Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary takyk dersler boýunça halkara ders bäsleşigine gatnaşdylar
Jemgyýet
Ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary takyk dersler boýunça halkara ders bäsleşigine gatnaşdylar
Çap edildi 08.01.2021
9444

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň topary 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan fizika, matematika we informatika dersleri boýunça badalga alan halkara ders bäsleşigine gatnaşýar. Onda dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler. Türkmenistanyň toparyna Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli we takyk derslerde çuňňur düşünjeler bilen tapawutlanýan ýokary synp okuwçylarynyň 10-sy wekilçilik edýär. Biziň toparymyzyň agzalarynyň belleýşi ýaly, köp sanly bäsdeşler bilen bilelikde halkara ders bäsleşigine gatnaşmak öz başarnygyňy has aýdyň ýüze çykarmaga, halkara derejede özüňi hem-de ukyplaryňy mynasyp görkezmek üçin ähli yhlasyňy gaýgyrman işlemäge, iň gowulardan gowusy bolmaga we elbetde, öz Watanyň abraýy üçin üstünlikli çykyş etmäge itergi berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň baş maksady ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini doly derejede ulanyp bilmekleri üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda matematika mekdebiniň däpleriniň kemala gelendigini bellemek gerek. Dürli ugurlar boýunça abraýly ders bäsleşiklerinde türkmen mekdep okuwçylarynyň gazanýan ýeňişleri bilim ulgamynda täzeçil özgertmeleriň aýdyň netijeleridir. Häzirki akyl-paýhas bäsleşigi iki tapgyrda geçirilýär hem-de abraýly eminler tarapyndan baha berilýär. Bäsleşik oňa gatnaşyjylara mundan beýläk-de ösmek we takyk ylymlara bolan ukyplaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik berýär. Ders bäsleşigi 12-nji ýanwara çenli dowam eder, ol tamamlanandan soň ýeňijileriň atlary yglan ediler.

Soňky habarlar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow