Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
BMG-niň Baş sekretarynyň Gutlagy
Syýasy habarlar
BMG-niň Baş sekretarynyň Gutlagy
Çap edildi 03.03.2021
3021

Türkmenistanyň BMG-ä girmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahata gatnaşyjylara 

Ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistany gutlamaga şatdyryn.

Türkmenistan BMG-niň abraýly agza döwleti bolup durýar hem-de guramanyň maksatlaryna ýetmekde işjeň we netijeli orny eýeleýär, şol sanda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek arkaly ähmiýetli işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, ýurduňyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynyň ýerleşdirilmegi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde döwletiň köp sanly başlangyçlary, şol sanda Baş Assambleýanyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden Kararnamasy — bularyň hemmesi parahatçylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy pugtalandyrmak boýunça biziň umumy tagallalarymyza mynasyp goşantdyr.

Türkmenistana yzygiderli tagallalary üçin hoşallygymy hem-de bu sene mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

Antoniu Guterriş, 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow