Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 02.03.2021
2809

Şu gün Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Halkara migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn tertipde duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynda ynsanperwerlik ugruna uly ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna garaldy, geçen ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň HMG bilen gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda düzgünleşdirilen hem-de howpsuz zähmet migrasiýasy babatda oňyn hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, bu meýilnama “Adam söwdasyna garşy göreş hem-de migrantlara kömek” we “Tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak” ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Türkmen tarapy sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly milli hem-de sebit derejesinde bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlara aýratyn üns berlip, hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunuň bilen baglylykda, heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasy barada aýdyldy. Bu babatda Türkmenistanyň Howpsuz, düzgünleşdirilen hem-de kanuny migrasiýa hakynda ählumumy şertnamadan gelip çykýan borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça milli derejede hereketleri beýan edildi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow