Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy
Çap edildi 18.03.2021
3890

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkyň saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Bu köpugurly işler häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Şol işler bolsa ekologiýa meselelerini, şol sanda bag ekmek çärelerini hem öz içine alýar. Onuň dowamynda ýurdumyzyň giň gerimli tokaý-seýilgäh zolaklarynyň üsti dürli görnüşli agaç nahallarynyň — ýaprakly, pürli, miweli agaçlaryň nahallarynyň ýüz müňlerçesi bilen ýetirilýär.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň kömekçi hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek hem-de bu düzümleriň ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine goşýan goşandyny mundan beýläk-de artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk düzümlerinde ýörite bölünip berlen ýerlerde dürli oba hojalyk ekinlerini, miweli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, ozal bar bolanlaryna ýokary derejede ideg etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Wise-premýer Ç.Amanow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklary üçin bölünip berlen ýerleriň çyzgylary, olaryň tebigy aýratynlyklary barada giňişleýin maglumatlar berýän taslamalary görkezdi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalykçy alymlar we ylmy işgärler bilen bilelikde bu künjegiň toprak-howa hem-de tebigy aýratynlyklary ylmy esasda öwrenildi. Şoňa laýyklykda, bu ýerde ekiljek ekinleriň, bag nahallarynyň görnüşleri kesgitlenildi.

Bu ýerleriň topragy hemişe ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanypdyr, aýratyn-da, bu künjekde üzümiň dürli görnüşlerinden bol hasyl alnypdyr.

Häzirki wagtda alymlar bilen geçirilen ylmy-barlaglaryň we degişli seçgiçilik işleriniň netijesinde, üzümiň bol hasylly we ýokumly “Rowaç”, “Galkynyş”, “Şaserpaý” görnüşleri ýetişdirildi. Munuň özi üzümiň gülleýän döwründe geçirilen ylmy işleriň aýdyň netijesidir.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna almanyň, armydyň, beýiniň, hurmanyň, garalynyň, erigiň, hozuň, pissäniň, zeýtunyň we beýleki miweli agaçlaryň, üzümleriň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi. Mundan başga-da damjalaýyn suwaryş ulgamynyň görnüşleri, suw ýygnamak üçin niýetlenen howdanyň çyzgylary bilen tanyşdyryldy.

Wise-premýer bu ýerde ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil usullaryndan ugur alnyp, suwaryşyň damjalaýyn usulyny ulanmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Munuň üçin ähli zerur taýýarlyk işleri amala aşyryldy.

Taslamalar bilen bir hatarda, taýýar önümleriň birnäçe görnüşleri, şol sanda ir-iýmişler görkezildi. Şeýle hem miweli baglara ideg etmek üçin niýetlenen dürli enjamlaryň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda amala aşyrylýan umumymilli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň ägirt uly ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň golaýynda täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi, aýratyn-da, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de döwrebap derejede ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ministrlige degişli kömekçi hojalyklarda ekerançylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk ugurlarynyň ösdürilýändigi, aýratyn-da, düýedarçylyk hojalygynda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem azyk önümçilik maksatly toplumlaryň, ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklarynyň birnäçesiniň hereket edýändigi habar berildi. Atçylyk toparynyň, itşynaslyk merkezleriniň, balaryçylyk ýaly kömekçi hojalyklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Häzir düýeleriň baş sanyny artdyrmak, olara degişli derejede ideg etmek we düýe malynyň ynsan saglygy üçin ýokumly hasaplanylýan önümlerini gaýtadan işlemek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem düýe ýüňüni dokma önümçiligi üçin taýýarlamak işleri maksadalaýyk alnyp barylýar. Mundan başga-da, möhüm azyk önümi we adam üçin örän ýokumly hasaplanylýan düýe çaly şypahanalara hem iberilýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düýäniň süýdüniň, çalynyň, etiniň peýdaly bolşy ýaly onuň ýüňüniň hem adam üçin ähmiýetlidigini belledi. Düýe süýdi we çaly saglygy goraýyş ulgamynda işjeň ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kömekçi hojalyklaryň önümçiligini artdyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, şeýlelikde, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu işleriň ýaş harby gullukçylaryň zähmet terbiýesi üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew gullugyň kömekçi hojalygynda öndürilýän önümleri köpeltmek, ýylyň ähli paslynda azyk, gök we bakja önümleriniň önümçiligini ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Kömekçi hojalygyň düzüminde gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, miwe önümlerini gaýtadan işlemek bilen bir hatarda, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, olaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda degişli çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kömekçi hojalyklaryň işiniň ösdürilmeginiň diňe bir önüm bolçulygyny üpjün etmekde däl, eýsem, ýaş esgerleriň zähmete söýgüsini artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi we zähmet terbiýesiniň söweşjeň taýýarlyk, bedenterbiýe, sport bilen bir hatarda işjeňleşdirilmegi üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew ministrlige degişli Hojalyk müdirliginiň ýanyndaky maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň işiniň netijeliligini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Degişli düzümlerde gara mallaryň ýüzlerçesi bar, et we süýt önümçiligini artdyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Ministrligiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hojalyk bölümleri hereket edip, şolarda ekerançylygy, üzümçiligi we maldarçylygy ösdürmek, idedilýän guşlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de ýumurtganyň möçberini köpeltmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Şu günler döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu düzümler üçin niýetlenilen Atçylyk toplumynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa we içeri işler ministri M.Çakyýewe ýüzlenip, häzir ýurdumyzyň oba hojalyk hünärmenlerinden, maldarçylyk boýunça alymlaryndan ybarat toparyň meýdan atlarynyň gelip çykyşyny öwrenýändigini we bu ugra degişli maglumatlary toplaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow meýdan atlarynyň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Atdaýew prokuratura edaralaryna ekerançylyk we bag ekmek boýunça bölünip berlen ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, miweli baglaryň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow bu düzüme degişli kömekçi hojalygy döretmek, onuň binýadynda gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bar bolan saýaly we miweli baglara degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ministrlige degişli saýaly we miweli baglara ideg etmek, olaryň çägini giňeltmek hem-de miweli baglaryň görnüşlerini köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu günler baglara ideg etmek işi dowam edýär.

Adalat ministri B.Muhamedow hem öz gezeginde, ministrlige degişli ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglaryň görnüşlerini hem-de mukdaryny artdyrmak we hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gullugyň garamagynda döredilen hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet edarasy bolan “Hojalyk dolandyryş direksiýasy” tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygy, onda gök ekerançylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şu günler kömekçi hojalygyň çägini giňeldip, guşçulyk toplumynyň ikinji tapgyrynyň, ýyladyşhananyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow kömekçi hojalyk üçin bölünip berlen ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak hem-de şol ýerleriň toprak-howa aýratynlyklary nazara alnyp, ekiljek bag nahallarynyň görnüşlerini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň işini ösdürmegi, onuň çäklerinde gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegi, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň sport we zähmet bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ylmy nukdaýnazardan seljerip hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen, azyklyk ýagy öndürmekde möhüm orny eýeleýän günebakar, zeýtun, künji ýaly ösümlikleri köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek bilen bagly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň topraga bolan yhlasyny, söýgüsini artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň degişli derejede kämilleşdirilmegine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýän agaç nahallaryny ekmek ýaly asylly iş bolsa jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna, diýmek, daşky gurşawyň aýawly saklanmagyna ýardam edýär.

Biziň ýurdumyz bagy-bossanlygyň, gür bagly seýilgähleriň hem-de gök tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Munuň özi, ahyrky netijede, adamyň ömrüniň dowamlylygynyň artmagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde oturdylan ýaş nahallary synlady. Şu günler daýhanlaryň we bagbanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm başlanýar. Bahar paslynda ekinlere, bag nahallaryna ýokary hilli ideg edilmegi olaryň sazlaşykly ösüşini we geljekde bol hasylly bolmagyny üpjün edýär.

Bu ýerde ekilen miweli baglaryň her bir görnüşiniň özüniň kesgitlenen ýeri bolup, olar belli hatarlaryň ugry boýunça ekilipdir. Bu ýerde almanyň, armydyň, şetdalynyň, garalynyň dürli görnüşleri bar. Şeýle hem bag ekilen meýdanda hoz, pisse, zeýtun we hurma ösdürilip ýetişdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalygynda giňden ulanylýan suwaryş ulgamyna degişli enjamlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary hem-de bu enjamlaryň suw serişdelerini tygşytlamakdaky ähmiýeti bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz şu günler üzümlere we bag nahallaryna ideg edilýän möwsümiň gelendigini belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde hurma nahalynyň çybygyny çyrpyp, bag nahallaryna ideg etmegiň ýazky möwsümine badalga berdi.

Bahar paslynyň gelmegi bilen, ösümlikleri kadaly ösüşe taýýarlamak, dökün bilen iýmitlendirmek, çyrpmak işlerini ýokary hilli geçirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, açyk meýdanda miweçiligiň, üzümçiligiň ösdürilmeginiň, gök ekerançylyga möhüm ähmiýet berilmeginiň önüm bolçulygy bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan sagdyn gurşawyň emele gelmeginde ähmiýetlidigini belledi.

Harby gullugyň sport we zähmet bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy saglygyňy we ruhuňy berkidýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bedenterbiýäniň, sportuň zähmet bilen utgaşdyrylmagy ýaşlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir, çünki olar şahsyýetiň sazlaşykly kemala gelmegine ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Öňümizdäki şenbe güni ýurdumyzda nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Däp bolşy ýaly, bu dabara ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryna wepalylygyň nyşany hökmünde Milli bahar baýramynyň öň ýanynda guralýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary harby düzümleri kämilleşdirmäge ägirt uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň öz öňlerinde goýan wezipelerini gyşarnyksyz hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp jülgäniň täsin tebigatynyň gözelligini aýratyn belledi we dag derelerinden akýan çeşme suwlaryny rejeli ulanmaga hem-de bu künjegi bagy-bossanlyga öwürmäge degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow