Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi
Syýasat habarlary
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi
Çap edildi 03.06.2021
2347

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

BMG-niň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy milli Liderimiziň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Ykdysady we durmuş strategiýasy hem ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, iri düzümleýin taslamalaryň aýrylmaz bölegidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk we sport, ekologiýa abadançylygy hem-de durnukly ösüş biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş, daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm başlangyçlaryň birnäçesiniň we şonuň bilen birlikde, peýdaly däpleriň, şol sanda watandaşlarymyzyň müňlerçesini — ähli ýaşdaky we hünärdäki wekilleri birleşdirýän welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek däbiniň başyny başlady. Golaýda Bütindünýä saglyk güni hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen sport çäreleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ine, şu gün hem milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Daň säherde welosipedli ýörişiň badalga alýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem milli parlamentiň iki palatasynyň wekilleri, talyp ýaşlar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň sowgat beren welosipedlerine erk edýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem bar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Sungat ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýaňlanan aýdymlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hem-de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, şol sanda sport ulgamynda ýeten belent sepgitleri wasp edildi.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň şaýollary boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri, seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi hem-de paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, hemişekisi ýaly, ajaýyp fiziki taýýarlygyny hem-de ýokary sport ussatlygyny görkezdi. Milli Liderimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, ýetginjeklik ýyllaryndan berkarar bolan ýörelgelerine eýermek bilen, bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hemişe uly üns berýär.

Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam edýändigi şübhesizdir. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär. Kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetiňi taplaýar, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Milli Liderimiz munuň şeýledigini özüniň şahsy göreldesi bilen tassyklap, watandaşlarymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde häzirki wagtda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe boldy. Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar. Sportuň bu görnüşi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda täze galkynyşa eýe boldy.

Mundan başga-da, welosiped ulagyň ekologiýa taýdan örän arassa görnüşidir. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz daşky gurşawa aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň wajypdygyny hemişe nygtaýar. Welosiped sürmek ruhuňy belende galdyrýar, şeýle hem mähriban ülkämiz boýunça gyzykly gezelençleri amala aşyrmaga, tebigatyň ajaýyp künjeklerine baryp görmäge mümkinçilik berýär.

Galyberse-de, welosipedli gezelençler tutuş maşgala üçin boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Welosipedde gezelenç etmek bedene kadaly agram salýar. Munuň özi bolsa adamyň bedeniniň möwsümleýin sowuklama we beýleki kesellere üstünlikli garşy durmagyny üpjün edýär. Lukman hünärmenleriň pikirine görä, welosiped netijeli kardiotrenažýordyr. Welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär.

Welosipedçiler myşsalaryny türgenleşdirip, bedeniň ganaýlanyşyny gowulandyrýarlar, aýaklaryň aýlawly hereketleri ganyň damarlarda durup galmagyna mümkinçilik bermeýär. Welosipedde gezelenç etmek göz myşsalaryny türgenleşdirmek babatda hem peýdalydyr. Welosipedçi hemişe öňe seredip, ýola üns bermeli bolýar, nazaryny bir zatdan beýleki bir zada geçirýär. Şeýle maşk şowalygyň ösmegini peseldýär.

Welosiped sporty kaloriýalary sarp etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şunda bedene zor salmak zerur däldir. Yzygiderli türgenleşikler bedende madda çalşygyny gowulandyrýar we agramyňa gözegçilik etmäge kömek berýär.

Ylmy barlagyň görkezişi ýaly, welosiped sürlende edilýän sazlaşykly hereketler we kadaly dem alyş ýadawlygy çykarmagyň ajaýyp usulydyr. Welosipedli gezelenjiň ugry täsin we ajaýyp künjeklerden geçýän bolsa, ol şähdiňi açýar.

Şeýlelikde, welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tebigatyň gözelliklerine we ajaýyplyklaryna syn etmäge mümkinçilik berýär. Halkara pikir alyşmalaryň netijesinde welosipediň adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşlarynyň biri hökmünde ykrar edilendigi tötänden däldir. Arassa howada, aýratyn hem säher çagynda gezelenç etmek goşmaça güýç-gaýrat, ylham berýär.

2018-nji ýylda BMG-niň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjynyň örän wajypdygyna hem-de möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatgyrynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly ajaýyplygyna öwrülen Welosiped binasy bu baýramçylygyň aýdyň nyşany boldy. Bu täsin binada mähriban halkymyzyň baý taryhy we onuň täze eýýamda gazanýan uly üstünlikleri, Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň ähmiýeti, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy.

Köpöwüşginli sport lybasyndaky welosipedçileriň hatary Aşgabadyň giň şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Bu ýollaryň ugrunda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ajaýyp binalar peýda boldy. Paýtagtymyzyň giň we ýagty şaýollary, täsin ýaşyl zolaklardyr seýilgähler, gül aýmançalary, özboluşly suw çüwdürimleri gözüňi dokundyrýar.

“Aziýanyň merjeni” diýlip atlandyrylýan, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen türkmen paýtagtynyň ajaýyp binagärlik toplumlarynyň üsti şu ýyl täze ak mermerli desgalar bilen ýetirildi. Ýene birnäçe ýyldan onuň demirgazyk böleginde “şäher içindäki şäher” ýörelgesi boýunça taslanan köpugurly “Aşgabat-siti” toplumy peýda bolar.

Onuň düzümi özüne durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 200-den gowragyny birleşdirer. Milli Liderimiziň başyny başlan bu ägirt uly taslamanyň esasy maksady nusgalyk “Smart sitini” kemala getirmekden ybaratdyr. Şol ýerde öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

Baýramçylyk welosipedli ýörişiň geçýän ugrundaky ajaýyp görnüşler oňa gatnaşyjylarda paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere özleriniň hem dahyllydyklary baradaky duýgyny has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň işjeň syýasy, işewür medeni we jemgyýetçilik merkezi bolan Aşgabat soňky ýyllarda iri sport merkezine hem öwrüldi. Sporty ösdürmek ulgamynda täzeçillik strategiýasynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň baş şäherinde kuwwatly we döwrebap, köpugurly düzüm kemala geldi.

Paýtagtymyzda täsin Olimpiýa şäherçesi guruldy we üstünlikli hereket edýär. Ol sebit hem-de dünýä derejesindäki abraýly ýaryşlaryň geçirilýän ýerine, ýurdumyzyň türgenlerini halkara bäsleşiklere taýýarlamak üçin esasy merkeze öwrüldi. Onuň düzümine üsti ýapyk Welotrek sport tiplumy hem girýär. Bu desga ähli görkezijilere, şol sanda tehniki üpjünçiligi babatda şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Onuň münberleri 6 müň tomaşaça niýetlenendir. Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. 2017-nji ýylda bu toplumda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welotrek boýunça ýaryşlar geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda welosiped sportuny wagyz etmek hem-de ony dünýä derejesine çykarmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) ýokary sylagy bilen sylaglanandygy bellärliklidir. Bu sylag aýratyn tapawutlanan şahsyýetlere gowşurylýar.

2018-nji ýylda köpugurly “Aşgabat” stadionynda welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Şol sapaga 3 müň 246 adam gatnaşdy. Şondan bir ýyl geçenden soň, Olimpiýa şäherçesinde “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” geçirildi. Oňa welosipedçileriň 2019-sy gatnaşdy. Bu çäreleriň ikisi hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwrebap sport desgalarynyň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlandygyny we ulanylmaga berlendigini bellemelidiris. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda bu ulgamy okgunly ösdürmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi, bu babatda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.

Saglygyňy berkitmegiň, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmagyň iň gowy serişdesi hökmünde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýä we sporta garaýşy durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu syýasatyň esasy maksady türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleri üpjün etmekden, sagdyn we ruhubelent nesli terbiýelemekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilkinji nobatda, öz göreldesi bilen sporta örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, yzygiderli welosipedli ýa-da atly gezelençleri amala aşyrýar, sport toplumlaryna baryp, türgenleşikleri geçýär hem-de awtomobil sporty bilen meşgullanýar. Döwlet Baştutanymyz awtomobil sportunda-da hem ýokary ussatlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşmagy diňe bir şol wakalaryň däl, eýsem, saglygy goramak we berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Welosiped sporty barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanda sportuň bu görnüşini giňden wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreleriň anyk netijeleri berýändigini bellemelidiris. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Ilatyň dürli ýaşdaky wekilleriniň örän köp sanlysy welosiped sporty bilen işjeň meşgullanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, howa şertleri hem-de bar bolan düzümler tutuş ýylyň dowamynda ýurdumyzda welosiped sporty boýunça ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alşylmagy sportuň bu görnüşini mundan beýläk-de höweslendirmäge hem-de ösdürmäge ýardam eder.

Welosipedçileriň hatary gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyzyň merkezine tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet binasynyň ýanyna gelip, welosipedli ýörişi tamamlady. Milli Liderimiz bellenen ýoly ussatlyk bilen geçip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň saglyk hem-de hemmetaraplaýyn kämilleşmek üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar hereketini dowam edip, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanylyp geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş şol ýerde tamamlandy.

Bu köpçülikleýin sport çäresi Türkmenistanda welosiped sportunyň meşhurlygynyň barha artýandygyny hem-de ulagyň elýeterli we ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipediň artykmaçlyklaryny nobatdaky gezek tassyklady. Şonuň bilen birlikde, geçirilen baýramçylyk welosipedli ýörişi jemgyýetimiziň jebisliginiň, türkmenistanlylaryň milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasynda goýlan ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz täze döredijilikli maksatlara hem-de belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar.

* * *

Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde, sagdyn we işjeň durmuş kadalary Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň esasy ýörelgesine öwrülip, ähli ýaşdaky adamlary bir maksadyň töwereginde jemledi.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow