Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 02.02.2021
2207

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýurdumyzda we sebitde işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ganaşyjylaryň käbiri wideoaragatnaşyk hyzmatyndan peýdalandylar. 

Hususan-da, maslahata BMG-niň agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş maksatnamasynyň edaralarynyň, ÝUNISEF-iň, BSGG-niň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdürliginiň (AHÝKM), BMG-niň ilat gaznasynyň (ÝNFPA), BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (BÝKM), BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (NJM), BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Aziýa we Ýuwaş okean sebiti ü4çin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG), Zähmeti guramagyň halkara guramasynyň (ZGHG) we beýlekileriň 30-a golaýy gatnaşdylar. 

Şeýle hem duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. 

BMG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň baş ugry boulp durýar hem-de howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, gender deňliginiň, ekologiýa meseleleriniň hem-de migrantlaryň ukuklaryny goramagyň meselelerini öz içine alýar diýlip nygtaldy. 

Maslahatyň barşynda şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalary hem-de taslamalary netijeli durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça gol çekilen ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Olar resminamalaryň 44-sini özünde jemleýär. Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, azyk howpsuzlygy we ekologiýa bar.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy. Bilelikdäki işleriň netijelerine baha berildi. Halkara düzümleriniň wekilleri Türkmenistanyň bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işine ýokary baha berdiler. 

Duşuşyga gatnaşyjylar golaýda Aşgabatda başlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýyly geçirmegiň “Ýol kartasynda” bellenilen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar 2030-njy ýyla çenli Güntertibiniň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant goşar.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow