulýan işleri bellenen möhletde hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bilim ministrlikleri tarapyndan 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly teklipler barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmagyň, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini belledi. Şundan ugur almak bilen, bu ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen, milli we halkara tejribäni öz içine alýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary önümçilige girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşik geçirildi we Hytaýyň “CNPC” kompaniýasynyň täjirçilik teklibi has amatly hasaplanyldy. Kompaniýanyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek we amala aşyryljak işler üçin hasaplaşyklary 2007-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, üç ýylyň dowamynda tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçirmek meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şertidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, täze uglewodorod ýataklarynyň, şol sanda dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça iri hasaplanylýan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi.

Bu babatda energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-iň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Her ýylda onlarça million kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm orun degişli bolan “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Diýarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen okuw we ylmy-önümçilik merkezleri yzygiderli gurulýar, atşynaslar üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilýär.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde we bu möhüm sene mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny, at çapyşyklaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmak meýilleşdirilýär. Atçylyk sport toplumynyň abatlaýyş işlerini 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan behişdi bedewlerimiziň ajaýyplygynyň, çeýeliginiň we ýyndamlygynyň uly şöhrata eýedigini hem-de türkmen halkynyň buýsanjydygyny, milli gymmatlygydygyny nygtady.

Häzir ýurdumyzda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagy, bu pudagyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin ägirt uly işler bitirilýär. Arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzda at çapyşyklaryny, milli at üstündäki oýunlary, päsgelçiliklerden böküp geçmek, uzak aralyga çapyşyklary we atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerini ösdürmek, olary halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Bu bolsa ýaşlary asylly halk däplerini dowam etmäge, atçylyk sporty bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz “Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we onda göz öňünde tutulan işleri ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň himiýa we nebitgaz senagatynyň, saglygy goraýyş hem-de agyz suwy kärhanalarynyň önümçilikleri üçin zerur bolan suwuk hlory satyn almak meselesi barada hasabat berdi.

Içerki sarp edijileri himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça işler “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy. Suwuk hlor ýurdumyzyň himiýa, nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde hem-de agyz suwuny öndürýän kärhanalarda suwy zyýansyzlandyrmak üçin giňden peýdalanylýar.

Konserniň bäsleşik topary 2021-2022-nji ýyllarda ýurdumyzyň önümçilikleri üçin zerur bolan suwuk hloruň 2 müň 900 tonnasyny satyn almak baradaky täze şertnamany baglaşmagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň önümçiliginde giňden ulanylýan, zerur himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere talabalaýyk gözegçiligi üpjün etmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän, sarp edijileriň uly isleglerinden peýdalanýan himiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky möhüm maglumat düzümleriniň desgalarynyň döwlet sanawyny döretmek, olaryň sazlaşykly hereketini we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýokarda agzalan pudagara topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda häzirki döwürde ýurdumyzda öňdebaryjy ylmy-tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda kosmos pudagyny ösdürmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça Hökümet toparynyň alyp barýan işleri barada hasabat berildi. Şu ýylyň 11-nji aprelinde Hökümet toparynyň ilkinji mejlisiniň çäklerinde degişli tekliplere hem-de ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde bu ugra degişli hünärleri açmak we dersleri girizmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mundan başga-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy we bu ugur boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu maksat bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly Fransiýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, şol sanda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda kosmos tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy taryhy waka öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kosmos pudagyny ösdürmek wezipeleriniň bu ugurdaky işi mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, ylmy barlaglary işjeňleşdirmegi, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy talap edýändigini belledi.

Ýer üsti gözegçilik barada aýdylanda bolsa, obasenagat, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda bu usuly ulanmagyň ägirt uly geljeginiň bardygyny bellemek gerek. Ol ägirt uly giňişlikde gözegçiligi ýola goýmaga, düzümleýin desgalaryň, iri gurluşyklaryň we ekologik çäreleriň ýagdaýy hakynda dessin maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmeginiň, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, halkara ylmy-tehnologiýa merkezleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Ýer üsti gözegçilik boýunça milli ulgamyny döretmek barada degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gaýtadan işlenilýän kagyz galyndylarynyň ýurduň daşyna çykarylmagyny düzgünleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy we yzygiderli goldawy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagy sazlaşykly ösýär hem-de onuň dürli pudaklarda eýeleýän orny pugtalanýar.

Milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary täze önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýärler. Şolaryň hatarynda kagyz önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanalar hem bar. Şol ýerde azyk we senagat önümlerini, halkyň sarp edýän harytlaryny gaplamaga niýetlenen kagyz gaplar, elsüpürgiçler, okuwçy depderleri, öý hojalygynda ulanylýan kagyz önümleri öndürilýär. Şeýle kärhanalaryň köpüsi çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilendir. Olaryň önümçilik kuwwatlyklary her ýylda 22 müň tonnadan gowrak kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Ýurdumyzyň içinde kagyz we karton gaplara bolan islegleriň artýandygyny, kagyz galyndylaryny daşary ýurtlara çykarmagy hem-de ýerlemegi tertipleşdirmek meselelerini nazara alyp, kagyz önümleriň önümçiligi boýunça kärhanalaryň kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, täze gümrük pajyny girizmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu meseleleri içgin öwrenmegiň we ony degişli derejede taýýarlamagyň zerurdygyny belledi hem-de onuň ekologiýa ugruna möhüm üns bermegi tabşyrdy. Ähli meýilleşdirilen çäreler ýurdumyzyň içinde kagyz önümleri gaýtadan işlemegiň mukdarynyň artdyrylmagyna, ugurdaş kärhanalaryň doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagyna, ösýän islegleri nazara almak bilen, içerki bazarlarda bu önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa häzirki wagtda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we 2022-nji ýylda Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, her ýyl geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi Türkmenistanda bolup geçýän medeni wakalary giňden beýan etmek, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösmegine, sungatyň köpdürlüligini üpjün etmäge ýardam bermek, medeni diplomatiýany ilerletmek hem-de täze zehinleri ýüze çykarmak wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

2022-nji ýylda bu döredijilik çäresini Mary welaýatynda geçirmek, şonuň çäklerinde bellenilen ähli medeni çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli guramaçylyk meseleleri göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasy wagyz etmekde hem-de döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakda we döredijilik kuwwatyny artdyrmakda Medeniýet hepdeliginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň türkmen sungatyna hem-de halkymyzyň baý döredijilik däplerine doly derejede wekilçilik etmelidigini, olaryň dowamatlylygyny hem-de ösüşini üpjün etmäge ýardam bermelidigini belledi.

Milli Liderimiz 2022-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Mary welaýatynda geçirmek meselesi bilen baglylykda, degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa söz berildi. Ol Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýaş nesilleriň beden saglygyny, ruhy ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek we maşgala medeniýetini kämilleşdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarladylar. Bu strategiýanyň baş maksady enäniň we çaganyň saglygyny goramakdan, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan saglygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Resminama laýyklykda, utgaşdyryjy we ýerli ýerine ýetiriji pudagara toparlary döretmek, ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça işleri kämilleşdirmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we olara gözegçilik etmek boýunça iş toparlaryny döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, eneleriň we çagalaryň saglygy, olaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň durmuşynyň ähli tapgyrlarynda saglygyny goramaga, ýaş nesilleriň arasynda saglyk babatda sowatlylygy ýokarlandyrmaga, ilatyň ýokary hilli sanly we täzeçil tehnologiýalara, dünýäniň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna, öňdebaryjy milli tejribä esaslanýan lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen täze milli strategiýanyň örän ähmiýetlidigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek hem-de şu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

YHG-nyň XIV sammitinde ýurdumyz bu gurama başlyklygy kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde, häzirki döwre çenli ministrlikleriň derejesindäki birnäçe duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, iýun aýynda energetika ministrleriniň dördünji duşuşygyny we YHG-ä agza ýurtlaryň milli statistika edaralarynyň bäşinji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzir ýylyň ikinji ýarymynda bellenilen çärelere taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

28-nji noýabrda Aşgabatda YHG-nyň XV sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu wajyp foruma taýýarlyk meseleleri 16-njy iýunda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli düzgünnama, şol sanda oňa giňden maglumat goldawyny üpjün etmek, forumyň çäklerinde degişli çäreleri guramak, YHG-nyň sekretariaty bilen bilelikde onuň maksatnamasyny, gün tertibini we jemleýji resminamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli teklipler işlenilip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň düzüminde Guramaçylyk toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen döwürde Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda uzak möhletleýin esasdaky tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolan özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belledi. Köptaraply netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan ýurdumyz YHG-ä agza ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz YHG-nyň geografik, taryhy we medeni däpleriň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglaşýan döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň guraly hökmünde utgaşdyryjy ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleriň açylmagy bu ugruň häsiýetli aýratynlygydyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň YHG-de başlyklyk etmek bilen, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini belledi hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň öňde boljak XV sammitine, şeýle hem beýleki meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, milli Liderimiziň garamagyna Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä hem-de däp bolan dostlukly we okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde, söwda-ykdysady we işewür hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmekde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirmekde türkmen-gyrgyz Hökümetara toparyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, onuň işiniň ähli möhüm ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna we beýleki degişli ýolbaşçylara döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak we bilelikdäki çäreleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ony durmuşa geçirmek we milli Liderimiziň degişli teklipleri taýýarlamak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Munuň özi, hususan-da, milli kanunçylygy kämilleşdirmek we bu ugurda halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy, Aziýanyň Ösüş Banky, Halkara Söwda Merkezi, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürmek ugruna degişlidir.

Strategiýany durmuşa geçirmek hem-de Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyk bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda jogapkärli düzümleri we onuň işine gatnaşjak hünärmenleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi we onuň düzümlerinde birnäçe ugurlar boýunça iş toparyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek babatda Hökümet toparynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirildi.

Bütindünýä Söwda Guramasyna doly hukukly agza hökmünde girmek üçin “Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni baradaky Ähtnamany” işläp düzmegiň 2021-2022-nji ýyllar boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak bellenildi.

Häzir ýokarda agzalan ugurlary öz içine alýan “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň ýol kartasy” taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Açyk gapylar”, parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Watanymyzyň dünýäniň köp döwletleri, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürýändigini, iri halkara guramalar, maliýe-bank düzümleri bilen ugurdaş hyzmatdaşlygy berkidýändigini belledi.

Milli Liderimiz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ýokarda agzalan Strategiýanyň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň eksporty doly amala aşyrmak, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligini artdyrmak, häzirki zamanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky degişli işleri ulgamlaýyn we toplumlaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow döwletimiziň gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde, Türkmenistan sebitara we yklymara ähmiýetli iri ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülýär. Gümrük edaralarynyň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan täze gümrük bölümleri gurulýar.

Döwlet gümrük gullugynda öňdebaryjy tejribä esaslanýan elektron ulgam hereket edýär. Ol onlaýn ýagdaýynda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çägi boýunça hereketine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, gümrük resminamalaryny resmileşdirmek işini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap programma üpjünçilikli bitewi maglumat-kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda “Bir penjire” ulgamyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän taslama barada maglumat berildi. Bu ulgam ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda gümrük işleriniň hilini has ýokary derejä çykarmaga ýardam edýär.

Abraýly halkara ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň konteýner ýük daşamalary boýunça Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy tarapyndan maslahat berlen gümrük konwensiýalaryna gatnaşýandygy habar berildi. “Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmeginiň üstaşyr gatnawlar hem-de logistiki hyzmatlar ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge hem-de ýurtlaryň arasyndaky goşulyşmak işine gatnaşmaga ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösmegi üçin möhüm şert hökmünde garaýar.

Milli Liderimiz halkara ýük daşamalarynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyna goşulmagyň hem-de söwda işini ýönekeýleşdirmek üçin dürli sanly ulgamlary we gurallary ulanmagyň bu babatda gaýragoýulmasyz wezipelerdigini nygtap, Türkmenistanyň konteýner ýük daşamalary boýunça tassyklan resminamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, şahsy düzümiň taýýarlygynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy, logistika ulgamyna innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagy, ygtybarly gümrük gözegçiligini guramagy şol wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz daşary söwda amallarynda ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu ugurda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, göni işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek ugrunda zerur işler amala aşyrylýar.

Hökümetara derejede gol çekilen we ýangyç-energetika toplumynda, ulag, gurluşyk, logistika ugurlarynda, tehnologiýalary alyşmakda özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berendigi bellenildi. Bu gün Türkmenistanda ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň iri kompaniýalary üstünlikli işleýärler.

Ýaponiýada öndürilen önümler türkmen bazarynda möhüm orun eýeleýär. “Komatsu”, “Toyota” we beýleki iri korporasiýalar bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Ýaponiýanyň ýokary öndürijilikli awtoulaglary oba hojalygynda hem-de ýol gurluşygynda we beýleki ugurlarda netijeli peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda ykdysady taýdan ýokary ösüş gazanýan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Häzir ikitaraplaýyn gatnaşyklar gadymy dostluk däpleri, ykdysady bähbitleriň we döwlet ösüşiniň milli ugurlarynyň deňeçerligine esaslanýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlary esasynda ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetlerine hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny we ugurlaryny kesgitlemekde oňyn mümkinçilikleri döredýän bilelikdäki işewür maslahatlaryna möhüm orun degişlidir. Netijeli hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi dürli pudaklarda täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýapon korporasiýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge bolan gyzyklanmalary artdyrýar diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna Türkmen-ýapon komitetiniň başlygy hökmünde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow