Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Geljekki saýlawlara milli synçylar bellige alyndy
Syýasy habarlar
Geljekki saýlawlara milli synçylar bellige alyndy
Çap edildi 25.01.2021
770

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda milli synçylar bellige alyndy, olar sol pursatdan başlap öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň gidişine syn ederler. Synçylara olaryň ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnama gowşuryldy. Ýurdumyzda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi. Milli parlament Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy, bu bolsa dünýä we milli demokratik ýörelgelere, ählumumy ykrar edilen ýörelgelere hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýär. Esasy Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek we iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen baglanşyklykda Konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlar toparlarynyň we dalaşgärleriň milli synçylary bellemäge haky bardyr. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan we raýatlar toparlaryndan synçylaryň 436-sy, şol sanda Ahal welaýaty boýunça – 61-si, Balkan welaýaty boýunça –88-si, Daşoguz welaýaty boýunça—80-si, Lebap welaýaty boýunça—83-si, Mary welaýaty boýunça – 92-si we Aşgabat şäheri boýunça –32-si bellenildi. Milli synçylar üçin guralan seminarlarda olar milli saýlaw kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler, wezipe borçlary we geljekki saýlawlary geçirmegiň düzgünleri bilen doly tanyşarlar. Saýlaw kodeksine laýyklykda, möwsüme syn edýän milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden güýje girýär we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar. Milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini üpjün edýär. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň degişli mejlislerine gatnaşarlar, saýlawlara taýýarlygyň barşyna we olaryň geçirilişine, Türkmenistanyň saýlaw kanunlarynyň berjaý edilişine syn ederler, ses bermäge gatnaşýanlaryň sanawlary bilen tanşarlar, ses bermek başlamazdan öň baryp, ses bermek üçin urnalaryň möhürlenişine, onuň gidişine, sesleriň sanalmagyna we saýlawlaryň jeminiň jemlenilmegine, şeýle hem saýlawlaryň netijeleriniň we umumy netijeleriň jemlenmegine gatnaşarlar. Mundan başga-da, olar möwsümiň guralyş derejesine baha bererler we ýurtda hereket edýän kanunlaryň berjaý edilişine syn ederler, saýlawlaryň erkin we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini üpjün ederler. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ygtybarly binýady bolan demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow