Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 01.06.2021
1153

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn görnüşde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň ikinji baş maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat utgaşykly görnüşde Pakistanyň Yslamabat şäherinde öz işine başlady.

“Sebitde goşulyşmak üçin parlament hyzmatdaşlygyna goldaw bermek” YHG-nyň ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdiren iki günlük forumyň esasy mowzugy boldy. Oňa gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy döwründe durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak meselelerini, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyşlarda dürli ugurlar boýunça sebit gatnaşyklaryny goldamak meselelerine deglip geçildi.

Bellenilişi ýaly, abraýly halkara we sebitleýin guramalar, şol sanda YHG bilen giň gerimli we köpugurly hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şol strategiýa bolsa parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Şu ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek döwri Türkmenistana geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ol sebitde durnukly ykdysady ösüşi ilerletmäge gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ahyrky anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmesine, şeýle hem ileri tutulýan sebit we ählumumy wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Forum ertir öz işini dowam etdirer. YHG-nyň Parlament assambleýasynyň maslahatyna gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sebit gün tertibini ilerletmekde zenanlaryň orny, COVID-19 pandemiýasynyň durnukly ösüşe täsiri, YHG ýurtlarynda söwdany höweslendirmekde we syýahatçylygy ilerletmekde parlamentleriň orny ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow