Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy
Jemgyýet
Köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy
Çap edildi 07.03.2021
5579

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda dabaralar we Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan çäreler milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine, öý-ojagyň söýesi hasaplanylýan enelere hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan wakalara beslenýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlarynyň hemmetaraplaýyn zehini ýokary derejelere göterildi. Häzirki döwürde diňe bir maşgala ojagynda däl, eýsem, döwlet durmuşynyň möhüm ugurlarynda ýurdumyzyň zenanlary ýadawsyz zähmet çekýärler. Şeýle hem olar halkymyzyň köpasyrlyk paýhasly däplerini we ýagşy dessurlaryny dowam etdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap terbiýe bermekde Watanymyzyň gelin-gyzlaryna möhüm orun degişlidir.

Şu günki geçirilen dabara ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabatdan köp çagaly eneler gatnaşdylar. Olara 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň zenanlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda ösüp barýan ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda Watanymyza, halkymyza, jemgyýetimize, maşgala gymmatlyklaryna söýgi, hormat duýgularyny kemala getirmekde mährem enelere möhüm ornuň degişlidigi nygtalýar.

Şu günler ýurdumyzyň zenanlaryna baýramçylyk mynasybetli hoşniýetli arzuwlar, mähirli gutlaglar, ýokary ruhubelentlige beslenen ajaýyp alkyşlar, ene mähremligi, aladasy, ruhy jomartlygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar.

Müňlerçe ýyllyk taryhyň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz her bir nesilde ýokary ruhy-ahlak başlangyjyny, dogruçyllygy, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi, enelere we ýaşululara bolan hormaty kemala getirýän mukaddes maşgala gymmatlyklaryny saklap gelýär. Mährem eneler milli jemgyýetimizde ähli döwürlerde esasy orun eýeleýär.

Olar maşgala ojagynyň mähremligini, ahlak esaslaryny, halkymyzyň ruhy-ynsanperwer ýörelgelerini goraýarlar. Türkmen zenanlarynyň jemgyýetde eýeleýän orny, taryhy taýdan bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň oňyn özgertmeleriniň binýady bolan demokratik ýörelgeler bilen baglanyşyklydyr.

Dabaraly çärä gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, türkmen zenanlary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlarynda öndürijilikli zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar, Watanymyzyň beýik gazananlaryna mynasyp goşant goşmak ugrunda jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar. Ýokary bilim we belent hünär derejesi, oňyn teklipleri hödürlemegi zenanlaryň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň zenanlary her ýylda döwlet sylaglaryna, ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar.

Köp çagaly eneleriň “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolmagy olaryň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň ykrarnamasydyr, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşandynyň tassyklanmasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zenanlarymyzyň pähim-paýhas, salyhatlylyk, wepadarlyk häsiýetlerine ýokary baha berip, olary durmuş özgertmelerine, jemgyýetde demokratik, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, milli däpleriň saklanmagyna we ösdürilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Dabara gatnaşyjylar gelin-gyzlaryň nusgawy dessanlaryň, rowaýatlaryň we liriki eserleriň, halk aýdymlarynyň ajaýyp gahrymanlary bolandyklaryny nygtadylar. Ussat zergärler gymmat bahaly metallardan we dürli daşlardan ajaýyplygy döredip, özleriniň sungat eserlerini zenanlara bagyşlaýarlar.

Türkmen zenanlary özleriniň ýiti zehinleri bilen gaýtalanmajak sungat eseri hökmünde ykrar edilen milli halyşynaslyk, keşdeçilik sungatyny döretdiler. Olar milli çeperçilik mekdebiniň esasyny kemala getirdi. Bu ajaýyp ýörelgeler häzirki döwrüň şekillendiriş sungatynda täze mazmuna we okgunly ösüşe eýe boldy.

Zenanlar ähli döwürde diňe bir maşgalanyň binýady däl, eýsem, umuman, jemgyýetiň möhüm sütünidir.

Eneler we çagalar baradaky alada, maşgala gymmatlyklaryny saklamak, gelin-gyzlaryň döredijilik we aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda eneleriň durmuşyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, olaryň zehinini we ukyplaryny doly açyp görkezmekleri üçin zerur şertler dörediler.

Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Olar bu dabaraly günde uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar.

Eneler ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, abadan durmuş, zenanlaryň hemmetaraplaýyn işi üçin döredilýän şertler, ýaş nesiller hakynda edilýän alada, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň artdyrylmagy ugrunda amala aşyrylýan işler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ene ýüreginden hoşallyklaryny beýan etdiler. Ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe, ýurdumyzda parahatçylygyň we döredijiligiň berkarar bolýan zamanasynda ýaşamak uly bagtyýarlykdyr we mizemez buýsançdyr.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan milli Liderimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, uzak ömür we täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Watanymyzyň gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlap, biz beýik mukaddesligiň öňünde baş egýäris. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen ruhlanan halkymyz bagtyýar durmuşda täze ösüşleri, yhlasly we maksada okgunly täze belentlikleri eýeleýärler.

Şu bahar günlerinde ýurdumyzyň zenanlarynyň adyna gutlaglar hem-de mähirli arzuwlar aýdylýar, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar hem-de beýleki çäreler olara bagyşlanýar. Mähriban enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza iň gowy arzuwlar beýan edilýär.

Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde sekiz we şondan köp çagany ösdürip ýetişdiren eneleri hormatlamak, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hem-de köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryna, şol sanda talyp gyzlara, okuwçy gyzlara we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara gowşuryldy.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow