Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Medeniýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 09.03.2021
10402

Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen “Gallagher&Associates” kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi.

Maslahatyň gün tertibine nazary we amaly meseleleriň birnäçesi girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar muzeý işi babatda toplan tejribelerini alyşmak bilen çäklenmän, degişli ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini-de ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyz daşary döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeldýär. Muňa taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamagyň, dikeltmegiň we goramagyň ojagy hökmünde muzeý işinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça şu günki maslahat aýdyň mysal bolup biler.

Türkmenistan milletiň hakyky taryhyny hem-de ruhy gymmatlyklaryny öwrenmegi we dikeltmegi esasy maksatlarynyň biri hökmünde yglan etdi. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmak işinde Diýarymyzyň muzeýlerine aýratyn orun degişlidir. Olar jemgyýetimiziň medeni durmuşynyň merkezi, halkyň ruhy baýlygyny saklaýjylar bolmak bilen çäklenmän, iri ylmy merkezler hem bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmek we aýawly saklamak, Türkmenistanyň hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň muzeýleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça möhüm wezipeleri çözmek babatda teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky habarlar
07.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
05.11
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy
top-arrow