Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 28.01.2021
3157

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sadyr Japarowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy köp asyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, döwletlerimiziň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň emele gelen ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny belledi. “Häzirki döwürde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklary giňeltmek üçin biziň döwletlerimiziň uly mümkinçilikleri bar. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze ýokary derejä çykarmak üçin geljekde hem ähli tagallalary etmäge taýýardyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirmek bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz jenap Sadyr Japarowa berk jan saglyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow