Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan dabaralar
Medeniýet
Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan dabaralar
Çap edildi 08.03.2021
5726

Şu gün ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni dabaralandyryldy. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär.

Täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar we ata Watanymyzyň belent derejelere ýetmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak arkaly jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar.

Ýokary bilim we hünär derejesine laýyklykda, olaryň oňyn teklipleri hödürlemegi zenanlaryň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzyň zenanlary her ýylda döwlet sylaglaryna, ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar. Milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri döwrebap derejede terbiýelemekde olaryň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemelidiris.

Eneler we çagalar baradaky alada, maşgala gymmatlyklaryny saklamak, gelin-gyzlaryň döredijilik we aň-bilim kuwwatyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda enelerimize, zenanlarymyza we gyzlarymyza watansöýüjilik, pähim-paýhas, salyhatlylyk, ak ýüreklilik, gaýratlylyk, wepadarlyk, mertlik, ar-namyslylyk, mylaýymlyk ýaly ýörelgeleriň mahsusdygy nygtalýar. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, milletimiziň abraý-mertebesiniň dünýä dolýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siziň bu asylly häsiýetleriňiz ahlaklylygyň we gözelligiň ajaýyp nusgasy bolup durýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana hem-de ýurdumyzyň ähli zenanlaryna, edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, okuwçy gyzlara we çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara pul sylaglaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de etraplarynda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri hormatlamak dabaralary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň köp çagaly maşgalalara täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak barada beren tabşyryklary mährem eneleriň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterdi.

Bu dabaralar milletiň ahlak gymmatlyklarynyň nusgalykdygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine ygrarlydygyny alamatlandyrdy. Şunda, öý-ojaklaryň söýesi hasaplanylýan mährem enelere möhüm orun degişlidir.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy boldy. Olar dürli ugurlarda, jemgyýetçilik we hünär durmuşynda, ýaş nesilleri terbiýelemekde, milli medeni mirasymyzy wagyz etmekde, harby we hukuk goraýjy düzümlerde işjeňlik görkezmekde, oba hojalygyny we telekeçiligi ösdürmekde uly üstünlik gazanan zenanlardyr.

Ýurdumyzyň edaralarynda we kärhanalarynda, ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş düzümlerinde, okuw jaýlarynda enelere, gelin-gyzlara bagyşlanan dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy.

Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk konserti geçirildi. Onda meşhur estrada aýdymçylary, dürli aýdym-saz we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri çykyş edip, gelin-gyzlary mübäreklediler.

Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň artistleri, “Dokmaçylar”, “Serpaý”, “Galkynyş” folklor toparlary, “Meňli” tans topary aýdym-sazly çykyşlaryň dabarasyny belende göterdiler.

Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, döwrebap çykyşlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, hindi, türk, özbek, gazak we ermeni halklarynyň aýdymlary ýaňlandy. Munuň özi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda 8-nji mart baýramyny giňden dabaralandyrýan halkara bileleşigiň bir bitewüliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Bu ýerde guralan dabara köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri we dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Şeýle hem baýramçylyk dabarasyna daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan wekilleri çagyryldy.

Konsertiň başynda gelin-gyzlara bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň toparlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Olaryň dürli öwüşginli ajaýyp çykyşlary zenanlara bolan bimöçber söýgi, öý-ojaklaryň söýesi, däp-dessurlary saklaýan, mähir, hoşniýetlilik eçilýän hem-de aladaçyl enelere bagyşlanan sena bolup ýaňlandy. Munuň özi “Jennet — enäniň aýagynyň astynda” diýen paýhasly jümläniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra sahnada sungat ussatlarynyň we ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar aýdym-sazlaryny ýurdumyzyň zenanlaryna bagyşladylar. Bu çykyşlar enelere bolan söýgi, hormat, hoşallyk duýgulary we nurana arzuwlar bilen utgaşdy.

Estrada çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary, baýramçylyk gutlaglary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Ajaýyp aýdymlar arkaly türkmen baharynyň we mährem gelin-gyzlaryň gözelliginiň waspy ýetirildi. Munuň özi şahyrlary, kompozitorlary we aýdymçylary belent döredijilige ruhlandyrýan gymmatlyklar bolup durýar.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda “Diýarymyň owadan, bagtyýar zenanlary” atly aýdym ýaňlandy. Ol ýurdumyzyň ähli enelerine, gelin-gyzlaryna, söýgüli we mähriban zenanlara bagyşlandy. Gelin-gyzlar dünýämiziň bezegi, onuň abadançylygy bolup durýar we ajaýyp sazlaşyk, şatlyk, ruhubelentlik eçilýär.

Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde gelin-gyzlara dabaraly, mähirli we örän şatlykly gutlag sözleri aýdylýar. Olar çeperçilik we muzeý gymmatlyklarynyň sergilerinde, teleradiogepleşiklerde we metbugat sahypalarynda öz beýanyny tapýar.

Hoşniýetliligi, mähremligi, tebigatyň janlanyşyny we durmuşyň bakylygyny alamatlandyrýan ajaýyp dabara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda geçirildi. Häzirki döwürde ýurdumyz täzeleniş ruhunda dem alyp, ähli adamlaryň abadançylygyna, maşgalalaryň bitewüligine we agzybirligine oňyn täsirini ýetirýär. Bu ugurda döwletimizde bitirilýän işler dünýä nusgalykdyr.

Maşgalada esasy ornuň enelere degişlidigi gürrüňsiz hakykatdyr. Munuň özi ruhy, medeni bitewülige, birek-birege bolan söýgä we alada esaslanýan köpasyrlyk ýörelgeleriň mynasyp dowamydyr.

Ýurdumyzyň aýal-gyzlary döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Soňky habarlar
09.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
09.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi
09.04
Resmi habarlar
08.04
Melhemler mekanynyň paýtagty
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
08.04
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy