Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen tanyşdy
Çap edildi 01.02.2021
2445

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.

Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar. 

Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçin ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary ýakymlylyk ölçeglerine kybap gelýän harby lybaslaryň täze nusgalaryny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekip, şolary ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhümdigini aýratyn belledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylar üçin lybaslaryň nusgalaryny gözden geçirip, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwrebap harby lybaslaryň ýokary hilli, degişli aýratynlyklary bolan matalardan taýýarlanylmalydyr hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda howa şertlerine doly kybap gelmelidir. Bu olaryň niýetlenen maksadyny, gelşikliligini nazara almak bilen, harby egin-eşikleriň amatlylygyna degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň durmuşy we gulluk etmegi üçin ähli şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna olaryň öňünde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

Soňky habarlar
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow