Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgeni Aýsoltan Toýçyýewa Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň ikisini eýeledi
Sport
Türkmen türgeni Aýsoltan Toýçyýewa Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň ikisini eýeledi
Çap edildi 24.04.2021
19343

Marydan sport ussady Aýsoltan Toýçyýewa Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda silterläp we iki synanşygyň jemi boýunça bürünç medallaryň ikisini eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Mätkarimowyň 24 ýaşly şägirdi olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna  girmeýän 81 kg çenli agramda şeýle netije gazandy, bu agram derejesinde 7 ýurtdan 8 türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi.

Aýsoltan iki synanşykda 218 kg (silterläp – 96 kg, itekläp – 122 kg) netije bilen 4-nji orna düşen Nigora Suwonowadan (Özbegistan) 1 kg artyk  we 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyndaky netijesinden 1 kg az ştanga  göterdi. Bu agramda Karina Kuzganbaýewa (Gazagystan) 232 kg (104+128 kg) netije bilen kümüş baýraga mynasyp boldy. 236 kg (103+133 kg) ştanga bäs gelen Çan Hýon Çžu (Koreýa Respublikasy)  Aziýanyň çempiony boldy.

Diňe bir medallar däl, eýsem Tokio olimpiadasyna gatnaşmak üçin utuklar gazanylýan Aziýa çempionatynda indi türgenlerimiz Öwez Öwezow (109 kg çenli)  bilen  Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg agramdan ýokary agramda) çykyş etmeli.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow