Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 20.01.2021
3143

Şu gün BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn-duşuşygyň çäklerinde “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öň ýanynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda bu taslama gol çekilendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy ugruna laýyklykda, soňky ýyllarda halkara guramalary bilen ýola goýlan ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk milli statistika ulgamyny ösdürmekde hem uly orun eýeleýär. Halkara ölçeglerine laýyklykda, statistika usulyýetini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işiniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu bolsa seljermeleri deňeşdirmek üçin möhüm şertdir. 2021-2023-nji ýyllaryň dowamynda täze taslamanyň çäklerinde ýurdumyzyň maglumat-tehniki kuwwatyny has-da berkitmek boýunça bilelikdäki işleri geçirmek bellenildi, milli statistika –2008 usulyýetine geçmek, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny ölçemek üçin statistika hasabatlylygyny düzmek boýunça bilimleri artdyrmak babatda işler dowam etdiriler. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin dünýäniň gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlarynyň ähmiýetini nazara almak bilen, olary gazanmak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň durmuş derejesini gowulandyrmaga hem-de Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmaga gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle hem üç ýyllyk taslamanyň çäklerinde statistika işewürlik – belgisi boýunça programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler, onuň döredilmegi maglumatlary toplamak, işlemek we seljermek işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyna yzygiderli çemeleşmäge mümkinçilik berer.

***
Şu gün Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi, ol bu gaznanyň işgärler toparynyň Türkmenistana amala aşyrýan wirtual saparynyň çäklerinde guraldy. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşini üýtgeden koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) ýaramaz täsirine garamazdan, Türkmenistanyň halk hojalyk toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz wagtynda kabul eden çözütleri, öňüni alyş çäreleri netijesinde ozalky ýagdaýynda işleýär, bu bolsa beýleki döwletlere garanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýle bolmagyna köp babatda soňky ýyllarda işe girzilen iri, orta we kiçi kärhanalar ýardam edýär, olarda içerki sarp ediş üçin niýetlenen, daşary ýurtlara iberilýän dürli önümler öndürilýär, iş orunlarynyň müňlerçesi döredildi. Şol kärhanalar goşulan bahaly önümleriň öndürilmegini ugur edinýär, bu bolsa ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberiniň we ösüş depgininiň artmagynda öz beýanyny tapdy. Hususy telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde uly orun eýeleýär. Milli Liderimiziň başyny başlaýan, import we eksport önümleriniň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli amala aşyrylmagy eýýäm öz miwelerini berýär, bu bolsa jemi içerki önümde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Halkara pul gaznasynyň yzygiderli geçirýän seljermeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, özygtýarly Türkmenistanyň duş gelýän kynçylyklara garamazdan, saýlanyp alnan ugra ynamly eýerip, durmuş-ykdysady ösüş boýunça giň gerimli taslamalary üstünlikli amala aşyrýandygyny tassyklaýar.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow