Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýy barha artýar
Sport
Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýy barha artýar
Çap edildi 17.01.2021
28573

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda ildeşlerimiz dürli derejedäki sylaglara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar.

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Ozal netijeleri jemlenende nätakyklyga ýol berlen ýaryşlaryň jemleri boýunça türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Şonda şaýatlara mälim bolşy ýaly, Ýulduz altyn medala tarap ynamly gadam urupdy. Şonuň üçin eminleriň çözgüdi türgen gyzymyzy we janköýerleri örän gynandyrdy. Emma adalatlylyk diýseň-diýmeseň dabaralandy.

Ýaňy-ýakynda bolsa 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seretmegiň hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda türgen gyzymyza altyn medalyň gowşurylýandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, türgenimiz itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilişi ýaly, türkmen türgeniniň mynasyp bolan sylagy oňa şu ýyl geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşurylar. Şeýle hem bu hatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşini hem-de, umuman, sporty ösdürmäge, Olimpiýa hereketini wagyz etmäge goşýan goşandy barada aýdylýar.

Biziň türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň milli Liderimiziň başlangyjy we gös-göni gatnaşmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek boýunça geçirýän giň gerimli işleriniň netijesidir. Bu işe uzakmöhletli döwlet maksatnamasynyň guramaçylykly häsiýeti çaýyldy.

Şunuň ýaly ajaýyp üstünlikleri gazanmagyň aňyrsynda şol bir wagtyň özünde türkmen agyr atletika mekdebiniň milli ýörelgeleriniň durandygyny hem bellemek gerek. Bu barada agzalanda türkmen sportunyň taryhynda ýitmejek uly yz galdyran ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewiň gazanan üstünliklerini mysal getirmek bolar.

Agyr atletika boýunça at gazanan sport ussady dünýäniň hem-de Ýewropanyň 3 gezek çempiony, Aziýanyň we Aziýa oýunlarynyň çempiony boldy. Milli hem-de halkara sport hereketiniň ösüşine onuň goşan goşandy örän uludyr. Häzir agyr atletika boýunça türkmen türgeniniň üstünlikleri halkara derejesinde ykrar edildi. Altymyrat Orazdurdyýewiň ajaýyp üstünlikleri bolsa ýurdumyzda sportuň bu meşhur görnüşini saýlap alýan ýaşlary agyr atletika sporty bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Şu günler Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň täze Meýilnamasynyň güýje girmeginiň hem özboluşly manysy bar.

Agyr atletikaçy gyzymyzyň gazanan üstünligi ýurdumyzda gender syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Çünki ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde zenanlaryň dürli ugurlarda işlemegi, ukyp-başarnyklarynyň açylmagy, şol sanda däbe görä, ozal erkekleriň sporty hasaplanan agyr atletika bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi.

Halkara derejeli türgenleri taýýarlamak Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň, beýleki döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary görkezijiler sportunyň hukuk taýdan goldanylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Ony “Professional sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynda daşary ýurtly hünärmenleri işe çagyrmak meseleleri hakynda Karary üpjün edýärler. 2020-nji ýylyň sentýabrynda “Bedenterbiýe we sport hakynda” täze Kanun güýje girdi.

Sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, ulgamyň düzümine ylmyň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Diňe Diýarymyzyň şäherlerinde däl-de, eýsem, obalarda hem dünýä ölçeglerine kybap gelýän köpugurly stadionlar we sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryna laýyklykda, düzümine sport zallary, futbol, basketbol we woleýbol meýdançalary, howuzlar, tennis meýdançalary girýän bilim hem-de mekdebe çenli edaralary gurmak hökmany şert bolup, bu ýurdumyzda sportuň esasyny düzýär.

Paýtagtymyzyň bezegine we buýsanjymyza öwrülen Olimpiýa şäherjiginiň bolsa sebitde deňi-taýy ýokdur. Toplumyň ähli desgalary özboluşly bezeg keşbi bilen tapawutlanýar, onuň esasy nyşany – baş meýdanyň depesinde seleňläp görünýän bedewiň çeper—monumental keşbi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Golf-kluby, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly döwrebap sport toplumlary, awtodromlar, ýaht-klublar, fitnes-merkezler, beýleki ugurdaş desgalar iň gowy dünýä nusgalary esasynda guruldy.

Geçen ýyl paýtagtymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleriniň fakultetiniň binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berilýär. Munuň özi türkmen sportunyň abraýyny ýokary derejä çykarmaga, sport okuw-terbiýeçilik işini hem-de dürli ugurlar boýunça milli halypaçylyk mekdebini ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bularyň hemmesi täze zehinleri ýüze çykarmaga we geljekki olimpiýaçylary ýetişdirmäge ýardam edýär.

Halkara Olimpiýa komiteti hem-de Sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanda sportuň ençeme görnüşleri, şol sanda awtomobil, suwdaky görnüşleri, hokkeý we buzda typmak, kerling, bouling, bilýard ýaly ýurdumyz üçin täze görnüşleri ösdürilýär.

Milli atçylyk sportuny dünýä giňişligine çykarmak üçin hem uly işler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli atçylyk pudagy täze belentlige çykdy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, türkmen atçylyk mekdebini ilerletmek boýunça düýpli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamany kabul etmegi hem sporty ösdürmekde, olimpiýa gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde ýurdumyzyň üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň türgenlerimiziň Bütindünýä sport hereketine gatnaşmagy giňelýär. Türkmenistanyň ýokary derejeli sport ýaryşlaryny guraýjy ýurtlarynyň hataryna girmegi has-da bellärliklidir.

Muňa bolsa, elbetde, 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary aýdyň mysalydyr. Bu hatarda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen “Ýüpek ýoly-2009” ýaryşyny, “Amul-Hazar” halkara awtorallisini hem-de agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny görkezmek bolar.

Şu ýyl ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de Dewisiň Kubogy ugrunda ýaryşyň saýlama tapgyryny, 2022-nji ýylda bolsa, sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär.

Bu forumlaryň guralmagy ylalaşdyryjylyk syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi bilen baglylykda Türkmenistanyň sport diplomatiýasyny amala aşyrmak babatda hem nusga alarlykdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport-bu diňe üstünlikler we medallar däl-de, eýsem, kuwwatly durmuş, birleşdiriji güýç bolup, medeniýet, ykdysadyýet, diplomatiýa bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde, bedenterbiýe-sagaldyş we ýokary görkezijiler sporty babatda amala aşyrylýan işler döwletimiziň hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde saglygyň we sportuň gymmatlygyna aýdyň hem-de anyk düşünýän jemgyýetimiziň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagynyň aýdyň mysalydyr.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow