Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Çap edildi 02.02.2021
3593

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara tasamalary durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de nebitiň bahasy hem üýtgäp dur. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebitiň bahasynyň aşak düşmegi sebäpli, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi.


Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberiniň ösüşini saklamak. pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi. 


Şunda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Ilki bilen Döwlet ministri—“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa söz berildi. 


Konserniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 


Habar berlişi ýaly, “mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, bar bolan guýularyň önüm berişini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. 


Hasabatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýerine ýetirilýän işler, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi. 


Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda işleri guramak boýunça käbir kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmak, känleriň önüm berijiligini artdyrmak, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleri döretmek babatda işleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, şolary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. 


Tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, sebitara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň ýokary gazananlaryna hem-de täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.


Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G. Baýgeldiýew nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň pudagyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek we önümçilige häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 


Nebitgaz ýataklarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de geljegi uly täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak we ýüze çykarmak, şolary özleşdirmek hem-de gazylyp alynýan çig malyň mukdaryny artdyrmak ugrunda ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işler döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kuwwatyny artdyrmak, onuň düzümlerine innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň netijeliligini hem-de

düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň depgininiň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. 


Ýurdumyzyň nebit senagaty öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmelidir. Bu Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu pudagyň öňünde durýan önümçilik wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň degişli düzümleriň maliýe-ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmaga bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna oňat täsirini ýetirjekdigini aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 


Soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy 

M. Rozyýew Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglaryny we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol işler nebitiň we gazyň, gazylyp alynýan mineral serişdeleriniň, agyz suwunyň täze ýataklaryny hem-de beýleki tebigy serişdeleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. 


Nebite, gaza we gaz kondensatyna geljegi bar bolan guýulary taýýarlamak maksady bilen, käbir meýdançalarda 2D we 3D geofiziki gözleg işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Ozal bar bolan maglumatlary täzeden seljermegiň netijesinde ýüze çykarylan känlerde hem-de meýdançalarda gözleg guýularyny burawlamak amala aşyrylýar. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. 


Döwlet Baştutanymyz geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem, nebitiň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga degişli ugurlarda işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy. 


Milli Liderimiz döwlet korporasiýasynyň işine häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary esasynda täzeçil usullary ornaşdyrmagyň pudagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, şu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 


Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D. Çişiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. 


TNGIZT-nyň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýsyklykda, nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky uzakmöhletleýin maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, uglewodorod çig malyny netijeli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli çäreler görülýär. 


Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy. 


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin toplumyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi. 


Milli Liderimiz öňde nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. 


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, şolaryň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, TNGIZT-niň ýolbaçysyna anyk tabşyryklary berdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Ş. Abdrahmanowa söz berdi. Rektor Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, amaly okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak we ýaşlara berilýän bilimiň derejesini ýokary halkara görkezijilerine laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 


Häzirki wagtda uniwersitetiň 2020-2021-nji okuw ýyly üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hünärmenler 23 ugur boýunça taýýarlanylýar hem-de bäş ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlary alnyp barylýar. Şu okuw ýylynda okuwa 1480 talyp, magistatura okuwyna bolsa 15 talyp kabul edildi. 


Şeýle hem rektor nebithimiýa we gazhimiýa senagaty üçin inžener-himiýa, standartlaşdyrmak, sertifikasiýalaşdyrmak, inžener-tehnologiýa, inžener-ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy barada habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Uniwersitetleriň Halkara bileleşiginiň agzasy Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ýörite sapaklary guramak, tejribe alyşmak işleriniň ýola goýlandygy we sanly ulgam arkaly tejribe sapaklarynyň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Bu ýokary okuw mekdebinde ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” girizildi. 


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowy çagyrdy hem-de wise-premýere we HNGU-nyň rektoryna ýüzlenip, ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini belledi. 


Döwlet Baştutanymyz uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. 


Hormatly Prezidentiimz nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirkizaman aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşdyrylmalydyr, olaryň taýýarlan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylmalydyr. 


Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribesinden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, mill hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara bilim edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan СNPС, Dragon Oil, Hyudai, LG, Lukoýl, ARETI we beýleki köpsanly abraýly kompaniýalarynyň okuw merkezlerini işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady. 


Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň nebigaz boýunça öňdabaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmakda, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça bilimleri alyşmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi. Şol birwagtyň özünde ýurdumyzyň talyplary, mugallymlary we ylmy işgärleri halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşmalydyrlar. 


Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi. 


Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 

M. Meredowa söz berdi. 


Wise-premýer nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary we halkara tejribesini ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 


Şunuň bilen bir hatarda, nebite hem-de gaza baý täze meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek barada öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. 


Wise-premýer nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan täze görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada-da hasabat berdi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudakda işleriň geçiriliş derejesine nägilelik bildirip, nebit çykarmagyň, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar boýunça çykarmagyň möçberiniň peselýändigini belläp, bu görkezijileri gowulandyrmak, nebitgaz guýularyny düýpli bejermek, durkuny täzelemek, şlaryň iş depginini ýokarlandyrmak işleriniň öz wagtynda geçirilmedidigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmak, nebitiň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň tassyklanylan ätiýaçlyklarynyň möçberini köpeltmek üçin zerur çäreleriň görülmedidigini nygtady. Nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatyna göni hem-de gytaklaýyn daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmedldir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümlerini we nebitgazhimiýa önümlerini ýerlemek üçin täze eksport ugurlaryny özleşdirmek, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň taslama kuwwatlygynyň önüm paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde gazylyp çykarylýan çig nebitiň möçberiniň hasabyna ulanylmalydygyny belledi. 


Şunuň bilen baglylykda, nebiti bazar nyrhlary boýunça satyn almak we ony ykdysady taýdan bähbitli şertlerde gaýtadan işlemek hem-de öndürilen nebit önümlerini eksporta iberip, ondan goşmaça girdeji almak meseleleri oňyn çözülmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iň döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hereket edýändigine, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamagyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, bu pudakda ýokary taýýarlykly hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini hem-de olary taýýrlamagyň derejesiniň pesdigini belläp, munuň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyna ünsi çekdi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini gazyp çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça çykdajylaryň hem-de önümiň özüne düşýän nyrhynyň artýandygyny belläp, bu görkezijileri peseltmek ugrunda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden talap etdi. 


Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ylmy-barlag, tebigy gaz instituty üçin ýokary tehnologiýaly barlaghanalar bolan häzirki zaman toplumynyň gurlandygyna garamazdan, nebitgaz pudagynda ylmy işleriň ýeterlik derejede geçirilmeýändigini belledi. 


Şeýle hem milli Liderimiz nebitgaz pudagynda halkara tejribesine esaslanyp, henize çenli harytlary, degişli işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça bäsleşikleri geçirmäge niýetlenen elektron görnüşli bäsleşik meýdançasynyň açylmaýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden berk talap etdi. 


Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunlasary G.Müşşikowa nebitgaz toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe bu toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljermäni dowam etdirmek barada tabşyryk berdi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň tutanýerli işlemelidiklerini aýtdy. Häzirki döwürde toplumyň bar bolan önümçilik kuwwatly netijeli peýdalanylmalydyr.


Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek zerurdyr. 


Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.


Şeýle hm döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän konserni boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin berk käýnç yglan etdi.


Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi. 


Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M. Rozyýewe hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D. Çişiýewe berk käýinç yglan etdi we degişli resminamalara gol çekdi. 


Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini köpugurly esasda ösdurmek we giňeltmek boýunça öňde durýan wezipelere iş maslahatyna gatnaşýan ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de şolary ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, önümçilikleriň doly kuwwatynda hem-de bökdençsiz işledilmegi üpjün edilmelidir. Şunda önümçiligi dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilmelidir.


Şeýle hem nebitgaz toplumyndaky edara-kärhanalarda çykdajylaryň düzümini seljermek we zerur bolmadyk çykdajylary aradan aýyrmak arkaly önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işlerine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr. 


Döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini nazarda tutup, kärhanalaryň önümçilik netijeliligi we girdejiligi artdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. 


Döwlet haryt-sig mal biržasynda eksport maksatly satylýan nebit önümleriniň bahalarynyň bäsleşik esasynda ýokary bolmagy gazanylmalydyr. “NAPEСO” milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň gerimini giňeldip, täze ýataklary özleşdirmek işlerine çekmelidir. 


Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegi gazanylmalydyr. Önümçiligiň üznüksizligini üpjün etmek üçin olaryň goşmaça himiki reaktiwler, ätiýaçlyk şaýlary bilen öz wagtynda üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy möhümdir. 


Döwlet Baştutanymyz öndürilýän önümleriň ýerlenilýän möçberini, hususan-da, erkin ýörgünli daşary ýurt puluna ýerlenilýän möçberini artdyrmak arkaly gelip gowuşýan maliýe serişdelerini köpeltmegi tabşyrdy. 


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz satyn alynýan import harytlarynyň, çig malyň bahalaryny düýpli seljermegi we olaryň sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmagy, ýangyç-energetika toplumy üçin harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy. 


Döwlet Baştutanymyz önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda, hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň tebigy gazy çykarmagynyň möçberiniň peselmeginiň sebäplerini seljermegi we bu depgini kadaly ýagdaýda saklamak üçin dessin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit çykarmakda döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanmak arkaly çykarylýan çig nebitiň mukdaryny ýokarlandyrmak, nebit çykarylýan guýulary abatlamak we durkuny täzelemek işlerini öz wagtynda geçirmek, çig nebitiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bökdençsiz ugradylmagyny gazanmak babatda anyk görkezmeleri berdi. 


Döwlet Baştutanymyz önümçilik ulgamlarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini gazanmagynyň zerurdygyny ýene bir ýola belläp, nebiti düýpli gaýtadan işlemegi üpjün edip, çykarylýan nebit we nebithimiýa önümleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durkuny täzeleýiş we düýpli abatlaýyş işleri öz wagtynda geçirilmelidir. 


Hormatly Prezidentimiz pudagyň serişde binýadyny berkitmek meseleleri barada aýdyp, geologiýa-gözleg, seýsmiki hem-de buraw işleriniň netijeliligini ýokarladyrmakda, tebigy gazyň, çig nebitiň we gaz kondensatynyň gorlaryny kesgitlemekde häzirki zaman tehnologiýalary, şol sanda 3D ölçegli usullaryň ulanylmalydygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulgamyň edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini tizleşdirmegi, täze ýataklaryň üstüni açmak we özleşdirmek boýunça zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet konsernleriniň we korporasiýanyň işinde ylmy-barlag institutlaryň alymlarynyň, ussat mugallymlaryň maslahatlaryndan netijeli peýdalanylmalydyr.


Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G. Müşşikowa ýüzlenip, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, algy-bergileri, daşary ýurt pulundaky bergilerini tükellemegi tabşyrdy. Çykdajylaryň düzümi, karzlaryň gaýtarlyşy, kuwwatlyklaryň ulanylyşy we iş depgininiň peselmeginiň sebäpleri jikme-jik seljerilip, bu meseleler gözegçilikde saklanylmalydyr. 


Nebitgaz toplumy bilen bilelikde, gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çeşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipleriň taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow