Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylary Nowruz baýramyny bellemegiň türkmen däpleri bilen tanyşdylar
Syýasy habarlar
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylary Nowruz baýramyny bellemegiň türkmen däpleri bilen tanyşdylar
Çap edildi 22.03.2021
3988

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary Nowruz baýramy mynasybetli tematiki çäreleri guradylar. Mälim bolşy ýaly, bu baýram ÝuNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilendir.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli Türki medeniýetiniň we mirasynyň Halkara gaznasynyň Bakudaky binasynda geçirilen dabara gatnaşdy.

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy Nowruz baýramy, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre gurady.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Yragyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Perunyň, Russiýanyň, Türkiýäniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilhanalary bilen bilelikde Nowruz baýramy mynasybetli onlaýn görnüşde tematiki duşuşyk gurady, onuň barşynda dürli ýurtlarda Nowruz baýramyny bellemegiň milli däplerini we aýratynlyklaryny şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Türkmenistanyň we Eýranyň Ilçihanalary Buharestde rumyn tarapynyň goldamagynda wirtual görnüşde hem elýeterli baýramçylyk sergisini guradylar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri ýurdumyzyň Kazandaky Baş konsullygynyň goldamagynda Nowruza bagyşlanan folklor gözden geçirilişine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de halklaryň arasynda dostlugyň nyşanasy hem bolan Nowruz baýramyna bagyşlanan tegelek stol gurady. Oňa diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly konsert gurady, oňa Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow