Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabada — 140 ýyl: häzirki zaman bilim we ylym merkezi
Jemgyýet
Aşgabada — 140 ýyl: häzirki zaman bilim we ylym merkezi
Çap edildi 09.03.2021
5726

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent abraýa eýe bolmagyny üpjün etdi.

2013-nji ýylyň 25-nji maýy tutuş halkymyz, aýratyn hem, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ýatdan çykmajak taryhy senä öwrüldi. Dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen paýtagtynyň şan-şöhratyny has-da artdyrdy.

Bu ýerde ykbal kesgitleýji çözgütler kabul edilýär we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalar bolup geçýär hem-de tutuş ýurdumyzyň okgunly ösüşine täsir edýän tutanýerli zähmet dowam edýär. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapýan giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Onuň daşky gözelliginiň esasy gymmatlygy bolsa içki many-mazmuny bilen sazlaşygyndan ybaratdyr. Munuň özi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, olaryň şahsy mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp bilmekleri bilen kesgitlenilýär.

Soňky ýyllarda ak şäherimiz wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Onuň ösüşiniň ýokary depgini we ugurlary giň gerimli gurluşyklarda öz beýanyny tapýar. Olar, esasan, ýaşaýyş-durmuş ugruna gönükdirilendir.

Aşgabadyň 140 ýyllygy. Bu şanly senä iki aýdan gowrak wagt galdy, şoňa görä-de, iň oňat arzuw-umytlar ýakynlaşyp gelýän şanly sene bilen baglanyşyklydyr. Ýene-de sanlyja aýdan Watanymyzyň ajaýyp paýtagty ählihalk dabarasyny bellemek üçin owadan baýramçylyk lybasyna beslener.

Döredileninden bäri, şäheriň durmuşynda köp zatlar özgerdi. Ýöne ähli döwürlerde-de türkmenistanlylar öz paýtagtyny tüýs ýürekden söýüp geldiler we oňa guwandylar, ýubileý ýylynda bolsa buýsanç duýgusy has-da artdy. Aşgabat, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, täsin binagärligi ilatymyzy hem-de ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda paýtagtymyzyň geljegini nazarlaýan ösüşi, onuň özboluşly binagärlik keşbini kemala getirmek, şäher düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak baradaky meseleleriň häzirki günde aýratyn möhümdigini birnäçe gezek nygtady. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň başyny başlaýjy bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleriň barşy bilen gönüden-göni ýerinde gyzyklanýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan durmuşyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetdi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda açylan we açylmagy meýilleşdirilen binalardyr desgalar tutuş türkmen topragyny gurşap alan özgertmeleriň deňsiz-taýsyz gerime eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen bir hatarda, Diýarymyzyň döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezi bolan Aşgabadyň bu ulgamynyň düzümini düýpli kämilleşdirmek we has-da ösdürmek boýunça işler ýokary depgin bilen alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň gerimli we möhüm ähmiýetli strategiýasyny hut milli bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmekden başlap, bu ugry beýik maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň binýadyna, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň esasyna öwürdi.

Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar. Her ýyl ähli ýerlerde täze okuw şäherçeleri açylýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Şeýlelikde, geçen ýylda Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebi ulanmaga berildi. Bu mekdep 720 okuwça hem-de taýýarlyk toparynda çagalaryň 320-sine niýetlenendir.

Şol ýerde okuw sapaklaryny, terbiýeçilik işlerini, bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreleri ýokary derejede guramak, mekdep ýaşyna çenli çagalaryň we okuwçylaryň wagtyny kadaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Okuw we beýleki otaglar döwrebap multimediýa hem-de kompýuter enjamlary, dürli dersler boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edildi.

Türkmen talyplarynyň we okuwçylarynyň her ýyl dürli ugurlar boýunça abraýly halkara olimpiadalarda ýeňiş gazanmagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan innowasion özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Häzir Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin oňat bilim almak, geljekki hünärini saýlap bilmekleri hem-de öz zehinlerinden, ukyplaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi Diýarymyzyň guwanjy bolýan bolsa, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň buýsanjyna, watançylygyň belent nusgasyna öwrülýär.

Şoňa görä-de, türkmen paýtagtynyň ýeten belent sepgitleri, gülläp ösmegi hem-de üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilmegi Aşgabadyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, ýaş nesilleriň geljegine uly goşantdyr.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň Türkmenistanyň mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralaryna gabat gelýändigi hem bellärliklidir. Mekdepleriň uçurymlary üçin jogapkärli döwür başlanýar, olar täze durmuşa gadam basýarlar. Baýramçylyklaryň goşalanyp gelmegi hoşniýetliligiň, ruhubelentligiň hem-de bagtyýarlygyň alamatydyr. Munuň özi paýtagtymyza, ýaşlarymyza, Watanymyza bolan söýgini has-da artdyrýar.

Häzirki döwürde Aşgabat döwrebap ylym-bilim merkezidir. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny göterýän Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de beýlekileriň açylyş dabaralary boldy.

Bu gün döwletimiziň ösüşiniň depgini döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi kabul etdi. Bu ýokary okuw mekdebi ulag ulgamy üçin okgunly ösmegini dowam edýän şäherleriň we obalaryň hojalyk toplumlaryna hyzmat edýän döwrebap hünärmenleri taýýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlanylyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýip atlandyrmak hakynda” Karara hem gol çekdi.

Munuň özi bu ýokary okuw mekdebiniň alyp barýan okuw işlerini sport maksatlaryna gönükdirmäge, syýahatçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamagy bolsa medeniýet ulgamy bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa dünýäniň syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň ösüş ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Karara hem gol çekdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Onda döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özgertmeleri geçirmek, ýurdumyzda milli hünärmenleri dünýäniň ösen bilim derejesinde taýýarlamagy kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi.

2020-nji ýylda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň dabaraly açylyşy boldy.

Türkmenistanyň sport ulgamynda bilim bermek işleri dünýäniň iň oňat tejribesiniň milli amalyýet bilen netijeli utgaşdyrylmagynyň özleşdirilmeginden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ençeme döwletler we halkara federasiýalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe täze hünärler girizildi we bu iş dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okatmagyň tölegli görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da kämilleşdirmek we gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de giňeltmek maksady bilen, bu ýokary okuw mekdepleriniň tapgyrlaýyn esasda doly hojalyk hasaplaşygyna geçirilmelidigini belleýär.

Mundan başga-da, bilim ulgamyny has-da özgertmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň orta hünär bilimli hünärmenlere isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, orta hünär okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmekde uly ösüş gazanyldy.

Aşgabady mundan beýläk-de ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryň iri merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda halkara gatnaşyklary düýpli işjeňleşdirmek boýunça başlangyjy bilimiň hilini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetli boldy. Munuň özi beýleki ýurtlaryň hem-de halklaryň bilim we ylym ulgamlaryny baglanyşdyrýan özboluşly “intellektual diplomatiýadyr”, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň şu gününe we geljegine tarap kalplaryň arasynda gurlan berk “köprüdir”.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda çykaran Buýrugyna laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Ýurdumyzyň birnäçe bilim edaralary bilen daşary ýurtlaryň onlarça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri hem bar.

Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda gol çekilen Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda akademiki alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ýatlap geçmek gerek.

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen ýaponiýaly hünärmenleriň okadýan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklar üstünlikli berkidilýän netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça 2016-njy ýyldan bäri orta mekdepleriň 12-sinde hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 5-sinde ýapon dilini öwrenýärler.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda Özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen “Innopolis uniwersiteti” awtonom täjirçilik däl ýokary bilim guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek we özleşdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär, munuň özi adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň hem-de pikir alyşmagyň möhüm serişdesi bolup durýar. Şonuň üçin bilim bermegiň ähli basgançaklarynda mekdebe çenli edaralardan başlap, netijeli çäreler görülýär. Olar daşary ýurt dilleriniň öwredilmegini, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Şeýlelikde, 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” atly taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Milli bilim institutynyň binýadynda yzygiderli okuwlar, hyzmatdaşlar we halkara bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we aň-bilim çäreleri guraldy. Olar dünýä tejribesini peýdalanmaga we okuw işine innowasiýalary ornaşdyrmaga bagyşlandy.

“Pearson” halkara bilim kompaniýasynyň wekilleri umumybilim berýän mekdepleriň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin “Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti” diýen mowzuk boýunça okuw maslahatlarynyň tapgyryny geçirdiler. Bu kompaniýa degişli ugurda häzirki ölçeglere laýyklykda, iňlis dilini öwretmegiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşdirilendir.

Milli Liderimiziň kabul edýän möhüm resminamalary hem häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, milli bilim ulgamyny özgertmäge gönükdirilendir.

Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin mekdebe çenli edaralaryň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” bar. Bu Maksatnama döwrüň talabyna laýyklykda, ugurdaş edaralary has-da ösdürmäge, bilimiň hilini gowulandyrmaga, çagalary irki döwürden başlap, beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly terbiýelemäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Maksatnamany amala aşyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli okuw usulyýetini we maksatnamalaryny, kitaplary hem-de gollanmalary kämilleşdirmek, öňdebaryjy gazananlary ulanyp we degişli ugurda oňyn tejribeden ugur almak bilen, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Şolar bilen bir hatarda, halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ähli pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmek we döwlet tarapyndan dolandyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sanly gurşawdan erkin baş alyp çykýan, IT ulgamda başarjaň hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeleri goýýar. Gürrüň täze ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly işleri aňsatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümçiligiň nusgasyny we işiň mazmunyny düýpgöter üýtgedip, olara innowasion häsiýeti çaýyp bilýän işgärler hakynda barýar.

Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şeýlelikde, «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy önümçilige işjeň ornaşdyrmak boýunça kesgitlän wezipeleri alymlaryň geçirýän barlaglarynyň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag institutlarynda hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge, energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmäge innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

2019-njy ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň seýsmiki howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek” maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň yzygiderli işleri geçirýändigini bellemek gerek. Degişli ugurda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlykda taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen bilim syýasaty netijesinde, Aşgabady täzeçil usulda gurmaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hem goşuldy.

Hususan-da, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary “akylly öý” ýörelgesi boýunça paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryna degişli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taslamalary amala aşyrdylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda “Aşgabat-siti” häzirki zaman mega-taslamasyna degişli desgalaryň binagärlik taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirip, durmuş maksatly desgalar üçin ylmy taýdan esaslandyrylan taslamany taýýarladylar hem-de ony degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlediler.

Türkmen biliminiň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy hünär ussatlaryny taýýarlamak üçin täze ugurlary — zähmet bazarynda häzirki zaman hünärmeniniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak hem-de halkara ölçegleriň derejesinde öz hünärine erkin erk etmek ýaly ugurlary kesgitledi.

Bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmäge uly möçberde maýalaryň gönükdirilmegi, şol ulgamlaryň düzüm desgalarynyň gurulmagy ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýär. Döwletiň intellektual serişdeleriniň kuwwatyny görkezmäge mümkinçilik berýän dürli web-saýtlar we ylmy portallar döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary milletiň aň-paýhas kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin ähli şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň bilim we ylym ulgamyndaky başlangyçlary, ozaly bilen, berkarar Watanymyzyň ykbaly, türkmenistanlylaryň häzirki we ertirki nesilleriniň geljegi üçin ýokary jogapkärçilik bilen şertlendirilendir. Şol nesiller ylmy-tehniki ösüşiň, adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň döwründe ýaşamalydyr we işlemelidir. Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat bolsa şol ösüşleriň kerwenbaşysydyr.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow