Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Çap edildi 24.02.2021
38531

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary  Ş.Durdylyýew taýýarlanan taslamalar, olaryň gurluşyklary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň bezeg aýratynlyklary barada gürrüň berýän taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. 

Taslamalaryň tanyşdyrylyşynyň barşynda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak “Aşgabat siti” şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň çyzgylary görkezildi. 

Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Görkezilen taslamalaryň hatarynda Aşgabat-siti” binagärlik taslamasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamalary aýratyn orun eýeleýär 

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna şeýle hem ýene-de bir ajaýyp beýik binanyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taslama bilen tanşyp, täze desgada 

ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy hem-de birnäçe maslahatlary berdi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli Liderimize M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilen ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada habar berdi. 

Hormatly Prezildentimiz taslamalar bilen tanşyp, medeniýet we sungat ulgamyna degişli desgalarda döredijilikli işlemek, ýaşlaryň sungat dünýäsine çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, binada häzirki zaman enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. 

Görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimize  “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary barada hasabat berdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Aýratyn-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi  meýilleşdirilýän binalaryň gurluşyklarynda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmagy möhüm talap bolup durýar. 

Bu gün paýtagtymyzyň halkara ähmiýetli işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýändigini nazara alyp, şu ugra degişli desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda, “Aşgabat” işewürlik toplumynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen talaplarynyň we ýokary halkara ülňüleriniň göz öňünde tutulmagy möhüm şert bolup durýar. Şeýlelikde, gurulýan desgalaryň hil derejesine bezeg aýratynlyklaryna we bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegine yzygiderli gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Aşgabat şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine itergi berer. Şunda, şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, amatly dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin  ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Munuň özi täze gurulýan binalaryň taslamalary taýýarlanylanda göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aşgabadyň 140 ýyllyk senesi dabaraly belleniljek şu ýylda ýurdumyzyň baş şäherini dünýäniň iň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. Köpsanly pidalara hem-de weýrançylyklara getiren 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soňra şäherimiz düýbünden täzeden dikeldildi. Soňky ýyllarda Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, şäherimiziň çäkleri has-da giňeldildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ýöne muňa garamazdan, paýtagtymyzy kämilleşdirmek hem-de ony özgertmek, degişli desgalaryň göwnejaý derejede saklanylmagyny hem-de öz wagtynda abatlaýyş işlerini geçirmegi üpjün etmek boýunça kemçilikler az däl diýip, döwlet Baştutanymyz masahata gatnaşyjylaryň degişli hasabatlaryny diňledi. 

Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde, şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere ýola goýlan gözegçilik işleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we olaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, binagärlik we bezeg işleri babatda sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda, şeýle hem guruljak binalaryň ýerleşjek ýerlerini nazara almak bilen, gurluşyklaryň taslamalary bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Täze binalar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.

Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we olaryň gurluşyklary kesgitlenen möhletlerde tamamlanmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy. 

Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Ak şäherim - Aşgabat” atly ХХ Halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni köpçülikleýin çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary, sport bäsleşikleri, at çapyşyklar we beýlekiler guralar. 

Hasabatyň çäklerinde dürli maksatly täze desgalaryň we binalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ägirt uly işleriň ýerine ýetirilmelidigini, gurluşykda döwrebap tehnologiýalaryň we nou-haularyň giňden ulanylmalydygyny, binagärlik taslamalarynyň taýýarlanylmagyna ylmy esasda çemeleşilmelidigini, olaryň maýa goýum babatda bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjün edilmelidigini belledi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, şanly senelere bagyşlanan dabaralaryň medeni maksatnamasyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, baýramçylyk çärelerinde milli öwüşgine, täze taryhy eýýamyň ýokary döredijilik ruhuna ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň agzybir halkyny mähriban Watanymyzyň ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ruhlandyrmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Şanly senäniň hormatyna döredijilik bäsleşikleri, sergiler, gyzykly söhbetdeşlikler, sanly ulgam arkaly dürli halkara onlaýn-duşuşyklary, mediýa maslahatlar, sport çäreleri guralar. 

Teleradioýaýlymlarda hem-de internet saýtlarynda ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän suratlary, wideosýužetleri we makalalary ýerleşdirmek, olary daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. 

Wise-premýer ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny nazara alyp, halkara medeni hyzmatdaşlygyna möhüm orun berilýändigini belläp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz bilen doganlaşan daşary ýurt şäherleriniň ýolbaşçylarynyň we medeniýet hem-de sungat işgärleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. 

21-nji maýda “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň telefestiwalyny jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanan nyşanyň işlenip taýýarlanan taslama görnüşleri milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde ak mermerli  paýtagtymyzyň gazananlaryny görkezmegi guramagyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň ýokary çeperçilik derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny, olaryň  many-mazmunynyň döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini belledi.  

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan nyşanyň taslama görnüşlerini synlap, onuň çeperçilik we ähmiýeti babatda döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini hem-de baýramçylyk mynasybetli geçirilýän döredijilik bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem milli Liderimiz şanly senäniň hormatyna Aşgabat şäherinde guralýan bezeg işlerine hemmetaraplaýyn we häzirkizamanyň ösen tehnologiýalary esasynda çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.    

Maslahatyň  dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyzaýow gözegçilik edýän düzümlerinde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan şanly senä bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ylym-bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda, ýaşlar guramasynda we beýleki jemgyýetçilik guramalarynda ýörite toparlar döredildi hem-de degişli iş meýilnamalary taýýarlanyldy.

Ýokary okuw mekdeplerinde ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän sergileri, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmek, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramak meýilleşdirildi. Şeýle hem “Aşgabat-Ginnesiň rekordlar kitabynda” ady bilen dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreleriň ýaşlaryň arasynda aýratyn terbiýeçilik we watançylyk ähmiýetini nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, milli Liderimiz mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň ýaş aýratynlyklary nazara alnyp, Watanymyzyň täze taryhynda Aşgabadyň eýeleýän orny barada sapaklaryň geçirilmegi, ýaşlara ýurdumyzyň baş şäherine bolan buýsanjy we söýgi duýgularyny ösdürmek maksady bilen zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

 Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň taryhynyň öwrenilmegine hem-de ýeten derejesiniň wagyz edilmegine bagyşlanan sergileri guramak üçin bu şanly senäniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem döredijilik bäsleşikleri we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler baýramçylygyň şowhunyny artdyrar. Olary geçirmek üçin paýtagtymyzyň taryhy ýerleri we ýadygärlikleriniň  ýany saýlanyp alynsa, maksada laýyk bolar. Bu ýerde körpe aşgabatlylar bilen gyzykly duşuşyklary geçirmek, çagalaryň surat bäsleşiklerini, Aşgabada bolan çuňňur söýgini beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary we çeper okaýyşlary guramak bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.  

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  maslahaty jemläp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň köp derejede tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli paýtagtymyz berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini aýdyň görkezýän şäheridir. Jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň, aň-bilim kuwwatynyň derejesini beýan edýän merkezidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gözel Aşgabadymyza, onuň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine kanuny esasda    buýsanýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady   ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň,      paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalary 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Şunuň bilen bir wagtda, häzirki güne çenli Aşgabady ösdürmek hem-de onuň gözelligini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlerde köpsanly ýetmezçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hökümetiň paýtagt şäherimizi abadanlaşdyrmak boýunça kabul eden Kararlaryny ýerine ýetirmekde säwliklere ýol berilýär, resminamalarda bu ugurda göz öňünde tutulan ähli işler hem-de olary maliýeleşdirmegiň möçberleri anyk kesgitlenilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyny bellemäge az wagt galandygyna garamazdan, bu şanly senä görülýän taýýarlyk işleriniň kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz  şäherde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň hiliniň pesdigini ünsi çekdi. Paýtagtymyzda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine ýeterlik üns berilmeýär. 

Köçeleriň ugurlarynda zir-zibil üçin niýetlenilen gaplar ýeterlik mukdarda goýulmaýar. Köp ýerlerde ýollaryň we köçeleriň gyralaryndaky beton erňekleriniň, şeýle hem asfalt örtüginiň ýagdaýy hem kada laýyk däldir. Baglara hem-de güllere ideg etmek döwrüň talabyna laýyk derejede guralmaýar. 

Milli Liderimiz bu gürrüňi dowam edip, şäheri abadanlaşdyrmak, kiçi etrapçalaryň çäklerinde düzgün-tertibi, arassaçylyk kadalary hem-de ýollary arassa saklamak işlerine ýeterlik üns berilmeýändigini belledi. Awtoulag serişdeleri bellenilen ýerlerde ýuwulmaýar. 

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny ýerleşdirmek meselelerine oýlanyşykly çemeleşilmeýändigine hem ünsi çekdi, munuň özi ýolagçylar üçin amatsyzlyklary döredýär we şol bir wagtda şäheriň keşbine oňaýsyz täsir edýär. Köpderejeli köprüler, ýollaryň ugrundaky duralgalar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler ilat üçin amatly bolmalydyr hem-de häzirki zaman şäher durmuşynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Bu talaplar göwnejaý derejede ýerine ýetirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Şäherde ýaşaýyş jaý toplumlaryny, dürli maksatly beýleki binalary hem-de desgalary gurmak bilen bir hatarda, bagy-bossanly zolaklaryň döredilmegine ýeterlik üns berilmeýär. Sport we çagalar üçin oýun meýdançalary ýeterlik möçberde gurulmaýar, bar bolanlarynda abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Umuman, paýtagtymyzda adamlaryň, amatly hem-de işjeň dynç almagy, şol sanda çagalaryň sport bilen meşgullanmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi üçin zerur şertler döredilmeýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şäheriň etraplarynda köçeleri, seýilgähleri we seýilbaglary bagy-    bossanlyga öwürmek işleri ýaramaz alnyp barylýar. Esasy bölegi Köpetdag etrabynyň çäklerinde ýerleşýän protokol ýollary hem has gowy bezelmegini we abadanlaşdyrylmagyny talap edýär. Paýtagtyň ähli etraplarynda diýen ýaly, aýratyn-da köne ýaşaýyş jaý toplumlarynyň içinde belli bir tertip-düzgün ýok.  

Aýry-aýry ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi kanagatlanarsyz               abadanlaşdyrylýar. Ýollaryň käbir ýerleri yşyklandyrylmaýar. 

Jaýlarda hem elektrik energiýasynyň kesilýän ýagdaýlary bolýar  diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde heniz köne jaýlar hem köp, olaryň ulanyş möhletiniň bireýýäm geçendigine garamazdan, şäher häkimligi bu meseläni hem çözmeýändigini belledi. Desgalaryň gurluşygyna hem-de ekologiýa kadalarynyň berjaý edilişine ýaramaz gözegçilik edilýär. Gurluşyk meýdançalarynyň gapdalynda materiallaryň we serişdeleriň galyndylary wagtynda aýrylmaýar. Bu bolsa, şäherde tozanyň döremegine getirýär. 

Milli Liderimiz şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçysyndan we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýerden ýollaryň bezelişine aýratyn üns bermegi, şäheriň täze köçelerinde degişli ýol belgilerini we maglumat beriji enjamlaryň ýeterlik bolmagyny üpjün etmegi talap etdi. 

Döwlet Baştutanymyz şäher häkimliginiň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýaramaz ýolbaşçylyk edýändigini, paýtagtyň ýubileýine talabalaýyk taýýarlyk görmeýändigine ýene bir gezek nägilelik bildirip, bu ugurda geçirilýän çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Geldinyýazowa, M.Mämmedowa, şeýle hem medeniýet ministri A.Şamyradowa ýüzlenip, şäherdäki medeni aň-bilim edaralarynyň we desgalarynyň ýagdaýyna göwnejaý gözegçilik edilmeýändigini, häzirki döwürde olaryň ýagdaýynyň öwerlik däldigini aýtdy. Seýilgähler talabalaýyk abadanlaşdyrylmaýar we bezelmeýär. Ýadygärliklere göwnejaý seredilmeýär.

Medeni aň-bilim edaralarynda, okuw mekdeplerinde şäheriň 140 ýyllyk   ýubileýine bagyşlanan çäreler ýeterlik geçirilmeýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem bu sene bilen bagly makalalar we taryhy materiallar örän az berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz sanlyja ýylda täze Aşgabady döretdik diýip belledi. Şäheriň keşbi tanalmaz ýaly özgerdi. Emma paýtagtyň taryhy geçen ýoly baradaky materiallar gazet-žurnallarda örän seýrek çap edilýär. Şoňa görä-de, şäheriň geçmişi, şu güni, geljegi baradaky materiallary, şeýle hem 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly  işleri ilata, aýratyn-da ýaş nesillere yzygiderli ýetirilmelidir we düşündirilmelidir.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşýan ýolbaşçylara ýüzlenip, agzalan bu kemçilikler üçin olaryň  ählisiniň şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda alnyp barylýan işlerde iň täze innowasion tehnologiýalary ulanmalydygyny, şonuň esasynda zerur bolan üpjünçilik ulgamlaryny döretmelidigini ýene-de bir gezek ýatladyp, şäheri ösdürmegiň meýilnamasynda şu aýdylanlaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. 

Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegine birnäçe aýyň galandygyny, bu ýubileýiň şäherlileriň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa, paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  

Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow