Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 11.12.2020
1093

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***
Beýik ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýerip, ýagşylyk etmek, rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen daşary ýurt raýatlary mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
***
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem “Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.
***
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem “Migrasiýa hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Daşary işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna, beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak barada ýüz tutan, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow