Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkiýeli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkiýeli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Çap edildi 06.03.2021
3216

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşoglu bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyga, şol sanda sebit we halkara düzümlerinde hyzmatdaşlyga jikme-jik garaldy.

Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmensitanyň halkara derejesinde parahatçylykly gatnaşyklary ilerletmekdäki işjeň ornuny belledi, ol Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda kabul edilen wajyp başlangyçlarda beýan edildi. Türkmensitanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna başlyklyk etmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, Mewlýut Çawuşoglu türk tarapynyň sebit ykdysady goşulyşmasy üçin ulag-üstaşyr we energetika geçelgelerini giňeltmek boýunça işleri geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Lapis Lazuli geçelgesi üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysallarynyň biridir.

Taraplar şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryna, şeýle-de ynsanperwer ulgamda gatnaşyklara we howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk, şol sanda ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerine garadylar.

Aşgabatda saparda bolmagynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşoglu Türkmenistanyň Garaşsyzlyk Binasyna gül dessesini goýdy.


Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow