Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 02.06.2021
2847

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwletimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilýändigini belledi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary galla oragyna “Bismilla” diýip, başlap bererler.

Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara we ähli oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, abadan, bagtly durmuş hem-de täze zähmet ýeňişlerini arzuw etdi. Şeýle hem milli Liderimiz daýhanlaryň sahawatly toprakdan bol hasyl aljakdyklaryna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Ol şu ýylyň bäş aýynda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsümine häzirki zaman kombaýnlarynyň we beýleki ýörite tehnikalaryň, galla kabul edýän bölümleriň taýýarlygynyň derejesi barada habar berildi. Şeýle hem gowaça ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, orak möwsümini guramaçylykly geçirmegiň anyk meýilnamasynyň düzülmelidigini, möwsümde işlediljek kombaýnlaryň we ýük awtoulaglarynyň zerur bolan möçberleriniň kesgitlenilmelidigini belledi.

Orak möwsüminde işleýänleriň ýokary zähmet öndürijiligini üpjün etmek, olaryň göwnejaý dynç alşyny ýola goýmak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz tabşyrdy.

Gowaça edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk hem-de ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi. Ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, galla oragyna taýýarlygyň derejesi, aýratyn-da, orak möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň bökdençsiz işini ýola goýmak, kabul ediş bölümleriniň işini talabalaýyk guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň möhüm şertini emele getirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, orak möwsümini bellenilen möhletlerde we ýokary netijeler bilen jemlemek wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz galla kombaýnlarynyň we beýleki tehnikalaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli taýýarlanmagynyň möwsümiň üstünlikli jemlenmeginiň möhüm şertidigine ünsi çekip, degişli iş şertleriniň hem-de olara medeni hyzmatlaryň üpjün edilmelidigini belledi we bu ugra dahylly gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilişini gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de öňde boljak galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Häkim ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmegiň, oňa degişli düzümleriň we ähli bölümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz galla kombaýnlaryny we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak meselesine ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işi üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Gowaça we beýleki ekinlere ideg işleri ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de häkime bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol bäş aýyň jemleri, galla oragyna girişmek boýunça görlen toplumlaýyn taýýarlyk işleri, galla kombaýnlarynyň, ýük ulaglarynyň, galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk işleri we beýleki möwsümleýin işler, şol sanda gowaça edilýän ideg barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan giň möçberli işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, galla kombaýnlaryny we beýleki ýörite tehnikalary netijeli peýdalanmak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti we oňaýly dynç alşy üçin zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bu möhüm oba hojalyk möwsümini guramakda bol hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýerlerde zerur çäreleri geçirmek üçin degişli tagallalary etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, oba hojalyk möwsümi, şeýle hem gowaçalara edilýän ideg işleri barada hasabat berdi.

Galla oragy möwsümine taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Galla orujy kombaýnlar, ýük awtoulaglary, galla kabul ediş bölümleri möwsüme doly taýýar edildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, galla oragy döwründe ähli işleriň bökdençsizligini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekip, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz meýdan işlerini alyp barmaga ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýetini belläp, gowaçanyň hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän beýleki ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigi barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän oba hojalyk toplumynda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Öňde boljak galla oragyny guramaçylykly geçirmek,gowaça degişli derejede ideg etmek boýunça ýerine ýetirilýän çäreler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wajyp oba hojalyk möwsümlerine taýýarlyk işleriniň berk gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyny belläp, bu işlere ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, obasenagat toplumynyň düzümlerine dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň we olary ýerli tejribeler bilen utgaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň we welaýatlaryň häkimleriniň işine nägilelikleri bildirdi. Olaryň işlerinde birnäçe kemçilikler bar. Hususan-da, ýerlerde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek işleri haýal alnyp barylýar, bellenilen meýilnamalary berjaý etmek, oba zähmetkeşleriniň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmeti üçin has amatly şertleri döretmek meselelerine ýeterlik üns berilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu işleri degerli derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz öňde örän möhüm möwsüm bolan galla oragynyň bardygyny, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen galla hasylynyň gysga möhletlerde we soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmalydygyny belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, tomus paslynyň yssy günlerinde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obalarda, ekin meýdanlarynda hem-de köpçülik ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem dürli maksatly binalarda ýangyn öçüriji enjamlaryň, suw howdanlarynyň we beýleki zerur serişdeleriň üpjünçiligi seljerilip durulmalydyr.

Jaýlary salkynladyjy enjamlaryň ulanylyşynyň artýandygyny nazara alyp, energiýanyň harçlanyşyna gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we köçelerdäki yşyklarda, maglumat tablolarynda ulanylýan energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerine seretmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow