Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Çap edildi 31.05.2021
2665

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän ajaýyp halkara baýram — Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri mähriban halkymyzyň, durmuşymyza bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döretsin!

Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarly, şeýle hem röwşen geljegimiz bolan çagalarymyzyň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy baş maksat edinen hem-de bagtly çagalygyň ýurduna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylygy, ynsanperwerligi, dostlugy dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu halkara baýramyň şanyna merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherdir obalarynda, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan milli öwüşginli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mähriban halkym!

Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirýäris. Şu maksatlardan ugur alyp, bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygarymyzyň astynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjekleri bolan Gökderede we Hazaryň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ertekilerdäki köşkleri ýada salýan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri, çagalyk döwrüni şadyýan we begençli, täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin zerur şertler döredildi.

Biz ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris. Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhynda buýsançly sahypalar ýazylýan şöhratly zamanamyzda eneleriň we çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini hukuk taýdan goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi, köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi, çaganyň we enäniň saglygyny goraýan «Ene mähri» saglygy goraýyş merkezleriniň döredilmegi çagalarymyzyň irki döwürden kadaly ösüşini hem-de abadan durmuşyny üpjün edýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Müňýyllygyň durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýan döwletdir. Biz dünýä bileleşiginiň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, bu ugurda, aýratyn hem çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara adamzadyň ahlak-demokratik ýörelgeleri esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge we tagallalary birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletimiz binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine goşuldy. Bularyň ählisi biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Müňýyllygyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we ählumumy abadançylygyň gazanylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
top-arrow