Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Çap edildi 12.02.2021
7395

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz ir bilen “Oguz han” köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. 

Milli Liderimiz ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri, döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berildi.

Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygyny belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim artdy, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly önümçilik görkezijileri gazanyldy. 

2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,8 göterim artdy. 

Geçen aýda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 178,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 83,1 göterim ýerine ýetirildi. 

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamanyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 105-siniň, 222,9 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. 

Milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Karary makullady we oňa gol çekip, wise-premýere şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hem-de işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynyň netijeleri boýunça döwlet býujetiniň girdejileri boýunça meýilnama 101 göterim, çykdajylary boýunça –99,9 göterim ýerine ýetirildi. 

Şeýle hem rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 121,4 göterim ýerine ýetirildi. 

2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna, döwlet býujetiniň girdejileri 1,8 esse, çykdajylar bolsa 83,1 göterim ýerine ýetirildi. 

Şu ýylyň ýanwarynda balans toparlarynyň 7 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 6 mejlisi geçirildi, hasabat döwründe döwlet emläginiň 13 desgasy hususylaşdyryldy. 

2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de 44,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. 

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda bellenilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda senagat pudaklarynda, 2019-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende ösüş gazanyldy, suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça 16,7 göterim, çalgy ýaglary boýunça 11,7 göterim, polietilen boýunça 83,5 göterim, demir önümleri boýunça 1,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 45,8 göterim ösüş gazanyldy. 

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit koksynyň öndürilişi boýunça 58,7 göterim, sement boýunça 28,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 6,8 göterim, şöhlat önümleri boýunça 2,2 göterim ösüş gazanylandygyny aýtdy. 

Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 6,8 göterim artdy. 

Oba hojalyk toplumynda şu ýylyň ýanwarynda öndürilen gök önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,9 göterim, etiň öndürilişi 2,6 göterim, süýdüň öndürilişi 3,7 göterim we ýumurtganyň öndürilişi 2 göterim köpeldi. 

Hasabat döwründe ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda hem üstünlikler gazanyldy. 

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, milli statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygynyň çäklerinde geçen ýylda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak we pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. 

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň bank edaralarynda degişli işler alnyp baryldy. 2021-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna, ykdysadyýetimiziň hojalyk subýektleriniň maliýe serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen karzlaryň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim artdy. 

Ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,6 göterim ýokarlandy. Ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,1 göterim köpeldi. Şunda 1824 taslama maliýeleşdirildi. 

Oba hojalygynda zähmet çekýän önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,5 göterim artdy.

Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ipoteka karzlarynyň berilmegi dowam etdi.

Pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, goýumlary çekmek, elektron düzümi netijeli herekete girizmek boýunça amala aşyrylan işler barada hem hasabat berildi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy –101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmekde 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmekde 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişinde 102,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmekde bolsa 116,7 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem “mawy ýangyjy” eksport etmegiň we özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary barada hasabat berildi. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasy 100,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 115,9 göterim, “mawy ýangyjyň” eksportynyň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň meýilnamasy 131,4 göterim ýerine ýetirildi. 

Şeýle hem nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylýan möçberi, buraw işleri hem-de 2D we 3D usullary arkaly seýsmiki barlaglaryň geçirilişi barada habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, merdana ata-babalarymyzyň eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmak üçin ähli tagallalary edip, döredip, gurup, taryhda öçmejek yz goýup, ýaşap geçendiklerini belledi. 

Biz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göteren beýik şahsyýetlerimize tüýs ýürekden guwanýarys. Şoňa görä-de, olaryň atlaryny ebedileşdirýäris. Merdana pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarys. Eziz Watanymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmak ugrunda ähli tagallalary edýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Şu maksatdan ugur alyp, jemgyýetimizi döredijilikli zähmet çekip, täze, belent sepgitlere ýetmäge, beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli gymmatlyklarymyza buýsanç, beýik ynsanperwerlik kadalary esasynda terbiýelemek maksady bilen, beýik şahsyýetlerimiziň hatyrasyny belentde tutup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Şol beýik şahsyýetleriň hatarynda Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, Bäşim Nuraly ýaly teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň wekillerini, Şükür bagşy, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly meşhur bagşy-sazandalary, A.Agabaýew, O.Ödäýew ýaly ýazyjy - şahyrlarymyzy, belli alymlarymyzy görkezmek bolar. Şeýle hem, biz ilatly ýerleriň, obalaryň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny dikeldýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisine Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ý.Kakaýew ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi. Örän uly tejribesi bolan halypady. Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag hem-de aragatnaşyk toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümlerinde 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi. 

Toplumyň 2021-nji ýylyň birinji aýynda önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 114,7 göterime barabar boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginde bu görkeziji 100,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 102,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentliginde hem degişli işler alnyp baryldy. 

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,6 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy bolsa 106,2 göterim berjaý edildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça işleriň ösüşi 106,8 göterime barabar boldy.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenilen resminama gol çekdi hem-de degişli düzümiň ösdürilmelidigini belläp, sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasy, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” kararyň taslamasy barada hasabat berdi. 

2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 118,4 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 122,5 göterime barabar boldy. 

Şu ýylyň birinji aýynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 131,6 göterim ýerine ýetirildi. 

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 102,4 göterime barabar boldy. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirilip, 120,6 göterim ösüş gazanyldy. 

Energetika ministrligi boýunça elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirilip, 106 göterim ösüş gazanyldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça meýilnama 127,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 112,9 göterime barabar boldy. 

Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 177,2 göterim ýerine ýetirilip, 148,6 göterim ösüş gazanyldy. 

Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,4 göterim berjaý edildi. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasyny, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän milli kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan täze Düzgünnamanyň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu möhüm resminamany ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz şu ýyl üçin niýetlenen gurluşyk maksatnamasynyň meselelerine degip geçip, onuň çäklerinde uly işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar. Bu bolsa, zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz içine alýar. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz gurluşygyň hiline aýratyn üns bermegi talap edip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek we mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak işinde sanly ulgama geçmek, häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek esasynda amala aşyrylmalydyr diýip, belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, onda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýer 5-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň söwda toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, pudagyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek hem-de girdejileri köpeltmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. 

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň mukdary şu ýylyň ýanwar aynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,2 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüşi 111,5 göterime barabar boldy. 

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 117,1 göterime, nah matalaryň önümçiligi 101,8 göterime, tikin we örme önümlerini öndürmek 123,2 göetrime, gön önümlerini öndürmek 105 göterime barabar boldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 106 göterim ýerine ýetirildi. 

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 24-si geçirilip, 2 müň 434 şertnama hasaba alyndy. 

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 116,8 göterime deň boldy. 

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi degişlilikde, 155,6 göterime we 101,3 göterime barabar boldy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy”we Türkmenistanda “Tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” taýýarlanyldy.

Geçen ýylda Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň 346-synyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. 3 doktorlyk we 14 kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, degişli alymlyk derejeleri berildi. 

Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 11-sine gatnaşyp, 12 altyn, 9 kümüş we 18 bürünç medallara mynasyp boldular.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda şu ugurlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. 

Şu ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylyk ugry boýunça işler dowam etdi. Teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IХ Türkmen-german forumy geçirildi. Russiýa Federasiýasynda öndürilen “Sputnik-V” hem-de “EpiWakKorona” waksinalary resmi bellige alyndy.

Şu ýylyň başyndan bäri teleköpri arkaly halkara guramalary we daşary ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleri bilen duşuşyklar geçirildi. “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreler guraldy. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe resminamalaryň taslamalaryny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Karara, 2021-nji ýylda aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň hem-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, olary degişli derejede ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada aýdyp, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygyny nazarda tutup, onuň üstünde işlemegi tabşyrdy. 

Bu saglygy goraýyş desgalary keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri açar. Şeýle hem Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini öwrenmäge, okuwlary hem-de ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezlerini hem gurmaly. Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we immunologiýa ýaly ugurlarda düýpli ylmy barlaglary geçirmek üçin şertler döredilmelidir. Şonuň ýaly-da, olarda endemiki keselleriň we onuň döremeginiň sebäplerini ylmy taýdan öwrenmek göz öňünde tutulmalydyr. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň mümkinçiligi, öňüni alyş çäreleri, etiologik çeşmeleriniň täsiri kesgitlenmelidir. Şeýle hem daşky şertler bilen baglylykda, barlaghana barlaglaryny geçirmegiň serişdeleri boýunça öwrenmek guralmalydyr. 

Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar biologiýa, wirusologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy babatda täze ylmy bilimleri almaga gönükdirilen düýpli ylmy-barlag işleri geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu meseleleri ýene-de bir gezek maslahatlaşyp, maksatnamanyň taslamasyny goşmaça işläp, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Geçen ýyl iri medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralar guraldy. 

Wideoaragatnaşyk ulgam boýunça dürli duşuşyklar geçirildi, halkara hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. 

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 108,9 göterim ýerine ýetirildi. 

Hasabat döwründe tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar giňden şöhlelendirildi, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň wakalaryna, milli däp-dessurlaryna bagyşlanan gepleşikler yzygiderli berildi. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. 

Garaşsyzlygyň şanly senesi hem-de türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynda resmi saparda boldy hem-de ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz onlaýn tertibinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň we forumlaryň birnäçesine gatnaşdy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary we daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Olaryň barşynda umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Wise-premýer, daşary işler ministri 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri barada hasabat berip, şu döwürde bolan wakalaryň ähmiýetini nygtady. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda telekörpi arkaly Akina-Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar –Akina we Serhetabat-Turgundy ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli gurlan dabara bar. Şu mynasybetli gesirilen dabaralara teleköpri arkaly Prezidentiler Gurbanguly Berdimuhamedow we Muhammad Aşraf Gani gatnaşdylar. 

Ýene-de bir möhüm waka Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy bilen baglanyşyklydyr. Däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar. 

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi. Şu mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabara geçirildi. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky”, “Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakyndaky”, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Kararlara gol çekip, wise-premýere, daşary işler ministrine olary ýerine ýetirmek, şol sanda meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleri barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 11-nji fewralynda deputatlar bilen geçiren duşuşygynda öňde goýan möhüm wezipeleri nazara alnyp zerur işler durmuşa geçirildi.

Mejlisiň dört maslahaty geçirildi. Jemi 102 resminama, şol sanda 57 kanun we milli parlamentiň kararlarynyň 45-si kabul edildi. 

Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy. Häzirki döwürde degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda täze hukuk resminamalary taýýarlanylýar. 

Mejlis Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň häkimlikleri, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, zerur bolan kadalaşdyryş-hukuk namalary, düzgünnamalar we usulyýet gollanmalary, saýlaw resminamalarynyň nusgalary, saýlaw toparlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlary, synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar taýýarlanyldy. 

Parlamentiň deputatlary we hünärmenleri ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, kanunçykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän wideoduşuşyklara hem-de maslahatlara gatnaşdylar.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we netijeli daşary syýasatynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň ähmiýetini, hereket edýän kanunlaryň mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, ykdysadyýeti ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýubileý ýylynda ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde Garaşsyz ýurdumyzyň geljekki ösüşini, onuň raýatlarynyň abadançylygyny üpjün edýän täze kanunlary kabul etmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Deputatlar jemgyýetçilik wakalarynyň jümmüşinde bolmalydyrlar, halkymyzyň oňyn çözgütlere we özgertmelere bolan isleglerini işjeň öwrenmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine söz berildi. 

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkiimi Ý.Gurbanow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy we şu ýyl üçin kesgitlenen wezipeler barada hasabat berdi. 

Soňra häkim şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen dowam etdi. 

Häkim şu günler welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede alnyp barylýandygyny, 2021-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we iş gurallaryny abatlamak işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Welaýatyň ýolbaşçysy şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hem hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, häkim häzir ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede alnyp barlyşy, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow geçen ýylda sebitde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Mundan başga-da, häkim welaýatda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Diýarymyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdýayň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda öňümizdäki ekişe taýýarlyk görmek boýunça işler ýokary depginde dowam etdirilýär. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Soňra häkim şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şu günler oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreler, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri batly depginde gyzgalaňly dowam edýär. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Şeýle hem häkim şu ýylyň ýanwar aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ak ekinlere ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça ekişine we beýleki ekinleriň ýaz ekişine taýýarlyk işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede dowam edýär. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, obasenagat toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça önümçiligiň ösüşiniň 104 göterime barabar bolandygy bellenildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirildi. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda tutuş obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,2 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,6 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 125,2 göterim ýerine ýetirildi. 

Şu günler pagtaçylar ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görýärler. Mallaryň baş sanyny köpeltmek hem-de ot-iýmler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, geçen ýylyň güýz möwsüminde ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 35 müň gektar meýdanda ot-iýmlik ekinler ekildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Karara, şeýle hem “2021-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky” Buýruga gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, Kiberhowpsuzyk boýunça döwlet toparynyň dört mejlisi geçirildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli goşunymyzyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, ähli düzümleriň ýokary söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek arkaly döwletimiziň goranyş kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň wezipelerine ünsi çekdi we Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hem-de halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň tutuşlyşgyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýete eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir. 

Milli Liderimiz bu düzümlerde ýaýbaňlandyrylan hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň taýýarlygyna hem-de degişli gulluklary we ýokary derejeli durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň möhümdigini belledi we Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de olara watansöýüjilik terbiýesini bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

“Türkmenistan --parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag, aragatnaşyk we elektrik energetikasy ulgamlaryndaky iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, birnäçe desgalary ulanmaga bermek boýunça meýilleşdirilen işleriň ählisi öz wagtynda tamamlandy. 

Çärjew etrabyndaky “Malaý” ýatagynda gaz gysyjy beket ulanylmaga berildi. 

Wise-premýer paýtagtymyzyň şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarynda dowam edýän gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi. 

Şanly senäniň hormatyna ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de milli binagärlik ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy, gurluşyk serişdeleriniň hili we üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyga öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz binagärlik taslamalaryny işläp taýýarlamaga ylmy çemeleşmäniň hem-de olaryň maýa goýum babatdaky bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. 

Milli Liderimiz baýramçylyk desgalarynyň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özegrtmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydygyny belläp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşyna we hiline gözegçiligi güýçlendirmegi, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.     

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýyl biziň üçin çylşyrymly we ýeňil bolmadyk ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikler gazanyldy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen ähli meýilnamalaryň diýen ýaly amala aşyrylandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan ähli çäreler geçirildi. Üýtgewsiz ýörelgeleri, Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy, parahatçylygy we demokratiýany özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işler dowam etdirildi. 

Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak – iki palataly Parlamenti döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri saklandy. Geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy. 

12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Puluň hümmetsizlenmegi bellenen çäklerde saklandy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary durnukly ösýär. 

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi. 

Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, bir million iki ýüz müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. 

Geçen ýyl meýdany 2 million inedördül metrden hem gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Netijede, müňlerçe maşgalalar, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar. 

Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy.

Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar diýip, milli Liderimiz belledi. Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy barha giňden ykrar edilýär. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmak işleri yzygiderli dowam edýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl üçin gowy býujet kabul edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýene-de ýokarlandyryldy. 

Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň we raýatlarymyzyň asuda durmuşynyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha pugtalanýar. 

Türkmenistan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalary bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda BMG, ÝHHG, ŞHG, GDA, Goşulyşmazlyk Hereketi we beýleki abraýly halkara guramalary bar. 

Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň öňe süren köp sanly başlangyçlaryna abraýly halkara guramalarynda düşünmek bilen garalýar we bu başlangyçlar uly goldaw tapýar. 

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam edýändigini belledi. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, umuman, geçen ýyl köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere beslendi we onuň taryhda hem-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynamly aýtsa bolar. Sebäbi 2020-nji ýylda ýurdumyzyň örän köp tebigy baýlyklary netijeli peýdalanyldy, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyny ulanmak we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi. 

Döwlet Baştutanymyz gazanylan ähli üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin bolandygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşyndaky her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini belledi. Şu ýyl üçin şygarymyzy “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. 

Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň ykdysady kuwwatlyklarynyň berkidilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.

Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakynda geçirilen ýörite iş maslahatlarynda 2020-nji ýylda ähli toplumlarda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça çäreler bellenildi. Ýolbaşçylaryň indiki wezipesi işleri gowulandyrmak üçin berlen tabşyryklary we bellenen çäreleri gysga wagtda ýerine ýetirmekden ybaratdyr. 

Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hemmeleriň güýç-gaýratyny gaýgyrman işlemekleriniň zerurdygyny aýtdy. 

Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys. 

Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipesi ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şanly seneleri, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmelidiris. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy. 

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde şanly seneler mynasybetli degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi we medeni maksatnama taýýarlanyp, onuň çäklerinde dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriň, aýdym-saz agşamlarynyň, çeper okaýyşlaryň, festiwallaryň we sergileriň guraljakdygyny habar berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. 

Döwlet Baştutanymyz bu seneleriň paýtagtymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeleýändigini belledi. Meýilleşdirilen çärelerde ýurdumyzyň, aýratyn-da, Aşgabat şäheriniň garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleri we şäher ilatynyň ajaýyp durmuşy öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen däp bolan bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemini jemländigini aýdyp, hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi. 

Bellenilişi ýaly, berlen maglumatlar, şeýle hem bilermenleriň seljermeleri esasynda, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde iň gowy etrap kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçirilen işlerde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alyndy.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýip yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilen işlere kanagatlanma bildirdi. Şeýlelikde, ýurdumyz we hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, uly üstünlik, mähriban halkymyza bolsa, abadançylyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow