Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmdatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmdatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 27.01.2021
3199

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. YHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düpli derejede ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklary goşmak bilen goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamlaryny ösdürmekdäki işjeň orny munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň we YHG-niň Baş sekretary sebit ykdysady goşulyşmagyny çuňlaşdyrmakda giň hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Soňky habarlar
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow