Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen özara gatnyşyklaryny işjeňleşdirýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen özara gatnyşyklaryny işjeňleşdirýär
Çap edildi 23.05.2021
2125

Şu gün, 23-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistana sapar bilen gelen Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew we «Wozroždeniýe» Taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň» ýolbaşçysy I.Bukato bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdy.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen özara hereketleriniiň oňyn depginini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, özara gatnaşyklary has hem ilerletmek babatynda ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň örän netijelidigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň fewralynda tassyklanylan söwda- ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça 2020 – 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär.

Sankt-Peterburgyň «ÖB «Wozroždeniýe» PJ, «Obýedinennaýa sudostroitelnaýa korporasiýa» (OSK) PJ ýaly öňdebaryjy kompaniýalary türkmen tarapynyň öňden bäri ygtybarly hyzmatdaşlary bolup durýar.

Mundan başga-da, döwlet ulgamynyň, işewürlik-toparlarynyň wekilleriniň, sungat ussatlarynyň yzygiderli geçirilýän duşuşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegine itergi berýär.

Häzirki wagtda taraplar gurluşyk, ýol-ulag infrastrukturasy, gämigurluşygy, bilim, medeniýet ulgamynda önjeýli hyzmatdaşlyk edýärler.


Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow