Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Çap edildi 21.03.2021
3077

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Nowruz baýramy mynasybetli berkarar ýurdumyzda guralýan baýramçylyk çäreleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny has-da şöhratlandyrjakdygyna, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn!

Ençeme müňýyllyklaryň dowamynda köp halklaryň durmuşynda asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelnen Nowruzy merdana ata-babalarymyz täze ýylyň başlanmagy hökmünde giňden baýram edipdirler. Nowruzyň gelmegi bilen tebigat janlanyp başlaýar. Agaçlar pyntyklap, sahawatly sähramyz, boz meýdanlarymyz ýaşyl lybasa beslenýär. Halkymyzyň ekerançylyk bilen bagly gadymy däp-dessurlary Nowruz baýramynyň bellenýän günlerinde giňden berjaý edilýär.

«Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz» ýaly nakyllar bu günüň tebigatda ähmiýetiniň juda uludygyny görkezýär. Gözellige beslenen bahar paslynda babadaýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip, täze hasylyň düýbüni tutmaga ykjam girişýärler.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem:

«Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda»

diýmek bilen, Nowruzyň çeper waspyny çuňňur manyly sözler bilen beýan edipdir.

Gündogar halklarynyň durmuşyna mäkäm ornaşan Nowruz türkmen halkynyň hem nusgawy edebiýatynda, dessanlarynda, halk döredijiliginde, däp-dessurlarynda giňden şöhlelenýär. «Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş», «Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş» ýaly yrymlar Nowruzyň biziň halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerinde özboluşly orny eýeleýändigini doly subut edýär.

Ata-babalarymyzdan miras galan milli baýramlarymyz, däp-dessurlarymyz häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň çyragyna öwrülip, täze many-mazmun, kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Nowruz bilen baglanyşykly gadymy däplerimiz hem ajaýyp döwrümize laýyk ýörelgeler bilen baýlaşdyrylyp, ýokary guramaçylyk derejesinde bellenýän toý-dabaralarymyza aýratyn bezeg berýär. Häzirki döwürde Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär.

Mähriban halkym!

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bu taryhy wakalar Nowruzyň halkara ähmiýetini has-da artdyryp, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. Umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamakda, halklaryň ynsanperwer, hoşniýetli däplerini kämilleşdirmekde, milli medeni mirasy baýlaşdyrmakda we giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda hem Halkara Nowruz güni ýurdumyzda giňden bellenýär. Nowruz baýramynda halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen bagly däpleriniň berjaý edilmegi, gelin-gyzlarymyzyň halk döredijiligimiziň nusgawy görnüşleri bolan monjugatdylary, läleleri, öleňleri, aýdyşyklary, hüwdüleri, gazallary ýerine ýetirmekleri, milli lybaslaryň, oba hojalyk önümleriniň sergileriniň guralmagy, dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň görkezilmegi gadymdan gelýän medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk, millilik, belent ahlaklylyk we lebzihalallyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenýän Milli bahar baýramy türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, hoşniýetlilige we ynsanperwerlige esaslanýan milli ýol-ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar, raýatlarymyzy belent maksatly tutumly işlere ruhlandyrýar. Nowruz baýramynyň alyslara ýaň salýan şatlyk-şagalaňy, şowhuny buýsançly kalplarymyza bahar joşguny, ýaz ýakymy bolup dolýar.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde uly dabaralara beslenip bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin!

Goý, Nowruz baýramynyň şirin nagmalary, belent joşguny mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar, abadan hem-de bolelin durmuşynyň waspy bolup ýaňlansyn!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW 

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow